27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Täze Dostluk Howa Ýollary

Türkmen Howa Ýollary

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçar gatnawlarynyň üsti Aşgabat-Kazan-Aşgabat gatnaw boýunça ýene bir möhüm halkara ugur bilen ýetirildi. Şu ugur boýunça gatnaýan uçar Aşgabada gaýdyp geldi.

Soňky ýyllarda dünýäde belli “Boing” uçar gurluşyk korporasiýasyndan satyn alnan häzirki zaman amatly uçary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagt şäherleriniň arasynda gatnap başlar. Ol hepdede iki gezek– çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Yzygiderli uçar gatnawlary ikitaraplaýyn türkmen-russiýa ylalaşyklarynyň çäklerinde ýola goýuldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň öňünde goýýan möhüm wezipelerine hemmetaraplaýyn laýyk gelýär we döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpsanly syýahatçylyk düzümleriniň täze ugruň açylmagyna bolan gyzyklanmalary uçaryň orunlarynyň dolmagynda has-da äşgär boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde, daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Howa ulaglaryndaky hyzmatlary dünýä derejesine çykarmak arkaly Garaşsyz Türkmenistan daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä ýaýýar.

Degişli makalalar

Daşoguzly Şalyçylar Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Amal Etdiler

Miras Žurnalyň Nobatdaky Sany Çykdy

syrach

BİLDİRİŞ

syrach