21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl Gustawa Stokgolm şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Degişli makalalar

«HASAR» Fabriginiň Süýji Önümleri Täze Ýyl Söwdasynda Islegli Harytlaryň Biri

turkmenhabargullugy

Daşary Ýurt Raýatlary: Wizalary Resmileşdirmek

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi