21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň DIM-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasary Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasary Bilen Duşuşyk

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Pankin bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna gysgaça syn berildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça teklipler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen-rus hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir. Ýokary derejede, şol sanda halkara ähmiýetli uly çäreleriň çäklerinde geçirilýän yzygider ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler munuň aýdyň subutnamasy hökmünde hyzmat edýär. Ýokary derejede ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meselelerine taraplar aýratyn orun berdiler.

Taraplar ýurtlaryň strategiki hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň öňe ilerleýän we konstruktiw häsiýetini bellediler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparyna aýratyn orun degişli bolýar.

Taraplar energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynda

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmenistan Fotosuratlary 5