18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Polşayň Ilçisi Işe Başlady

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salkadan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň Başlygy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini Türkmenistanda diplomatik işiniň başlanmagy bilen gutlady hem-de deňhukuklylyk, özara ynam we hormat goýmak esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine asylly işinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamy we ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Diplomat öz üstüne ýüklenen ägirt uly jogapkärçilik barada aýdyp, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen belent halkara abraýyna eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly mertebedigini aýratyn nygtady. Syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek, gumanitar ulgamda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak ilçiniň esasy wezipesi bolup durýar. 

Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekil Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu syýasatyň esasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn esasda hem, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. 

Türkmen-polýak gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda energetika, dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalar beýan edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde parlamentara aragatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. 

Şu gün Polşa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salka Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Şonda iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alp maslahatlaşyldy. 

Ilçi Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine-de baryp görer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Gullukçysynyň Etikasy we Gullukda Özüni Alyp Barşy Hakynda

syrach