16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Polşa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mihal Labendadan ynanç hatyny kabul etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlik arzuw etdi. 

Söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekil hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Türkmenistany dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň hataryna çykaran içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli milli taslamalar we maksatnamalar barada gürrüň edildi. Olaryň esasy maksady bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Polşaly diplomat şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. 

Jenap Mihal Labenda häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, özüniň durmuş-ykdysady ösüşinde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. 

Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady, ylym, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Polşanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça, şol sanda giň parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmakda oňyn döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny aýtdy. 

* * *

Şu gün Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mihal Labenda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ertir diplomatyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär, ilçi şol ýerde ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň öňünde türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada çykyş eder.

Degişli makalalar

Yabancılara Müjde

turkmenhabargullugy

BÄSLEŞIK «Talyp Joşguny-2019»

turkmenhabargullugy

Türkmen Basketbolçylary Altyn we Kümüş Medallara Mynasyp Boldular