Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Iki ýurdyň Liderleri birek-birek bilen doganlarça mähirli salamlaşyp, ilki başda dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin nobatdaky gezek gürrüňdeş bolmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül däp boýunça tutuş dünýäde 8-nji martda bellenilýän Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli iki döwletiň zenanlaryny tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň aýal-gyzlaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşler häzirki taryhy eýýamda ýokary hile eýe bolan we üsti ýetirilýän türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini hasaba alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary halkara we sebit derejesindäki syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, türkmen Lideri türkiýeli kärdeşiniň BMG-niň şu ýylyň aprelinde Stambul şäherinde geçiriljek dördünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata Türkmenistanyň adyndan wekilçilikli toparyň iberiljekdigini belläp, türk tarapyna bu maslahaty üstünlikli geçirmegi arzuw etdi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Türkiýäniň giň möçberli hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, iki ýurduň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändigini nygtadylar. 2010-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň şundan öňki ýyla garanyňda 30 göterime golaý artmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda Türkiýäniň 600-den gowrak kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigi hem muňa mysal bolup biler. Türkiýeli hyzmatdaşlar dürli görnüşdäki we uly möçberli maýa goýumly taslamalara işjeň gatnaşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ýagdaýda ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna önjeýli goşant goşýarlar.
Şunlukda iki döwletiň Baştutanlary türkmen we türk halklarynyň medeni hem-de ruhy umumylygy arkaly taryhy taýdan pugtalandyrylan döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar-medeni hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky döwürde yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki iki taraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şeýle hem iki ýurduň hökümet we parlament derejesindäki wekiliýetleriniň saparlarynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Baştutanyny Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Prezident Abdulla Gül hem öz türkmen kärdeşini Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyklar minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparlaryň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri birek-biregi we iki ýurduň doganlyk halklaryny ýetip gelýän we geçen ýyldan bäri halkara derejesine eýe bolan ajaýyp Nowruz baýramçylygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikleri arzuw etdiler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm