24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda Hazar Deňzi Boýunça Sebit Okuw Maslahaty Geçýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guran «Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş» atly sebit okuw maslahaty işini dowam edýär.

Ozal habar berlişi ýaly, on günlik okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri hem-de olaryň türkmen kärdeşleri—Daşary işler ministrliginiň, Nebit-gaz senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Deňiz we derýa ýollary döwlet gullugynyň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Girometeorologiýa baradaky milli komitetiň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenibaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy 2012-nji ýyldan bäri Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýurdumyzda dördünji gezek geçirilýän okuw maslahatyň esasy maksady işleri Hazar deňzi bilen baglanyşykly hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Okuw sapaklaryny BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri—ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparyna (IOC UNESKO), Halkara deňiz guramasyna (IMO), BMG-nyň ösüş maksatnamasyna, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň howandarlygynda hereket edýän Deňiz hukuklarynyň halkara institutyna we Hazaryň ekologiýa maksatnamasyna wekilçilik edýän daşary ýurtly hem-de ýurdumyzyň bilermenleri geçirýärler. 

IOI-niň okuw sapaklarynyň müdiri, IOC UNESKO-nyň maslahatçysy, geografiýa ylymlarynyň doktory Ýuriý Olýuniniň Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren interwýusynda belleýşi ýaly, bu okuw maslahatyň maksatnamasy Hazaryň ykdysadyýetine we ekologiýasyna degişli, şol sanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýsynyň çäklerinde, geçen ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçen durnukly ösüş boýunça BMG-nyň Sammitinde kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwürde ösüş boýunça gün teribini» amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. 

Hususanda, «Ummanlary dolandyrmagyň gurluş düzümi»  mowzugyna jikme-jik garalyp geçildi. Onuň çäklerinde diňleýjiler, adamzadyň umumy mirasy—Dünýä ummanynyň konsepsiýasy, deňiz hukuklary barada BMG-nyň Konwensiýasy, saýlap almak mümkinçilikli dünýä ykdysadyýetini, onuň ykdysady, durmuş we ekologiýa böleklerini nazara almak bilen emele getirmegiň esasy ýörelgeleri, şeýle hem müňýyllygyň ösüş maksatlary, BMG-nyň 2012-nji ýylda Rio-de Žaneýroda (Braziliýa) geçen durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynyň, durnukly ösüş meseleleri boýunça Bütindünýä Sammitiň  jemleýji maglumatlary we beýlekiler bilen tanyşdylar.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan batly depginler bilen ösüşiň görelde alarlyk nusgasy bolup durýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen Bütindünýä Bankyň we beýleki abraýly guramalaryň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça ýurdumyz dünýäde dördünji orny eýeledi. Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ykdysadyýeti  ýakyn ýyllarda dünýä derejesinde öňdäki orunlary özünde saklar. Bu çaklama daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek nukdaýnazaryndan hem iňňän wajypdyr. 

Uglewodorod serişdeleriniň deňiz ýataklarynyň özleşdirilmegi, nebiti we gazy gaýtadan işleýiş ulgamynyň, balyk we ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýän Hazar deňziniň kenarýakasynyň türkmen bölegi ýokarda aýdylanlary aýdyň görkezýär. Mysal üçin, täze önümçilik enjamlarynyň işe girizilmegi, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hebit-himiýa önümleriniň goýberilişiniň möçberini ýokarlandyrýar. Hazar deňzinde ýapon we koreý kompaniýalary bilen bilelikde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gaz-himiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýene bir maýa goýum taslamasy— karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy Garabogaz aýlagynyň sebitlerinde alnyp barylýar. Bu zawodyň işe girizilmegi tebigy baýlyklary toplumlaýyn özleşdirmekde, gazy gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda möhüm ädim bolar. 

Ýedi sany kuwwatly nebit guýujy tankerler, ýolagçy gatnatmaga, ýük awtomobillerini we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenen iki sany «RO-RAX» kysymly döwrebap paromlar, şeýle hem balyk doňduryjy we tirkeg gämileri bilen hatary doldurylan milli söwda floty diýseň okgunly depgin bilen ösýär.
Türkmenbaşy şäherinde gurulýan täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynda diňe geçen ýylyň dowamynda edilen ägirt uly işler haýran galdyrýar. Bu ýerde deňiz, awtomobil, demir we howa ýollaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýan ýük akymlaryny sazlaşdyryp biljek esasy logistik merkez döredilýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda, Hazarýaka ýurtlaryň, şeýle hem ýewraziýa giňişliginiň döwletara gatnaşyklaryny netijeli ösdürmäge ýardam berýän iri halkara ulag-üstaşyr geçiriji merkez hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar we giňeldýär.

Şeýle hem, port infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilip, awtomobil-ýolagçy, konteýner, ýük ýükleýji we düşüriji, polipropilen terminallarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny nazarda tutýan taslama «Ýaşyl port» (Greenport) halkara ülňilerine laýyk edilip, ýagny ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen işlenip düzüldi.

Bular bilen bir hatarda syýahatçylyk pudagyna hem iri maýa goýumlary goýulýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Hazar deňziniň türkmen kenaryny täzeçil infrastrukturaly döwrebap şypahana zolagyna öwürmek bilen çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu ýerde hyzmatlaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýän ajaýyp myhmanhanalar we köp ugurly dynç alyş merkezleri dikeldildi. Adamlaryň saglygyny berkitmekleri üçin zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen sport  toplumlarynyň gurluşygyna, şeýle hem deňiz şypahanasyny bag-bossanlyga öwürmäge, seýilgähleri döretmäge uly ähmiýet berilýär.

Daşky gurşawy goramak we tebigyaty rejeli peýdalanmak Hazar sebitiniň döwletleriniň hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlendi. Maksatnamasyna «Köptaraplaýyn diplomatiýa we gatnaşyk etmegiň endikleri», «Hazar deňziniň nebit we gaz serişdelerini agtarmak we ulanmak babatda halkara hukugyň peýdalanylyşy», «Hazar deňzinde gämiçiligiň halkara düzgünleşdirilmegi», «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny we balyk gorlaryny gorap saklamak üçin halkara hukugyň, düzümleriň we edaralaryň peýdalanylmagy», «Deňiz ekoulgamlary we durnukly ösüş», «Deňiz bioköpdürlüligi», «Daşky gurşawa täsir edilmelere baha berilişi», «Käbir deňiz baýlyklaryny döwrebap dolandyrmagy ulanmak tejribesini öwrenmek: täzeden dikelýän energiýa çeşmeleri, akwakultura»  we beýlekiler ýaly mowzuklar boýunça amaly we umumy sapaklar girizilen okuw maslahatynda bu meselelere uly üns berildi. 
 
Biologiki köpdürlilik barada, çölleşmäge garşy göreş boýunça, howanyň üýtgemegi barada, ozon gatlagyny goramak barada, serhetýaka suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak boýunça BMG-nyň tebigaty goraýyş konwensiýalaryny tassyklamak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmek üçin anyk işleri durmuşa geçirýär. Suw, ýer we biologiýa baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, biologiki köpdürliligi we tebigy landşafty saklamak, çölleşmäge we tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilaty ekologiýa taýdan aň-bilim bermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän «Tebigaty goramak barada», « Aýratyn goralýan  tebigy çäkler barada», «Ozon gatlagyny goramak barada», «Balykçylyk we suw biologiýa baýlyklaryny gorap saklamak barada», «Ösümlik dünýäsi barada», «Haýwanat dünýäsi barada» we beýleki kanunlar kabul edildi. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa» we «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa  howswuzlygyny pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary dünyä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Hususan-da, gürrüň Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle hem türkmen Lideriniň Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn –  hukuk binýadyny kemala getirmek, şol sanda söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipleri barada barýar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça möhüm halkara resminamalary işlenilip taýýarlanyldy, olaryň hatarynda Hazar deňziniň suw we biologiýa serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk we Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk bar. Türkmen tarapy şeýle hem Hazar deňziniň gidrometereologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň gutarnykly görnüşini ylalaşmaga işjeň ýardam berdi. 

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda daşkay gurşawy goramak ulgamynda iri halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Aýratyn bölüm bu meselä bagyşlanyldy, onda Türkmenistanda Ählumumy ekologiýa gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamaswy hem-de Bütindunýä banky bilen bilelikde amala aşyrylýan Ählumumy ekologiýa gaznasynyň we tasamalaryň işi içgin beýan edildi. Bu taslamalaryň hatarynda – “Türkmenistan: howanyň üýtgemegi hakynda BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasy boýunça üçünji milli maglumatyny taýýarlamak”, “Hazar deňzi: balyk gorlaryny dikeltmek we “Kaspeko” sebitleýin hemişelik tebigaty goraýyş düzüminiň döredilmegi”, “Türkmenistanda howa töwekgelçiliklerini dolandyrmak”, “Milli we ýerli derejelerde Türkmenistanyň fermer hojalyklary ulgamynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere garşy durmak”, “Suw serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmak üçin energiýa netijeliligi we dikeldilýän energiýa çeşmeleri” hem-de beýlekiler bar. 

Tutuşlygyna alnanda, bularyň ählisi örän uly ylmy we tejribe ähmiýetine eýedir, özara tejribe alyşmaga Hazara degişli döwletara şertnamalarynyň çäklerinde işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga oňyn ýardam berýär. 

Okuw maslahaty 17-nji martda öz işini tamamlar.  

Degişli makalalar

Gökderede Şekillendiriş Sungaty Muzeýi Suratkeşleriň Sergisini Gurady

syrach

Türkmen Paýtagtynda III Halkara Festiwaly Badalga Aldy

Türkmen Arheologlary Bedewiň Şekili Suratlandyrylan Tapyndylary Ýüze Çykardylar