15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanda Indoneziýanyň ilçisi işläp başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dian Wirengjuritadan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistandaky diplomatik wekilhananyň baştutany wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde üstünlikler arzuw etdi. 

Indoneziýanyň doly hukukly wekili türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen halkyna we onuň umumy ykrar edilen Liderine – Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistany rowaçlyk we ösüş ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Duşuşygyň çäklerinde diplomat türkmen döwletiniň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak şu syýasatyň esasy ýörelgesidir. 

Halkymyzyň bähbidine, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna milli Liderimiziň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleri söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Myhman şeýle hem öňde goýlan döwlet maksatnamalaryny, şol sanda ählumumy bähbitlere laýyk gelýän uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýän maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin kanunçylyk binýadyny üpjün edýän milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. 

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mejlisiň ýolbaşçysy we indoneziýaly diplomat ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler bilen berkidilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz ösdürilmegine gyzyklanma bildirip, iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin möhüm bolan ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Türkmenistan we Indoneziýa şol pudaklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler. 

Jenap Dian Wirengjuritanyň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli ýerinde bolşy ýaly, Indoneziýada hem Türkmenistanyň ýöredýän oňyn syýasatyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy, durnuklylygy we ählumumy abadançylygy berkitmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we tutuşlygyna goldaýarlar. 

Diplomat iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Adatdan Daşary Duşuşygy

Halkara Zähmet Guramasy Bilen Özarahereketleri Giňeltmegiň Mümkinçiliklerine Seredilip Geçildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Ugurlaryny Täzeden Dikeldýär