04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Yrak Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rajeh Saber Abdud Al-Musawiden ynanç hatyny kabul etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygyny ösdürmekde üstünlikler arzuw etdi. 

Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, jenap Rajeh Saber Abdud Al-Musawi türkmen-yrak gatnaşyklarynyň giňeldilmegine işjeň ýardam etmäge meýillidigini ynandyrdy. 

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen halkynyň bähbidine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Bu ugurda ýurdumyzyň gazananan üstünlikleriniň hatarynda milli ykdysadyýetiň innowasion ugra gönükdirilendigi, ähli sebitlerde häzirki zaman önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurulýandygy, ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň hemmetaraplaýyn goldanylýandygy, oba ilatynyň durmuşyndaky düýpli özgerişlikler we beýlekiler bellenip geçildi. Yrakly ilçä türkmen parlamentiniň düzümi we onuň köptaraply işi barada hem gürrüň berildi. 

Diplomat gadymy türkmen topragynda bolup geçýän özgertmelere gyzyklanmasyny hem-de Garaşsyz ösüş ýolunda ýurdumyzyň uly üstünlikleri gazanýandygyny belläp, diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde Türkmenistanyň belent halkara abraýyna eýe bolandygyny belledi. Ilçi täsin gural hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ornuny nygtady. Onuň kömegi arkaly türkmen döwleti ählumumy bähbitler ugrunda özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada gürrüň edilip, özara bähbitli türkmen-yrak ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem parlamentara aragatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. 

* * *

Ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda diplomatyň dürli ministrliklerde we pudak edaralarynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyklarynyň geçirilmegi, muzeý gymmatlyklary bilen we türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanyşlyk göz öňünde tutuldy.

Degişli makalalar

Сообщение для СМИ

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Ikiçäk Gepleşikleri Geçirdiler