15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda iş saparynda boldy

Irden döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara aeroportuna geldi we şol ýerden dikuçarda ýurdumyzyň günbatar welaýatyna tarap ugrady. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow we Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow boldular.

Ýerli häkimiýet edaralaryna öňünden duýdurmazdan amala aşyrylan bu saparyň barşynda milletiň Lideri Balkan welaýatynda işleriň ýagdaýy, şol sanda türkmen halkynyň abadançylygynyň möhüm ýagdaýy we şerti hökmünde ähli welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzüminiň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli bu maksatnamanyň çäklerinde häzirki wagtda türkmen topragynyň ähli ýeri, hatda has çetki künjeklerinde-de dürli ugurlar we ulgamlar boýunça adamlaryň göwnejaý ýaşaýşy, türkmenistanlylaryň yhlasly hem-de döredijilikli zähmeti üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen uly möçberli işler ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2010-njy ýylyň jemlerine bagyşlanan, geçen hepdedäki giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň ösüşine, iň çetki oba ýerlerine çenli abadanlaşdyrmak üçin ägirt uly möçberlerde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini hem-de munuň ýakyn geljekde her bir etrabyň, her bir şäherçäniň, her bir obanyň özgerip, täze we örän ýaraşykly göwnejaý şertlerde ýaşamagyň kepili bolup durýandygyny belledi. Şonda döwlet Baştutany şu ýylda ýerli ýolbaşçynyň işiniň netijeliligine göz ýetirmek üçin, her bir etrap merkezinde we aýry-aýry obalarda bolup görmegi maksat edinýändigini mälim etdi. Milletiň Lideri ozal hem derwaýys meseleler boýunça anyk çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen, döwletiň öz raýatlary bilen hemişe pikir alşyp durmagyň möhümdigini birnäçe gezek nygtady. Mälim bolşy ýaly, adamlar baradaky alada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry hasaplanýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen şanly şygary dabaralandyrýan hem-de durmuşa geçirýän bu sahawatly syýasat ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-hal ýagdaýyny ýokary derejelere götermeklige gönükdirilendir. Geçen ýylda ýurdumyzda býujet serişdeleriniň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylda bu serişdeleriň möçberleri has-da artar.

Ýol ugra milletiň Lideri dikuçaryň bortundan Ahal welaýatynyň etraplarynyň oba hojalyk meýdanlaryndaky ýagdaý bilen tanşyp, güýzlük galla ekinine ideg etmek, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmek boýunça möwsümleýin işleriň, agrotehniki çäreleri ýerli topragyň we howanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bellenilen möhletlerde göwnejaý berjaý etmegiň zerurdygyny hem-de munuň bol hasyl almagyň girewi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanynyň ýurdumyzda oba senagat toplumyny düýpli özgertmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekip, oba hojalyk önümçiligine pudaklaýyn ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň täze tehnologiýalary we hojalygy ýöretmegiň häzirki zaman usullaryny işjeň ýagdaýda ornaşdyrmagyň möhümdigini aýratyn belledi. Türkmenistanyň Prezidenti guşuçar belentliginden Ahal welaýatynyň täze gurluşyklaryny synlap, gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň hem-de ähli desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany dikuçaryň bortundan özgertmeleriň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň ýagdaýy, şeýle hem Balkan welaýatynda meýdanlardaky möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutany Balkanabadyň we Jebeliň gurluşyk meýdançalaryny synlady, bu ýerlerde uly hem-de giň möçberli ykdysady we durmuş maksatly desgalar gurulýar. Jebelde täze iri senagat kärhanasy — sement zawody gurulýar. Onuň önümi ýurdumyzyň köp sanly gurluşyklarynda ulanylar, soňky ýyllarda ýurdumyzda gurluşygyň möçberleri hakykatdan-da ozal görlüp-eşidilmedik derejelere we giň gerime eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Belek şäherçesiniň ýanyndaky meýdançada gondy. Döwlet Baştutany şäherçä tarap ugrap, işleriň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşdy hem-de özgertmeler boýunça Milli maksatnamanyň ýerlerde ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi. Mälim bolşy ýaly, bu maksatnama toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, onda täze döwrebap desgalary gurmak, ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrmak, inżener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýol ugra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen, ýerli orta mekdebe bardy. Munuň özi bu mekdepdäki okuwçylar we mugallymlar üçin garaşylmadyk, emma örän şatlykly pursata öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň gelmegi bu ýerde ruhubelent we şadyýan ýagdaýy döretdi. Birek-birege ynanyşmak hem-de örän hoşallyk ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda milletiň Lideri ähli zatlar: mugallymlaryň zähmet şertleri we okuwçylaryň okadylyşy, mekdebiň okuw enjamlary bilen üpjün edilişi we beýlekiler bilen gyzyklandy. Mugallymlar Türkmenistanyň Prezidentine öz iş-aladalary barada gürrüň berip, milletiň Liderine ýurdumyzyň bilim ulgamynda oňyn özgertmeleri amala aşyrýandygy üçin tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk sözlerini hem-de şol özgertmelere uly umyt baglap, mizemez ynam bilen garaýandyklaryny aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilime we türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň terbiýelenmegine degişli meselelere we mugallymlar baradaky aladanyň hemişe döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolandygyny we şeýle boljakdygyny belläp, ýakyn wagtda Belekde döwrebap enjamlar bilen üpjün eden we döwrüň talaplaryny ödeýän täze mekdebiň guruljakdygyny aýtdy. Milletiň Lideriniň söhbetdeşleri — okuwçylar we mugallymlar bu habary uly şatlyk we buýsanç bilen kabul etdiler. Olar döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň jana-jan bähbidi ugrundaky ýadawsyz zähmetinde täze uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdiler.

Soňra milletiň Lideri çagalar bagyna bardy we bu ýerde ýaş nesil hormatly Prezidentimizi şatlykly ýagdaýda garşy aldy. Döwlet Baştutanynyň bu ýere gelmegi bilen şatlyk-şagalaňa beslenen çagalar milli Liderimizi mähirli garşylap, belent mertebeli myhmana labyzly goşgularyny okap berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti terbiýeçiler we çagalar bilen söhbetdeş bolup, döwletiň geljekde-de ýaş nesliň sagdyn, örän sazlaşykly ösmegi we bagtyýar bolmagy üçin ähli möhüm işleri etjekdigini we zerur şertleri döretjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda täze mekdepler bilen birlikde halkara ülňülerine laýyk gelýän täze çagalar baglarynyň hem gurulýandygyny belläp, Belekde şunuň ýaly döwrebap çagalar bagynyň guruljakdygyny aýtdy. Bu ajaýyp täzelik çagalar bagynyň işgärleri we çagalar tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Olar milletiň Liderine özleriniň tüýs ýürekden çykýan hoşallyk we alkyşly sözlerini aýtdylar.

Soňra döwlet Baştutany ýerli dükana baryp, harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Milletiň Lideri ilata hödürlenýän azyk önümleri, olaryň hili we saklanyşynyň şertleri bilen aýratyn gyzyklanyp, şunda degişli ülňüleriň we düzgünleriň ählisiniň, şol sanda sanitariýa kadalarynyň berk berjaý edilmelidigini belledi. Satyjylar we alyjylar milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentine adamlaryň bähbitlerini esasy ugur edinýän syýasatyň amala aşyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milletiň Lideri Belekdäki medeni durmuş desgalarynyň we halka hyzmat edilişiniň ýagdaýy bilen içgin tanşyp, Saglyk öýüne bardy. Mälim bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe aýratyn üns berýän hem-de Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda ýerlerde lukmançylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagynyň we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmeginiň göz öňünde tutulmagy ýöne ýerden däldir.

Döwlet Baştutanyny mähirli garşylan ýerli lukmanlar bilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň iş şertleri, Saglyk öýüniň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilişi, ýüz tutup gelýänlere hödürlenýän hyzmatlaryň sanawy bilen içgin gyzyklandy. Ynanyşmak hem-de hoşallyk ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň ahyrynda milletiň Lideri ýakyn geljekde Belekdäki Saglyk öýüniň täze döwrebap bina göçüriljekdigini hem-de onuň degişli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Ýygnananlar döwlet Baştutanyna ýurdumyzda saglygy goraýşyň ösdürilmegi barada yzygiderli alada edilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hut şol aladanyň netijesinde ýurdumyzyň hatda has çetki künjeklerinde ýaşaýan adamlaryň hem döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň uly toplumyndan peýdalanmagyna mümkinçilik dörändigini aýtdylar hem-de il-ýurt bähbitli işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Muňa jogap hökmünde milletiň Lideri lukmanlara asylly we şunuň ýaly zerur işde halka hyzmat edip, alkyş almagy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şäherçäniň Geňeşliginde Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy etrabynyň häkimliginiň, ýurdumyzyň Mejlisiniň, hökümet Baştutanynyň käbir orunbasralarynyň, welaýatyň we etrabyň ýolbaşçylarynyň, Belegiň arçynlygynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany Belek şäherçesindäki işleriň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşlygyň netijelerini jemläp, birnäçe kemçilikleriň bardygyny, şol sanda özgertmeler boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirmekde işleriň bellenilen meýilnamasyndan yza galynýandygyny aýtdy. Milletiň Lideri bu babatda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň, Türkmenbaşy etrabynyň häkimi K.Kürenowyň we Belegiň arçyny S.Begliýewiň adyna düýpli tankydy sözleri aýdyp, ähli säwlikleriň gijikdirilmän aradan aýrylmagyny hem-de gurulýan degişli desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi berk tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti halk, adamlaryň bähbitleri we il-ýurt abadançylygy baradaky aladanyň ähli derejelerdäki ýolbaşçylaryň esasy wezipesi bolup durýandygyny, olaryň her biriniň türkmenistanlylaryň ýaşaýşy we durmuşy, olaryň yhlasly we döredijilikli zähmeti üçin oňaýly şertleriň döredilmegine jogap berýändigini nygtady. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän işler bilen Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde bolup içgin gyzyklanmagy olaryň baş wezipesidir diýip, döwlet Baştutanymyz A.Nurberdiýewa ýüzlendi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde Milli maksatnama laýyklykda Belek demir ýol menziliniň durkunyň täzelenmelidigi, myhmanhananyň, ýol-ýaka kempingleriniň, söwda merkeziniň, durmuş hyzmaty öýleriniň, önümi gaýtadan işleýji kärhanalaryň, mekdep jaýynyň, çagalar bagynyň we beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurulmalydygyny aýtdy.

Milletiň Lideri desgalar, dürli ähmiýetli kärhanalar gurulanda sebitiň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi we bu ýerde düedarçylygyň ösdürilmeginiň, düýäniň önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu babatda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynanylan welaýaty durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň meselelerine hem-de degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmegine hemişe üns bermegi ýygnananlardan talap etdi hem-de bu talabyň ýerlerdäki ähli häkimlikleriň ýolbaşçylaryna degişlidigini aýtdy.

Gaýdyşyn, dikuçaryň ýanyna barýarka, Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan köpriniň gurluşyk meýdançasynda saklandy. Döwlet Baştutany täze gurluşygyň ýagdaýy bilen içgin tanşyp, welaýatda we tutuş ýurt boýunça ýol-ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda bu desganyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi hem-de işçiler bilen söhbetdeş bolanda, işiň ýagdaýy, olaryň zähmet we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Milletiň Lideri her bir ýolbaşçynyň borjunyň adamlaryň abadan we göwnejaý ýaşaýşy barada alada etmekden ybarat bolup, munuň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýandygyny nygtady hem-de Balkan welaýatynyň häkimine bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti «Belek» gaz gysyjy stansiýa bardy. Ol bu düzüme degişli möhüm desga bolup, «Gündogar—Günbatar» uly gaz geçirijiniň ahyrky nokady hasaplanýar. Döwlet Baştutany bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň barşy bilen içgin tanyşdy. Bu gaz geçiriji «Şatlyk» gaz gysyjy stansiýadan başlanyp, Mary we Ahal welaýatlarynyň çäkleriniň üsti bilen günbatara tarap çekilip, ýurdumyzyň Balkan welaýatyndaky «Belek» gaz geçiriji stansiýa bilen birleşer. Şeýlelikde, «Gündogar—Günbatar» uly möçberli gaz geçiriji ulgamy Türkmenistanyň tebigy gazyň uly gorlarynyň ýerleşýän gündogar bölegini ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän merkezi we Hazarýaka welaýatlary bilen birleşdirer. Şunda gaz geçirijiniň esasy böleginiň Garagumyň çägelikleriniň üsti bilen geçiriljekdigini aýratyn bellemek gerek.

Milletiň Lideri energetika ulgamyna degişli bolan bu uly möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň barşy baradaky habary diňläp, «Gündogar—Günbatar» gaz geçirijisiniň onlarça ýyllaryň dowamynda diňe bir içerki bazarda sarp edijileri tebigy ýangyç bilen durnukly ýagdaýda öňünden üpjün etmäge oňaýly ýagdaýy döretmek bilen çäklenmän, gazyň iri halkara bazarlaryna, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna eksportynyň diwersifikasiýasyny geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynamly aýtmaga esas berýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Komissiýasynyň ýakynda biziň ýurdumyza ilkinji gezek resmi sapar bilen gelen Başlygy Żoze Manuel Barrozu bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda-da gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda Mary etrabynda ýerleşýän «Şatlyk» gaz gysyjy stansiýasynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gündogar—Günbatar» aralygynda gaz geçiriji bitewi ulgamyň döredilmegine dabaraly ýagdaýda badalga berdi.

Milletiň Lideri bir ýylda 30 milliard kub metr gazy geçirmäge ukyply bolan bu gaz geçirijini çekmek işini «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernlerine tabşyrdy. Kabul edilen karara laýyklykda, zerur ýerüsti infrastrukturasy bolan gaz geçiriji 2015-nji ýylda ulanmaga berler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýe bolan «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň tamamlaýjy nokadynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde gaz geçirijiniň günbatar çäginde zähmet çekýän işçiler netijeli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijiniň gündogar çägindäkisiniň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga beren hormatly Prezidentimiz, bu gün bu desganyň günbatar çäginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we bu ýerde işleýän hünärmenler, işçiler bilen söhbetdeş boldy we olaryň iş şertleri bilen içgin gyzyklandy.

Ýurdumyzyň şunuň ýaly uly desgany öz güýçleri bilen gurmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny görkezýär we öz ösüşinde uly üstünlikleri gazanýan döwletdigine şaýatlyk edýär. «Gündogar—Günbatar» gaz geçirijisiniň gurulmagy energetika pudagynda köp taraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini aýdyň görkezýän mysaldyr. Bu hyzmatdaşlyk energiýa serişdeleri bilen üpjün edýän ulgamy tutuşlygyna ösdürmek we gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Iň esasy zat, bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda bitewi gaz geçiriji ulgam dörediler. Munuň özi tebigy gazyň uly möçberlerini ýurdumyzyň islendik welaýatyna gijikdirmän we çalt geçirmäge mümkinçilik berer.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza ilkinji gezek resmi sapar bilen gelen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Żoze Manuel Borrozunyň arasynda geçirilen netijeli gepleşikler bilen baglanyşdyryp aýdanyňda, «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň hut şu maksady has möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şol gepleşikleriň barşynda Ýewropa Komissiýasynyň Baştutany Türkmenistanyň energiýa serişdeleri babatdaky diplomatiýa boýunça konstruktiw orny eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistanyň tebigy gazyň eksporta iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini belledi. Jenap Barrozu Ýewropanyň dünýäde iri bazar bolup durýandygyny belläp, Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyny satyn almaga, şeýle hem Türkmenistanyň gaz senagytyny ösdürmek üçin öz tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. Ýewropa Komissiýasynyň Baştutany Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň mümkinçilikleri barada aýdyp, onuň Ýewropa energiýa serişdelerini ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegini üpjün etmek, şeýle hem türkmen gazy boýunça durnukly ýagdaýda bildirilýän islegi kangatlandyrmak üçin möhümdigini nygtady.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa geljegine uly umyt bildirilýän ugur hökmünde garaýandygyny belläp, türkmen tebigy gazyny Ýewropanyň bazarlaryna ýetirmegiň dürli görnüşleri barada aýtmak bilen, bularyň hatarynda Hazar deňziniň düýbi boýunça ýangyç geçirijiniň gurluşygyny, tebigy gazy ýöriteleşdirilen deňiz gämileri – tankerler arkaly Hazar deňzi boýunça daşamak işlerini görkezdi.

Hut şoňa görä-de, türkmen hünärmenleri tarapyndan gurulýan «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu uly gaz geçirijini gurmak boýunça geçirilmeli işleriň gerimi haýran galdyrman durmaýar. Ýakyn bäş ýylyň dowamynda gurluşyk-gurnama işleriniň ähli görnüşlerini, şol sanda müň kilometre golaý aralyga uzalyp gidýän gaz geçirijiniň çekiljek ýerini bellemek, arassalamak, tekizlemek, diametri 1420 milli metr bolan turbalary çekmek we kebşirlemek işleri geçirilmelidir. Bulardan başga-da, gaz geçirijisiniň ugrunda gaz gysyjy döwrebap stansiýalaryň ýedisini hem-de infrastruktura degişli bolan beýleki senagat desgalarynyň birnäçesini gurmaly bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti işçiler bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda desgadaky işleriň barşy, şeýle hem zähmet şertleri bilen jikme-jik gyzyklandy. Işçiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn üns berýändigi we ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýerde özleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler.

Döwlet Baştutany öz söhbetdeşlerine maşgala abadançylygyny we işde üstünlikler gazanmagy arzuw edip, meýdançada duran dikuçara tarap ugrady. Türkmenistanyň Prezidenti dikuçaryň bortuna mündi. Dikuçar asmana galyp, Aşgabada tarap ugrady.

* * *

Döwlet Baştutany Aşgabadyň halkara aeroportuna gelip düşenden soňra, bu ýerde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemlerine degişli gysgaça maslahat geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň ünsüni Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine çekip, Belek şäherçesinde bilim ulgamyna degişli desgalaryň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, Saglygy goraýşa we söwda pudagyna degişli hem-de beýleki ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň talaba laýyk däldigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýokarda agzalan Milli maksatnamany ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belledi we degişli ýolbaşçylara düýpli nägilelik bildirdi.

Milletiň Lideri Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli geňeşlikleriň işiniň netijeliligini artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, olaryň ýerlerde ýygy-ýygydan bolmalydygyny hem-de täze Galkynyş eýýamynyň ýokary talaplaryna we mukaddes maksatlaryna laýyk gelýän derejede ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatdaky meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny, olaryň gidişi bilen tanşyp durmalydygyny berk nygtady hem-de bu babatda berk talap bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda degişli ýolbaşçylara şu günki iş saparynyň netijelerinden gelip çykýan birnäçe anyk tabşyryklary berdi we olaryň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Daşoguzly Pagtaçylar Gowaça Ekişine Girişdiler

Türkmenistanda VI Halkara Gaz Kongresi Açyldy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy