15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty pellehana golaýlaýar.

2013-2014-nji ýyllar möwsüminde geçirilýän hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlanyp barýar. Möwsümde geçirilmeli jemi 14 tapgryň 10 tapgyry oýnaldy we medallary almak ugrundaky bäsleşik barha ýitileşýär. Muny Döwlet haryt-çig mal biržasynyň “Şir” topary bilen IIM-niň institutynyň “Nesil” toparynyň şu günki duşuşygy hem görkezdi.

Duşuşgyň birinji bölümi 5:2 hasabynda “Nesliň” peýdasyna tamamlandy. Emma oýnuň ikinji 20 minutlygynda ýagdaý düýpgöter üýtgedi. “Şir” toparynyň oýunçylary arakesmä çenli jogapsyz 3 hokkeý pokgüsini geçirip, hasaby 5:5-e ýetirdiler.

Oýnuň jemleýji üçünji bölüminde toparlar yzly-yzyna hüjüm etdiler. Oýnuň ýokary depgini tomaşaçylaryň hem ruhuny göterdi. Bäsleşigiň üçünji bölüminiň onunjy minutynda “Şir” toparynyň hüjümçisi N.Nuryýewiň urgusy dürs boldy. Bu hem oýunda geçirilen iň soňky ýeňiş hokkeý pokgüsi boldy. “Şir” toparynyň derwezesine jerime – bullit urgusy bellenilen hem bolsa “Nesil” bu mümkinçilikden peýdalanyp bilmedi, derwezeçi D.Allaberdiýew urgyny gaýtarmagy başardy. Netijede, duşuşyk 6:5 hasabynda “Şiriň” peýdasyna tamamlandy.

Çempionatyň barşyna düýpli täsir eden bir pursady belläp geçmelidiris. Düzgün boýunça “Alp Arslan” topary soňky iki duşuşygy geçirip bilmändigi üçin ýaryşa gatnaşmakdan çykarylypdy. Bu bolsa Aragatnaşyk ministrliginiň hokkeýçileriniň meýilnama boýunça geçirmeli duşuşygynda haýsy topar onuň bäsdeşi bolsa, şol topara oýnamazdan ýeňiş berilýändigini aňladýar. Mysal üçin, çempionatyň şu gezekki tapgyrynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky birinji halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp bolan “Oguzhan” toparyna oýun geçirmezden ýeňiş berildi.

10-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Galkan” “Merdana” toparyny 11:0, “Watançy” bolsa Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň toparyny 4:0 hasabynda utdular.

10 duşuşykda 10 gezek ýeňiş gazanan “Galkan” topary 30 utuk toplap, birinji ýerde, “Şir” topary 25 utuk bilen ikinji ýerde, “Nesil” bolsa 19 utuk bilen üçünji orunda barýar.

Çempionatda dördünji orny eýelän topar hem Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky indiki ýylyň ýazynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanar. “Oguzhan” topary 16 utuk bilen dördünji orunda barýar.

Hokkeý boýunça 2013-2014-nji ýyllaryň möwsümindäki Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklary gyşky oýunlar sport toplumynda şenbe we ýekşenbe günleri geçirilýär. Indiki dynç günleri 11-nji tapgyryň oýunlary bolar.

Degişli makalalar

Aşgabadyň Mekdepleriniň Ýokary Synp Okuwçylary Aziada-2017-de Meýletinler Bolmaga Işjeň Taýýarlanýarlar

Futbol Çempionatymyzyň 7-nji Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Geçirilmeli Wagtlaryna Üýtgeşme Girizildi

Rostami Aşgabat Şäherini Taryplady