24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň we Russiýanyň At Gazanan Tälimçisi Ýuriý Ambarsumow „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Myhmany

Türkmenistanyň we Russiýanyň At Gazanan Tälimçisi Ýuriý Ambarsumow „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Myhmany

Köpýyllap tälimçi bolup işlän döwri Ýuriý Sergeýewiç Ambarsumow sambo hem dzýudo boýunça Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony we halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleriň ençemesini ýetişdirdi. Onuň hyzmatlaryna baha berlip, ol „Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi“ diýen ada mynasyp boldy.

Onuň şägirtleriniň köpüsi halypa ýoluny dowam edip, şeýle hormatly ada mynasyp boldular. Olardan Omar Muhammetnazarowy, doganlar Mirdury we Dörtguly Tejenowlary we beýleki zehinli halypalry görkezmek bolar. Häzir Ýuriý Sergeýewiç Moskwa oblastynyň Lýubnýa şäherinde ýaşaýar we sambo hem-de dzýudo boýunça tälimçi bolup işleýär. Ondan tälim alan Şamil Abdulaýew, uýalar Wera we Lýubow Makarçewalar RF-niň çempionatlarynda ýeňiş gazandylar. 2008-nji ýylda Ýuriý Ambarsumowa Russiýanyň at gazanan tälimçisi diýen at dakyldy.

Tanymal halypa öz ýurdy bilen gatnaşygyny goýmaýar, her ýyl dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we şägirtleriniň ýaşaýan ýeri bolan, ýüregine ýakyn Aşgabada gelip gidýär. Olaryň biri –dzýudo boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Omar Muhammetnazarowdyr. Ýuriý Sergeýewiç öz şägirtleriniň üstünligine guwanýar. Şonuň üçinem sambo we jiu-jitsu boýunça „Aşgabat 2017“ Oýunlarynda baýrakly orunlar ugrunda göreşjek türkmen türgenlerine janköýerlik etmek üçin bu ýere geldi.

Jiu-jitsu boýunça zenanlaryň arasyndaky bäsleşiklerde Omar Muhammetnazarowyň şägirtleriniň dördüsi: ýaşlaryň arasyndaky şu ýylky dünýä çempionatynda bürünç baýragy eýelän, sport ussatlygyna dalaşgär Gülbahar Mätreýmowa, sport ussady, geçen ýylky Aziýa kenarýaka oýunlarynda kümüş baýragyň eýesi Ulýana Nazarowa, sport ussatlygyna dalaşgär, 2017-nji ýyldaky ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaynda kümüş medala mynasyp bolan Angelina Filippowa we halkara derejeli sport ussady, 2016-njy ýyldaky Aziýa çempionatynyň çempiony Wioletta Krowýakowa dagy çykyş ederler. Angelina bilen Wioletta ozal dzýudo hem-de sambo boýunça Türkmenistanyň, Aziýanyň we beýleki halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan we baýrakly orunlary eýelän Margarita Filippowanyň uýalarydyr. Omar Muhammetnazarowyň beýleki bir şägirdi 19 ýaşly Solmaz Bozaganowa Ýapyk binalrda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda erkin göreş boýunça ýaryşda çykyş eder.

Türgenleşiklerde esasan ýokary netije gazanmaga ymtylmaly–diýip Türkmenistanyň we Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýuriý Ambarsumow aýdýar.—Türgen öz üstünliklerinem, güýçli we ejiz taraplarynam seljermegi başarmalydyr. Tälimçiniň wezipesi—türgeni beden, taktiki-tilsim kämillige, psihologik taýdan rüstemlige, üýtgeşik tilsimleri gözlemäge we paýhas taýdan rüstemlige, başa-baş söweşiň filosofiýasyna düşünmäge höweslendirmekdir.

Degişli makalalar

Sport Biraýlygynyň Çäklerinde

syrach

Aşgabat 2017-Oýunlaryň Resmi Keşbi

turkmenhabargullugy

Futzal Boýunça Türkmenistanyň Ilkinji Naýbaşy Kubogy «Köpetdagda»