22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda Bütindünýä Miras Güni Bellenildi

Bu şanly sene ÝUNESKO-nyň ýanynda döredilen ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak meseleleri boýunça Halkara geňeşiniň Assambleýasy tarapyndan bütindünýä medeni mirasy gorap saklamagyň meselelerine jemgyýetiň ünsüni çekmek maksady bilen 1983-nji ýyldan bäri bellenýär. Şol döwürden bäri her ýylyň 18-nji aprelinde ÝUNESKO agza ýurtlarda baýramçylyk çäreleri, maslahatlar, mekdep okuwçylary we talyplar üçin açyk asmanyň astyndaky muzeýler boýunça tanyşlyk saparlary geçirilýär. 

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň hemmesinde bolup geçen ýygnanyşyklarda milli medeni gazananlarymyzy gorap saklamakda we ösdürmekde, bu ulgamyň hünärmenleriniň öňünde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin hukuk binýadyny döretmekde milli Liderimiziň durmuşa geçiren örän ähmiýeti işleri nygtaldy. 



Muňa mysal hökmünde 2012-nji ýylda kabul edilen “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip düzülen hem-de aýratyn goralýan çäkleri döretmegiň we saklamagyň düzgünlerini kesgitleýän “Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik zolaklary we çeper ýadygärlikleri, tebigy desgalary goramagyň tertibini” getirmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda gol çekilen “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda” Karary bu babatda nobatdaky möhüm ädim boldy. 



Ýygnanyşyklarda çykyş eden ulgamyň işgärleri döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň gadymy medeniýetiniň hem-de gurluşyk däpleriniň bahasyna ýetip bolmajak maddy subutnamalaryny has düýpli öwrenmek, abatlamak we wagyz etmek boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmäge möhüm üns berýändigi hakynda aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Aşgabadyň eteginde ýerleşen ajaýyp arheologiki ýadygärlik bolan Paryzdepe ýadygärligine baryp görendigi bellenildi. Mundan bir aý ozal bu ajaýyp ýadygärligiň ýerleşen ýeriniň bag ekmegiň ýazky möwsüminiň çäklerinde ählihalk ýowarynyň geçirilen ýerine öwrülmegi ýöne ýerden däldir. Has öňräk, şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň öňünde bu taryhy ýadygärligi düýpli öwrenmek barada anyk wezipeler goýdy. Şondan iki aý geçenden soň hormatly Prezidentimiz türkmen arheologlarynyň, taryhçylarynyň we rejeleýji binagärleriniň bilelikdäki işleriniň ilkinji netijeleri bilen tanyşmak üçin ýene-de Paryzdepä geldi. 



Dürli ugurly hünärmenleriň bu we beýleki taryhy ýadygärliklerdäki işlerini utgaşdyrmak Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döwlet taryhy-medeni goraghanalary öz garamagynda saklaýan degişli dolandyryş edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde şeýle goraghanalaryň 8-si bar. Olar has ähmiýetli arheologiki we binagärlik ýadygärlikleriň köp bolan ýerlerinde döredildi. Şolaryň üçüsi — Gadymy Merw, (1999-njy ýylda), Köneürgenç (2005-nji ýylda) we Nusaý galasy (2007-nji ýylda) taryhy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 

Goraghanalaryň işgärleri döwlet tarapyndan hasaba alnan taryhy-medeni ýadygärlikleriň 1387-siniň ýagdaýyna gündelik alada edýärler. Bu ýadygärlikleriň köpüsi uzaklarda çöl içinde, gadymy kerwen ýollarynda ýa-da mundan ençeme asyr ozal terk edilen şäherlerde ýerleşýär. Heniz näbelli we hasaba alynmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça işler dowam etdirilýär. Öz çäklerinde arheologiýa ýadygärlikleri ýa-da gadymy binalar ýerleşýän guramalar bilen gorag boýunça borçnamalar baglaşylýar. 



Her ýyl goraghanalara ýüzlerçe daşary ýurtly syýahatçylar gelýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda maksadalaýyk amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Iňňän uly taryhy-medeni baýlyklary bolan ýurdumyza içgin gyzyklanma daşary ýurtly syýahatçylary bu ýere çekýär. 

Köpetdagyň eteginde ýerleşen, müňlerçe ýyl ýaşy bolan Änew, Altyndepe, Ýylgynlydepe, Ulugdepe, Akdepe ýaly dünýä meşhur ýadygärlikler diňe bir syýahatçylyk boýunça däl-de, ylmy babatda hem uly gyzyklanma döredýär. Murgap derýasynyň gadymy akabasyndaky Goňurdepe, Ajyguýy, Togalakdepe we bürünç eýýamyň ýene birnäçe ýadygärlikleri hem şeýle uly meşhurlyga eýedir. Aşgabadyň günbatar eteginde ýerleşen Köne we Täze Nusaý, Sarahs sebitlerindäki, Hazar ýakasyndaky Misriýan düzlügindäki, Amyderýanyň kenaryndaky we onuň Sarygamyş akabasyndaky, Uzboýdaky gadymy ilatly ýerler uzak ýyllaryň dowamynda arheologlar tarapyndan öwrenildi. Ýöne olaryň ähli syrlary häli-häzire çenli açylanok hem-de geljekdäki bu açyşlar ylmy barlagçylaryň täze nesillerine garaşýar. 

Häzirki wagtda goraghanalaryň işgärleri wagtyň täsiri netijesinde ýagdaýy has ýaramazlaşýan gadymy binalary goramak üçin dürli çäreleri amala aşyrýarlar. Olar gadymy usullar we ölçegler boýunça abatlaýyş serişdelerini taýýarlaýarlar, maddy we ruhy durmuşy ösen şäherleriň we etrap merkezleriniň taryhy zolaklarynda şähergurluşygynyň meselelerini çözmäge gatnaşýarlar. 



Umuman, ýurdumyzyň ýadygärliklerinde geçirilýän işleri üç ugra — arheologiki, abatlaýyş-durkuny saklaýyş we gorag-barlag ugurlaryna bölmek mümkin. Olaryň arasynda arheologiýa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn üns berilmegi netijesinde iň bir meşhur pudak bolup durýar. Arheologlaryň işleriniň netijeleri ylmy we döwürleýin neşirlerde yzygiderli çap edilýär. Dorgudanam, diňe soňky onýyllykda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň maddy medeniýetini öwrenmeklige uly goşant goşan hem-de Gadymy Gündogaryň taryhyna täze sahypalar ýazan birnäçe ajaýyp arheologik açyşlar edildi. 

Arheologiki gazuw-agtaryşlar ýadygärlige “ikinji ömür” berýär. Onda tapylan tapyndylar bolsa, halkyň we tutuş dünýäniň bahasyna ýetip bolmajak medeni gazananlary hökmünde ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni doldurýar. Ýöne gazuw-agtaryş işleri ýadygärligiň durkuny saklamak boýunça degişli çäreler bilen bilelikde alnyp barylmasa, onda ol ýadygärlige öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirer. Esasan-da, bu ylmy barlagçylar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy binalaryň pagsa we çig kerpiçden gurlan diwarlary bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda bu ugurda birnäçe işler edildi hem-de oňat netijeler gazanyldy. 



Hususan-da, çig kerpiçden salnan diwarlaryň durkuny saklamagyň, halkara tejribesi we hünärmenleriň gözegçiligi netijesinde öňe sürülýän üç dürli görnüşi synag edildi. Bişen kerpiçden gurlup, ilkibaşdaky görnüşini we bezegini saklan binagärlik ýadygärlikleri barada aýdanymyzda bolsa, bu taryhy ýadygärliklerde durkuny saklamak-abatlamak işleri ÝUNESKO-nyň degişli konwensiýasynda görkezilen ylmy ugurlara pugta laýyklykda geçirilýär. Şu ýyl Gadymy Merwde Ashablaryň aramgähi, Amyderýanyň kenaryndaky Daýahatyn kerwensaraýy, Görogly etrabyndaky Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumy ýaly belli ýadygärlikleriň abatlaýyş işleri tamamlanyp, beýleki ýadygärliklerdäki işler dowam etdiriler. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň golaýda geçen mejlisleriniň birinde geljek ýyl V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe biziň ýurdumyza köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň geljekdigini hem-de olaryň türkmen topragynyň gadymy eýýamlarynyň ajaýyp binagärlik we arheologiki mirasy bilen tanyşmagy üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi. Milli Liderimiz medeni-öwreniş syýahatçylygy ösdürmek üçin bu baýlyklary goramaga aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň golaýynda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň töweregindäki meýdanlary abadanlaşdyrmak işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ilki bilen Nusaý we Änew ýadygärlikleri, şeýle hem Paryzdepe bolup durýar. Bu ýerlerde ýol abatlaýyş we töweregi bag-bossanlyga öwürmek boýunça zerur çäreler geçirildi. 

Degişli makalalar

Gutlag

syrach

GDA Ýurtlarynyň Birnäçesiniň Baştutanlary Hormatly Prezidentimizi Ýeňiş Güni Bilen Gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy