21.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilindäki kabulhanasynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygynyň, birnäçe ministrlikleriň we harby düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň jemlerine, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasyna we döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere seredildi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, ýygnananlary iki goňşy ýurduň durmuşynda şanly waka bolan täze demir ýol ulgamynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Munuň özi Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda üstaşyr-ulag aragatnaşyk ugruny döretmegiň we ony netijeli peýdalanmagyň, şeýlelik bilen tutuş yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm äldim boldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurudumyzyň daşary işler ministri R. Meredowa söz berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan strategiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda iki goňşy ýurtlar üçin bähbitli birnäçe ylalaşyklaryň gazanylandygyny bellemek bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Astana şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn we giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. 

Mundan başga-da R. Meredow biziň ýurdumyza Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýakynda boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri we iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilerlemegini şertlendirýän birnäçe bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitlemek we ikitaraplaýyn ylalaşyklary gazanmak bilen baglanyşykly işlenip taýýarlanylan çäreler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sebit we halkara derejesinde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda netijeli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri, şeýle hem Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň türkmen-gazak bölüminiň açylmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr we munuň özi halkara derejesindäki netijeli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir diýip belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa häzirki döwürde ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli guraljak medeni çäreler, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi bu ulgamda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýändigini belledi. 

Milli Liderimiz milli taryhy we medeni gatnaşyklar babatda umumylygy bolan iki goňşy halkyň arasynda medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, medeni alyş-çalyşlaryň ýola goýulmagy goňşy halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän medeniýet işgärleriniň bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmelidigini taşbyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary ösüş depginlerini gazanmak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýegeleýew “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň türkmen-gazak bölegini ulanmaga bermek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilen çäreler, bu ugruň ähmiýeti barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny halkara derejesinde ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda çekilen aragatnaşygyň döwletara optiki-süýüm ulgamynyň üstünlikli herekete girizilendigini habar berdi. 

Şu günki wakanyň iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň derwaýys tapgyryny alamatlandyrandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny şertlendiren bu iri möçberli taslamanyň bilelikde ýerine ýetirilendiginiň has-da buýsançlydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkara derejesindäki ulag ýollarynyň we aragatnaşygyň optiki-süýüm ulgamynyň, şeýle hem demir ýoluň ugrundaky ugurdaş düzümleriň iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli hereket etmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanmyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy, bu ugra dahylly düzümleriň durmuşa geçirýän toplumlaýyn we köptaraply çärelerine baglydyr diýip belledi. Şeýlelikde, ýangyç-energetika ulgamynda innowasion çemeleşmeleriň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, häzirki wagtda gurlyşygy alnyp barylýan hem-de ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän möhüm desgalarda işleriň barşy barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we kämil tehnologiýalryny giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Munuň özi bu ulgaimda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýän möhüm ýagdaýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynlda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, oňa netijeli usullaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talapy bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wajyp ähmiýeti bolan galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edýän degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Bwaşlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ähli düzümleriniň netijeli işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidigini belledi. Milli Liderimiz jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda olaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatymyzyň esasy üns berýän ugrudygyny aýtdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanylýan kanunçylyk taslamalary barada habar berdi. 

Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň kadalaşdyrylmagyny ugur edinýän kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň döwletimiziň halkara utgaşdyryjy ulgamyna işjeň goşulmagynda möhüm ornunyň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz kanunçylygy kämilleşdirmegiň wajypdygyny, umumy ykrar edilen ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman kanunçylyk binýadynyň döredilmeginde öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmelidigini nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrlder Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň dokma senagaty we halyçylyk ulgamlaryndaky önümçilik görkezijileriniň yzygiderli artdyrylmagy boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän pudaklarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrýan söwda-dokma toplumynyň ösdürilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ulgamyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän önümleriň çykarylyşynyň artdyrylmagy we pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurtda tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmagyň derwaýysdygyny belledi we bu babatda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz sebitiň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermegi ugur edinýän “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime bu ýoluň ugrunda bina edilýän degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary häzirki döwürde özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. 

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň gurlup ulanmaga berilmegi bu düzümleriň işine has-da jogapkärli çemeleşilmegini şertlendirýän möhüm wakadyr diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, tutuş yklymyň halklaryny baglanyşdyran gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi, ýurdumyzyň dost-doganlyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini alamatlandyrýan ýagdaýdyr diýip bellemek bilen, bu ugur boýunça gatnaşyklaryň durnukly ösdürilmeginde degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň nobatdaky göçme mejlisinde ýurdumyzyň “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow özüniň gözegçilik düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine etirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň raýat awiasiýasyna täze “Boing-737-800” ýolagçy uçarynyň gelip gowşandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz gullugyň tehniki parkynyň üstüniň yzygiderli ýetirilmegi, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we gullugyň işiniň kämilleşdirilmegi we onuň tehniki parkynyň üstüniň ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatymyza we daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak boýunça gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky göçme mejlisinde döwletimiziň durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti boljak şanly senelere we guraljpak dabaralara ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy. 

* * *

Mejlis tamamlanandan soň, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada tarap ugur aldy. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Degişli makalalar

Hormatly Medeniýet Hepdeligine Gatnaşyjylar!

syrach

Türkmenistanyň Parlament Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna Iş Sapary

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach