21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YLYM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä ýüzündäki abraýy ýokarlanýar.

Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebe ylym we bilim ulgamyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna goşýan ägirt uly goşandy nazarda tutulyp, “SEIN Assosiasiýasynyň Altyn medaly” halkara bäsleşiginiň altyn medalynyň, onuň nyşanynyň we diplomynyň gowşurylyşy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň bu abraýly baýraga eýe bolandygy hakyndaky hoş habar düýn UNESKO-nyň howandarlygynda Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasynyň merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Parižden gelip gowuşdy. Bu merkeziň düzümine Türkmenistanyň pudaklaýyn uniwersiteti hem girizildi.

Mälim bolşy ýaly, 1801-nji ýylda esaslandyrylan bu assosiasiýa halkara ähmiýetli bäsleşikleri guraýar we ykdysadyýetiň, senagatyň, ylmyň we bilimiň ösmegine goşant goşan kärhanalary, guramalary, kompaniýalary we görnükli şahsyýetleri sylaglaýar. SEIN altyn medaly 1868-nji ýylda döredildi we ol ylmy-tehniki ösüşe goşulýan goşant üçin gowşurylýar. Şu derejedäki ilkinji “Altyn medaly” Sues kanalynyň gurluşykçysy Ferdinand de Lessepse (1869-njy ýyl) gowşuryldy. Daşary ýurtlylaryň arasynda bolsa ilkinji bolup bu medala telegrafy oýlap tapan britaniýaly Çarlz Uitstoun (1873 ýyl) mynasyp boldy. Assosiasiýanyň bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda “Mişlen”, “Sodekso”, “Pežo”, “Dasso”, “Matra”, “Rerno Rikar”, “Germes” ýaly dünýä belli kompaniýalar bar. Soňky ýyllarda ylym we bilim pudagynda “SEIN altyn medaly” bilen Russiýanyň Nebit we gaz döwlet uniwersiteti, Sankt-Peterburgyň lazer tehnikasy we tehnologiýasy instituty, Nowosibirskiniň döwlet uniwersiteti we amaly-fiziki instituty, Rostow döwlet ykdysadyýet uniwersiteti we beýlekiler sylaglandylar.

Dabaranyň barşynda çykyş edenler bu ýokary sylagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik mümkinçiliklerini ugur edinýän ylym, bilim ulgamynda alyp barýan giň möçberli oňyn özgertmeleriniň we üstünlikleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwletimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli we aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur şertleri döredýär. Mähriban Watanymyzy ösüşleriň belentliklerine çykarmakda, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde ylma we ýokary tehnologiýalara möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň bilim ulgamyna işjeň goşulmagyny gazanmak maksady bilen, işgärleri taýýarlamak ulgamynyň täze görnüşine tapgyrlaýyn esasda geçmek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Munuň özi ylmyň bakalawr we magistrlik ýaly ugurlaryny, öňdebaryjy tejribeleriň özleşdirmegini, iň esasy bolsa mähriban Watanymyzyň beýik geljegi we halkymyzyň bagtyýar durmuşy babatda jogapkärçiligi duýýan watansöýüji nesilleriň, ylymly-bilimli ýaşlaryň ösdürilip ýetişdirilmegini nazarlaýar.

Dünýäniň institutlarynyň we uniwersitetleriniň 650-ä golaýyny özünde birleşdirýän Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasyna Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kabul edilmegi, şeýle hem “SEIN Assosiasiýasynyň Altyn medaly” halkara bäsleşiginde gazanylan ýeňiş ýurdumyzda bu babatda ägirt uly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary okuw mekdepleriň derejesindäki ylmyň sazlaşykly ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirip, milli Liderimizi türkmen ýaşlarynyň bilim derejesini okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden peýdalanmak, talyplarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin döwrebap hünär düşünjelerini kemala getirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Daşoguzyň Beki Seýtäkow Adyndaky Mugallymçylyk Mekdebiniň Döredilenine 90 Ýyl Doldy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Hem-de 2020-nji “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” Ýyly Mynasybetli Ylmy Tegelek Stol Geçirildi

Üsküdar Üniversitesi Türkmen Öğrencileri Bekliyor !

turkmenhabargullugy