24.4 C
Aşkabat
16.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýanyň Premýer-Ministriniň Arasyndaky Gepleşikler

Şu gün Italiýanyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlik sapar bilen Italiýa Respublikasyna geldi. Bu sapara taraplaryň ikisi hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak babatda bolşy ýaly, görnükli işjeňleşen Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hem möhüm ähmiýet berýär. 

Düýn Türkmen döwletiniň Baştutany Milanda açylan Bütündünýä “EKSPO-2015” sergisine baryp gördi, bu ýerde ýurdumyzyň sergi bölümi onuň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň hem-de giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uly möçberli tanyşdyrylyş dabarasyna öwrüldi. 

Milli Liderimiz EKSPO sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň hormatyna geçirilen dabarada çykyş edip, 2015-nji ýylyň Bütindünýä sergisiniň «Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine energiýa» diýen şygary oňa gatnaşýan döwletleriň her biriniň  ünsüni çekýär diýip belledi. Çünki azyk bolçulygyny döretmek milli ykdysadyýetleriň we dünýäniň durnukly ösmeginiň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 

Türkmenistanyň milli sergisiniň  «Azyk bolçulygy – parahat ösüş!» diýen şygary hem oňa doly laýyk gelýär. Bu şygar astynda biz EKSPO sergisiniň öňe sürýän baş meselesini çözmek boýunça tejribämizi we anyk tekliplerimizi ählumumy garaýşa hödürleýäris. 

Türkmen milli sergisi bütin Ýer ýüzünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine ýurdumyzyň nähili goşant goşup biljekdigini görkezmelidir. Bu köpugurly işleriň hatarynda tebigy baýlyklary özleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri dünýä bazaryna çykarmak, arassa agyz suwuny aýawly peýdalanmak boýunça edilýän işler bar. 

Ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak işiniň hem üstünlikli alnyp barylýandygy biziň bu aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz gezeginde azyk önümleriniň hilini kesgitlemekde oňat netijeleri gazanmaga, häzirki zamanyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmäge we bize döwür bilen deň gadam urmaga mümkinçilik berýär. Bu sergi Türkmenistanyň bütin dünýäde azyk bolçulygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýandygyny we bu möhüm ähmiýetli işe mynasyp goşant goşup biljekdigini aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

“EKSPO-2015” serginiň baş komissary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň azyk bolçulygyny üpjün etmek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda ýöredýän syýasaty ýurduň halkara abraýynyň berkemegine täsir edýän oňyn netijelerini berýär diýip belledi. Türkmenistanyň tejribesi sergä gatnaşýanlaryň hemmesini gürrüňsiz  gyzyklandyrar we onuň 2015-nji ýylyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bolsa EKSPO-nyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar diýip, Bruno Paskuino belledi. 

Milli günleri geçirmek nobatyny ilkinji bolup kabul eden Türkmenistan 3-nji maýda dünýä möçberindäki forumyň baş gahrymanyna öwrülip, sergä gelýänleriň, dürli ýurtlaryň köpsanly wekiliýetleriniň, şeýle hem ýerli we halkara metbugatlarynyň üns merkezinde boldy. Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň giňden tanyşdyrylmagy türkmen döwletiniň dünýäniň işewür toparlary, daşary ýurt kompaniýalary we kärhanalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ymtylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýlip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlarynda aýdylýar.

Türkmenistan dünýä ulgamyna goşulmagyň täze tapgyrana gadam basdy. Italiýada türkmen Lideriniň saparyna berilýän üns hem munuň subutnamasy bolup durýar. Bu sapar biziň ýurtlarymyzyň ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze derejesine çykmagyny alamatlandyrýar. Global sergide dürli öwüşgüne beslenen Türkmenstanyň milli güni bolsa milli Liderimiziň Italiýa saparynyň maksatnamasynyň resmi we işewür böleginiň ajaýyp girişine öwrüldi. 

Bütindünýä sergisine baryp gömegiň maksatnamasy tamamlanandan soň, Türkmen döwletiniň Baştutany uçarynda Italiýa Respublikasynyň paýtagty Rim şäherine ugrady. Ol ýerde belent mertebeli myhmana “Westin Exeelsior” myhmanhanasynda resmi kabulhana bölünip berildi.  

Şu gün bu ýerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  “Kiji” köşgüne – Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi kabulhanasyna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kiji” köşgüniň merkezi meýdançasyna gelýär. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna harby orkestriň dabaraly owazy ýaňlandy. Türkmen Liderini Premýer-ministr Matteo Rensi mähirli garşylady. 

Biri-biri bilen dostlukly salamlaşanlaryndan soň, hormatly Prezidentimiz we Italiýanyň Premýer-ministri hormat garawulynyň nyzamynyň ugry bilen  haly ýodasy boýunça ýöräp, däp bolan iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdagynyň öňünde surata düşülýän ýere geçýärler. 

Soňra Matteo Rensi belent mertebeli myhmany Italiýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministrine duşuşyga türkmen tarapyndan gatnaşyjylary tanyş edýär.

Italiýanyň Hökümetiniň Baştutany türkmen Liderini köşge geçmäge çagyrýar. Köşgüň Altyn zalynda olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp we oňa Italiýa respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Matteo Rensi bu duşuşygyň döwletara gatnaşygyny ösdürmegiň taryhynda täze möhüm sahypany alamatlandyrýandygyny nygtady. Italiýanyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ymtylýandygy barada aýdyp, Premýer-ministr häzirki gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de oňa taraplaryň bähbitlerine we häzirki zamanyň ýagdaýlaryna gabat gelýän täze depgin bermäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 

Italiýa Respublikasyna gelip görmek baradaky çakylygy üçin Premýer-ministr Matteo Rensä minnetdarlyk bildirip hem-de bildirilen mähirli we göwünaçyk kabul edişlik üçin hoşallygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä “EKSPO-2015” sergisiniň açylmagy bilen Italiýanyň Hökümetiniň Baştutanyny gutlady.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şunuň ýaly uly möçberli ekspozisiýa Ýer ýüzüniň bütin ilatyny iýmit bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere bütin dünýä jemgyýetçiliginiň, gürrüňsiz suratda, ünsüni özüne çeker. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ählumumy tagallalar arkaly döwrüň esasy meseleleriniň çözülmeginiň tarapdary bolup durýar. Şol tagallalar dünýä möçberinde howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, durnuklylygyň we durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine ýardam edýär. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňe degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana bolan saparynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigini belledi. Hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiligi hem-de iki ýurduň özara bähbitli aragatnaşyklary giňeltmäge taýýarlygy döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň üstünlikli girewi bolup durýar.

Bular barada aýtmak bilen, türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Türkmenistanyň we Italiýanyň köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady. Muňa BMG, ÝB we beýlekiler ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara işjeň goldawlar şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňini dowam edip, söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistanda ýangyç-energetika pudagynda italýan kompaniýalarynyň gatnaşýan taslamalarynyň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar. Halkara gün tertibiniň energetika howpsuzlygy, alternatiw üstaşyr geçelgeleriniň hem-de Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ugurlarynyň döredilmegi ýaly wajyp meseleler boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek üçin oňat mümkinçilikler bar. 

Türkmenistanda ylmy, bilimi we sungaty ösdürmäge, taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamaga neneňsi aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda arheologiýa gazuw-agtaryşlaryny hem-de taryhy ýerleriň, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň merkezleriniň ylmy-barlaglaryny alyp barýan italýan alymlarynyň we arheologlarynyň goşandyny belledi.

Türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de barha ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Baştutany taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we öňe ilerletmäge özara taýýardygyna we gyzyklanma bildirýändigine umyt bildirdi. 

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Premýer-ministr Matteo Rensä ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň hökümetiniň Baştutanyna saglyk hem-de Italiýanyň ähli dostlukly halkynyň bähbidine onuň alyp barýan jogapkärçilikli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.      

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, senagat pudagy, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, şeýle hem syýahatçylyk özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Matteo Rensi gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny belläp,  Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda medeni we ylym-bilim aragatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Gepleşikler tamamlanandan soň “Galeony” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda 2015-2016-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna; Ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we barlaglar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;    Salgyt meseleleri boýunça maglumat alyşmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär. 

Gepleşikleriň jemleri boýnça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. 

Italiýanyň Premýer-ministri belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna günortanlyk naharyny berdi. Kabul edişlik tamamlanandan soň,  Türkmenistanyň Prezidenti we Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň Baştutany mähirli hoşlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

Degişli makalalar

Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Nobatdaky Tapgyry Ulanmaga Berildi

Şanly Sene Mynasybetli Baýramçylyk Konserti

Oba Hojalyk Pudagynda Hyzmatdaşlygyň Täze Görnüşine Badalga Berildi

turkmenhabargullugy