04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa Iş Sapary

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň çakylygy bilen Ýaponiýa iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Imperator Akihito hem-de bu ýurduň işewür we ylym-bilim toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu duşuşyklar Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn, giň gerimli gatnaşyklary hökmünde işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň dowamyna öwrüldi.
Duşuşyklaryň barşynda bar bolan ylalaşyklaryň, şol sanda 2013-nji ýylda ýokary derejede geçirilen türkmen-ýapon gepleşikleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň barşyna üns berildi. Milli Liderimiziň bir ýarym ýyl mundan öň Ýaponiýa bolan resmi sapary döwletara ylalaşyklarynyň toplumyna gol çekmek bilen tamamlanypdy. Şol ylalaşyklar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum we gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. 

… Ir säher bilen milli Liderimiziň uçary ýapon paýtagtynyň “Haneda” halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Olar öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen Liderini ýapon topragynda mähirli mübäreklediler. Garşylamaga gelenleriň arasynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýamagiwa Daýşiro hem-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýanyndaky Türkmen-ýapon  ligasynyň başlygy Kenži Kosaka, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de Tokionyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bar. Gadymdan gelýän kimonolara beslenen ýapon gyzlary belent mertebeli myhmana gül desselerini gowşurýarlar. 

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden “Palaсe” myhmanhanasyna tarap ugrady, bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň iri  işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy. 

“Aol” zaly iş ertirligi görnüşindäki işewür duşuşygyň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere “ITOCHU”, “TOYO Engeenering”,  “Chiyoda”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Toshiba”, “Komatsu”  ýaly iri ýapon korporasiýalaryň ýolbaşçylary we beýlekiler ýygnandylar. 

Belent mertebeli myhmany  Ýaponiýanyň KEIDANREN Işewürler federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Norio Sasaki garşylady. Ol çäräni giriş sözi bilen açdy. 

Jenap Sasaki bu ýere ýygnananlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iş saparynyň barşynda göz öňünde tutulan çäreleriň köpdügine garamazdan, wagt tapyp duşuşandygy üçin çäksiz hoşallygyny bildirdi. Birnäçe ugurlarda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk  edýän kompaniýalaryň bu ýere ýygnanan wekilleri üçin türkmen Liderini ýapon topragynda garşylamagyň uly hormatdygyny aýtdy. 

Iri ýapon korporasiýalarynyň baştutanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçysy şu günki duşuşygyň özara gatnaşyklary giňeldip, olara uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ýapon işewürleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bildirýändigi nygtalyp, ýurdumyza daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň    täzeçillik ädimlerine ýokary baha berildi. 

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça we bu gymmat bahaly serişdäni iberýän esasy döwletleriň biri bolup durýar. Şunda Türkmenistan energetika pudagynda diňe uly mümkinçilikleri bilen çäklenmeýär. Türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiýasy köp pudakly hojalyk gurluşyga gönükdirilendir we soňky döwürde täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Bu ylmy-tehniki işleriň ençeme ugurlary boýunça öňde barýan ýapon kompaniýalary bilen özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler açýar.

2013-nji ýylda Tokioda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen şunuň ýaly duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitläp, baý tebigy gorlary ulanmagyň, senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň meýilnamalary hakynda gürrüň berdi. 

Şol meýilnamalary nazara almak bilen, ýapon hünärmenleri tarapyndan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Bu ugurlardan başga-da, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky Bütindünýä maslahatynyň meselesi hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.  Türkmen Lideriniň ýokary derejedäki maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky umumy tagallalara ýardam etmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär. 

Norio Sasakiniň belleýşi ýaly, bu mesele ýurtlarymyzyň ikisi üçin hem möhüm bolup, olaryň hökümetleri tarapyndan ilatyň seýsmiki howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, degişli barlaglaryň we işleriň geçirilmegine uly üns berilýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň şu ugurda, şeýle hem beýleki ugurlarda tejribelerini utgaşdyrmagy ony tutuş Aziýa sebitinde ulanmak nukdaýnazaryndan hem peýdaly bolar.  

Daşary ýurtly maýadarlar we işewürler bilen hyzmatdaşlyga döwlet tarapyndan uly goldawyň berilmegi netijesinde Türkmenistan ýapon işewür toparlarynyň ünsüni özüne çekýär.  Olar geljegi uly bolan türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga ymtylýarlar diýip, Norio Sasaki belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, öz nobatynda, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin şatdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz soňky bäş ýylda Ýaponiýa üç gezek sapar bilen gelendigini belläp, şunuň ýaly işewür duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyryp, hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli usuly bolup hyzmat edýändigini nygtady. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Sendaý şäherinde BMG-niň tebigy betbagtçylyklar töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň geçirilmegi bilen baglydygyny aýdyp, bu meseläniň hem türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň gün tertibine girizilmelidigini belledi. 1948-nji ýylda Aşgabat weýrançylykly ýer titremesini başdan geçirip, şäher wes-weýran boldy we müňlerçe adamlaryň ömür tanapy kesildi. Türkmen paýtagty gaýtadan dikeldilip, täzeden guruldy, Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa ýurdumyz gülläp ösdi. Binalaryň we desgalaryň seýsmiki durnuklylygy, gurulýan desgalarda seýsmiki goraglylygyň döwrebap usullarynyň ulanylmagy şähergurluşyk hem-de binagärlik taslamalarynyň hökmany şertine öwrüldi. 

Bulardan başga-da, sebitimizde tebigy we ekologiki betbagtçylyklar bilen bagly meseleleriň bilelikde çözülmegini talap edýän işler bar. Olaryň hatarynda Aral deňziniň guramagy bilen bagly mesele hem bar. Demirgazyk çäkleri şol tebigy hadysa sezewar bolan Türkmenistan öz gezeginde bu ekologiki çökgünliligiň agyr täsirlerini azaltmagyň ýollaryny gözlemäge işjeň gatnaşýar, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine mynasyp goşandyny goşýar. Suwy we beýleki tebigy serişdeleri rejeli we netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy aýawly saklamak Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup,  ýurdumyz bu ugurlarda halkara guramalary we beýleki döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürýär, dünýäniň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär.   

Gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeň ösdürip hem-de amatly geografiki we geoykdysady ýagdaýyny peýdalanmak bilen, ýurdumyz birwagt dünýäniň bu künjeklerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dikeldip,  Aziýanyň we Ýewropanyň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli bolmagy üçin oňaýly ýagdaýy döretmäge ýardam edýär. Milli Liderimiz durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän oýlanyşykly döwlet syýasatynyň we ýylsaýyn ýokarlanýan ykdysady ösüşiň depginleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň—geljegi uly bolan türkmen bazaryna  üns berip başlan, şeýle hem giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga üstünlikli gatnaşýan hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýändigini aýtdy. 
 
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, usullaryny we kepilliklerini, eksport bazarlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň many-mazmunyny gysgaça beýan etmek bilen,   ýapon kompaniýalarynyň hem gatnaşýan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşine ünsi çekdi. 

Biziň ýurdumyz uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, önümçilik düzümini giňeltmäge,  öňdebaryjy tejribäni hem-de ylmy-tehniki gazanylanlary peýdalanmak bilen, ýataklary senagat taýdan özleşdirmegiň  we çig maly gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýar. 

Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary işläp düzmek we ornaşdyrmak babatda dünýä lideri bolup durýar, şonuň üçin Türkmenistanyň innowasiýalar babatda siziň ýurduňyz bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirmegi kanunalaýykdyr.  Öz nobatynda Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly zatlara, şol sanda uglewodorodlara baý ýurt bolup durýar. “Gaffney, Cline & Associates” /Beýik Britaniýa/ abraýly halkara kompaniýasynyň iri “Galkynyş” gaz käniniň gorlaryna garaşsyz auditi geçirmeginiň netijeleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol audit ony gazyň gorlary boýunça dünýäde ikinji orna çykardy. Şeýlelikde, bizde ykdysadyýetleriň özara üstüniň ýetirilmegi emele gelýär: Bir tarapdan ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagy we tehnologiýa taýdan ösüşiň üstünlikli tejribesi beýleki tarapdan diýip, milli Liderimiz belledi.

Önümçilikleri we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň milli strategiýasy bolup durýar. Biziň ýurdumyz Russiýa, Eýrana we Hytaýa gaz ibermek bilen, gaz geçirijileri artdyrmagyň taslamalaryny yzygiderli amala aşyrýar. Öňde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak durýar. Häzir oňa badalga bermäge taýýarlyk işleri “TAPI Ltd” konsorsiumynyň ýolbaşçysyny kesgitlemek tapgyryna geçdi. Energiýa serişdelerini ibermegiň Ýewropa ugry hem işlenip taýýarlanylýar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň eksportunyň esasyny düzýän çig malynyň “agyrlyk merkezini” dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply we uly isleg bildirilýän taýýar önümlere geçirmek, ýerli serişdeleri düýpli işleýän täze tehnologiýalaryň esasynda önümçilikleri ösdürmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Baştutany häzir Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň gaýtadan işleýän pudaklarda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlary bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, tebigy gazdan suwuk ýangyç almak, gazbenzinini öndürýän zawodlary, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, ammiak we karbamid öndürýän kärhanalary we beýlekileri gurmak boýunça amala aşyrylýan taslamalary mysal getirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda aýdyp, transmilli geçelgeleri döretmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan iri halkara taslamalary barada durup geçdi. Olar   ýurdumyzyň netijeli başlangyçlarynda öňe sürlüp, dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Milli Liderimiz işewürleri Türkmenistanda halkara logistik merkezini döretmek boýunça düzümleýin taslamalara gatnaşmaga çagyryp, multimodal ýük daşamalar ulgamynyň giňeldilmeginiň bilelikdäki senagat kärhanalarynyň çykarýan önümleriniň dünýäniň dürli künjeklerine ýetirilmegini gowulandyrmaga we çaltlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini diýip belledi. Bu bolsa ýapon hyzmatdaşlarymyza hem uly peýda getirer.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda Türkmenistanyň ilkinji milli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny onuň işläp başlamagy bilen bilelikdäki älem barlaglary üçin hem mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýdyp,    telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi çekdi. Täze senagat ugurlary döredilýän beýleki pudaklaryň arasynda oba hojalygy hem mysal getirildi.  

 Milli Liderimiz milli şähergurluşyk maksatnamamyzyň hem özara gatnaşyklar üçin uly meýdança bolup, milli senagat, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamy, ýaşaýyş-jemagat pudagy, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ýaly ugurlary gurşap alýandygyny nygtap, ýapon işewürleriniň ünsüni bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny aýratyn belledi. Ýapon kompaniýalarynyň tejribesi we mümkinçilikleri taraplar üçin bähbitli bolup, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda, şol sanda Hazar deňziniň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulanylyp bilner.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryny, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ykdysady we durmuş ösüşinde işewürler bileleşiginiň kesgitleýji orny barada aýtmak bilen,  türkmen telekeçileriniň, işewürleriniň ýapon kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Milli Liderimiz çykyşyny jemlemek bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň kesgitlenen ugurlaryny saparyň tertibi bilen baglylykda doly tanyşdyrmagyň mümkin däldigini belläp, olar barada türkmen hökümet wekiliýetiniň agzalary, iş tertibinde bolsa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşyp boljakdygyny aýtdy.   

Işewür we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika pudagynda, söwda-ykdysady ulgamynda, himiýa senagatynda, ulag, oba we suw hojalyklarynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki möhüm ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljegi we ony giňeltmegiň ugurlary hakynda pikir alşyldy. 

“Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ýorihiko Kolma ýapon kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň wekilçilik edýän korporasiýasynyň işine berýän goldawy üçin türkmen Liderine çäksiz hoşallygyny bildirdi. Bu korporasiýa “Gap Inşaat” türk kompaniýasy bilen bilelikde Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawody gurmak ynanyldy. Habar berlişi ýaly, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde bu konsorsium tarapyndan täze teklipleriň toplumy taýýarlanyp, şolaryň biri boýunça şu gün ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Maryda ammiak we karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny amala aşyran, şeýle tem tebigy gazdan suwuk ýangyjy öndürýän  zawodyň gurluşygyny alyp barýan “Sojitz Corporation” kompaniýasynyň prezidenti Ýuji Satonyň nygtaýşy ýaly, korporasiýa geljegi uly bolan türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge hem-de geçen ýyllaryň içinde senagat pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Işewür Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň we ýapon hünärmenleriniň ygtybarly tehnologiýalarynyň bu hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň kepili bolup durýandygyny belledi. 

“TOYO Engeenering” kompaniýasynyň prezidenti we baş dolandyryjy direktory Kasumoto Işibaşi öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatyna tüýs ýürekden haýran galýandygyny beýan etdi. Çünki bu syýasat ýurdumyza dünýäniň maliýe çökgünliginiň ýaramaz täsirini peseltmäge  hem-de iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda polietilen we polipropilen öndürýän ilkinji toplum şolaryň biri bolup, oňa ýapon korporasiýasy Günorta Koreýanyň kompaniýalary bilen bilelikde gatnaşýar. Türkmen nebitgazhimiýasyny ösdürmäge öz goşandymyzy goşmak biz üçin uly hormatdyr diýip, jenap Işibaşi  “TOYO Engeenering Corporation” kompaniýasynyň  ýurdumyza howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak babatda toplan tejribesini we “nou-haulary”, öňdebaryjy işleri bermäge taýýardygyny tassyklady.   

Milli Liderimiz kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň geosyýasy düzümini aýratyn görkezip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklaşdyryjy we birleşdiriji ornuny belledi. Bu babatda milli Liderimiz ýakynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň, şeýle hem şu ýylyň ýanwar aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyň netijeleri hakynda habar berdi.   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzyň hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk häsiýetine eýe bolmagynda galýandygyny hem-de sebitde ykdysady we gumanitar gatnaşyklary gurmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini belledi. Biz şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalaryň, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň biziň ýurdumyzda netijeli işlemegi üçin ähli şertleri üpjün etmäge taýýardyrys. 

Soňra bolan söhbetdeşlik şol birwagtyň özünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek, ony giňeltmegiň ugurlaryny hem-de usullaryny, bilelikdäki taslamalary we önümçilikleri guramak  üçin täze teklipleri we  netijeli pikirleri, özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen utgaşyp gitdi. 

Ýapon kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri—ýokary tehnologiýany, ylmy işleri köp talap edýän önümleri öndürmekde dünýäniň öňdebaryjylary hyzmatdaşlyk etmek, oňa innowasion hereketiň esasynda uzakmöhletleýin, yzygiderlilik häsiýetini çaýmak boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.  

Maýa goýumlary we önümçilige täze usullary ornaşdyrmak babatda netijeli gatnaşyklar üçin özüneçekiji pikirler beýan edildi. Olar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň tehnologik hyzmatdaşlygynda düýpli öňegidişlik bolup biler. Işewürleriň hünärmenleri taýýarlamak, bilelikdäki kärhanalary, hyzmat ediş gulluklaryny döretmek hem-de beýlekiler boýunça aýdan teklipleri hem özara gatnaşyklary giňeltmäge özara ymtylmanyň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologik ugruna aýratyn üns berildi. Gürrüň diňe ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýokary takyk enjamlaryny, täze elektron serişdelerini hem-de maksatnama ulgamlaryny satyn almak hakynda däl-de, eýsem, taraplaryň bähbidine gabat gelýän bilelikdäki amaly barlaglary guramak, tehnologik, inženerçilik  işlerine ylmy taýdan birleşmek hakynda hem bardy.  Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, şunuň ýaly hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny giňeltmäge oňyn täsirini ýetirer. Wagtyndan öň aýtsak, bu gürrüň şu gün öz dowamyna eýe bolup, has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar. 

Iş ertirligi görnüşindäki işewür duşuşyk täze resminama – “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” /Ýaponiýa/ we “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.S.” /Türkiýe/ kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek bilen tamamlandy.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hem-de Ýaponiýanyň işewürler federasiýasynyň wekili Norio Sasaki iki döwletiň ileri tutýan ugurlaryna we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň has-da berkidiljekdigine ýene-de bir gezek ynam bildirdiler. 

Şu gün şeýle hem “Palaсe” myhmanhanasynda milli Liderimize Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy. Munuň üçin belent mertebeli myhmanyň kabulhanasyna Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata  Kýosuke, wise-prezidenti Benton Kalorina we professor Usuýama Toşinobu geldiler. 

Sukuba ylmy şäherçesi Tokionyň 60 kilometr demirgazygynda ýerleşip, ylymlar parkynyň meýdany  2,7 müň gektara deňdir. Häzir bu ýerde ylym-bilim we barlag edaralarynyň 60-a golaýy hereket edýär. Olaryň arasynda Ýaponiýanyň iň ýaş okuw mekdepleriniň biri Sukuba uniwersiteti bar. 

Beýleki ýapon uniwersitetlerinden tapawutlylykda, Sukubada fakultetlere bölünişik ýok, sapak berlişi we ylmy barlaglar bolsa ugurlara bölünendir. Sapaklar kolležlerde berilýär, barlaglar bolsa döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen ylmy institutlaryň 26-synda geçirilýär. Barlag işlerine aspirantlar we ýokary kurslaryň   talyplary işjeň çekilýär. Uniwersitet her ýyl 1840 adamy, şeýle hem erkin diňleýjileri  okuwa kabul edýär. Höwesi bolan islendik adam saýlap alan ugry boýunça bir ýa-da birnäçe leksiýa okuw tapgyrlaryna ýazylyp bilýär. 

Ýurduň beýleki ähli döwlet uniwersitetlerinde bolşy ýaly, Sukuba uniwersitetinde okuwlar tölegli. Talyplaryň umumyýaşaýyş jaýy 4000 adama niýetlenendir. Ol Ýaponiýada iň  uly okuw toplumydyr.
Sukuba uniwersitetiniň dolandyryş ulgamy hem örän gyzykly. Oňa uniwersitetiň senaty tarapyndan esasy kolležleriň we institutlaryň professor-mugallymlarynyň we ýolbaşçylarynyň hataryndan saýlanýan prezident ýolbaşçylyk edýär. Wise-prezidentleriň bäşisi prezidentiň teklibi boýunça senat tarapyndan bellenýär. Olar okuw işleri, ylmy işler, talyplaryň işleri, lukmançylyk işleri hem-de dolandyryş işleri boýunça wise-prezidentlerdir. Umuman, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi 2,5 müň adam töweregidir. Olaryň arasynda beýleki döwletlerden çagyrylan alymlar hem bar. Uniwersitetde Nobel baýragynyň eýeleriniň üçüsiniň sapak berýändigini, “döredilenine 50 ýyldan az bolan iň gowy uniwersitetleriň 50-siniň” dünýä möçberindäki sanawda bolsa uniwersitetiň 13-nji orunda durýandygyny bellemek gerek. 

1973-nji ýylda döredilen ýokary okuw Ýaponiýanyň bilim nusgasynyň özgerdilmeginde ilkinji bolupdy. Häzirki wagtda uniwersitetiň öňünde durýan wezipe geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin çeýe okuw işini we barlaglary alyp baryş düzümini döretmek, talyplara özbaşdak ukyplaryny ösdürmäge hem-de hünär başarnyklaryny edinmäge mümkinçilik berjek ýagdaýy döretmek bolup durýar. 

Ilki başda oňa lukmançylyk, saglyk we beden taýdan ösüş mekdebi girdi, soňlugy bilen bolsa sungat we dizaýn, nazary we amaly ylymlarynyň, inženerçilik we maglumat ulgamlarynyň daşky gurşaw baradaky ylymlar mekdepleri, lukmançylyk tehnologiýalary we şepagat uýalarynyň işi kolleji, ynsanperwer we durmuş ylymlar mekdebi, işewürlik mekdebi, adam baradaky köptaraply ylymlar mekdebi hem-de beýlekiler açyldy.  2004-nji Sukuba uniwersiteti Milli uniwersitetler korporasiýasy tarapyndan resmi ykrar edildi. Uniwersitet “açyk halkara uniwersitetini” kemala getirmek ýolunda hemişe bilim bermegiň innowasion görnüşlerini gözleýär. 

Bu ýerde Ýaponiýanyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy üçin    ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň has böküş edip boljak pudaklarynda barlaglary maliýeleşdirmegiň maksatnamasy hereket edýär. Maksatnamanyň çäklerinde,şeýle hem önümiň bazara ilerledilmeginde goldaw berilýär. 

2013-nji ýylda Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeläp, diňe gündogar filologiýasynda we edebiýatynda däl, eýsem, ekologiýa, ykdysadyýet we energetika hem-de lukmançylygyň köp ugurlary we beýleki pudaklarda möhüm barlaglary geçirmegiň girewi bolmaga gönükdirilendir.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçylary “Palace”myhmanhanasynyň zalyna barýarlar. Bu ýere şu uniwersitetiň hem-de Ýaponiýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, talyplary, ylym hem-de tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Bu ýerde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen ylmy at gowşuryldy.  

Jenap Kýosuke dabarany açyp, bu ýere ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi hem-de bu duşuşygyň ynsanperwer ulgamda we ilkinji nobatda ylym pudagynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze tapgyryny alamatlandyrýandygyny  nygtady. Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ýola goýlan özara gatnaşyklar hem şoňa hyzmat etmäge gönükdirilendir. 

Soňra ýokary okuw mekdebiniň alymlar geňeşi tarapyndan bilim pudagynda we barlaglary geçirmekde özara alyş-çalyş etmek boýunça halkara okuw maksatnamasyna beren ýardamy üçin türkmen döwletiniň Baştutany   Gurbanguly Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen ady bermek baradaky kabul edilen çözgüt yglan edildi. 

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türkmen Liderine degişli şahadatnama gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söz berilýär. 

Türkmen döwletiniň Baştutany Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçylaryny we professor-mugallymlar düzümini, onuň talyplaryny, duşuşyga hemme gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Sukuba uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen belent adyň dakylandygy üçin Ýaponiýanyň abraýly ylym-bilim merkeziniň işgärler toparyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz bu belent adyň ilkinji nobatda bütin adamzadyň bähbitleri üçin ýadawsyz zähmet çekýän ähli türkmen halkynyň bitiren hyzmatyna berlen baha  hasap edýändigini aýtdy. Ylmyň we bilimiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki wajyp ornuny belläp, döwlet Baştutanymyz  ýurdumyz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge uly üns berýär, çünki biz ýaş nesillerimizi ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edip, ýurdumyzda ylmy hem-de bilimi ösdürmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri terbiýelemek maksadynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri we toplumlaýyn çäreleri häsiýetlendirdi. Bularyň hemmesi geljek üçin maýa goýumlary bolup, ol ädimme-ädim kemala gelýär. Türkmen halkynyň içinde “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýen pähim bar. Ol ylmy işleriň örän çylşyrymlydygyny beýan edýär. Häzir täsin tehnologiýalaryň we enjamlaryň giňden ýaýran wagtynda ylmyň many-mazmuny ozalkysy ýaly wakalaryň we hadysalaryň, olaryň kanunalaýyklygynyň aslyýetine ýetmek bolup galýar. 

Ýurdumyzda häzirki zaman ylymlar mekdebini döretmek üçin biz her ýyl täze okuw mekdeplerini açýarys. Milli Liderimiz talyplarymyzyň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin zerur bolan ylmy binýadyň hem-de ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Geçen ýyl biz Ylymlar akademiýasynyň düzüminde Tehnologiýalar merkezini hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini açyp, ulanmaga berdik. Bu merkezde we uniwersitetde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde işlemek üçin ähli şertler döredildi. Milli Liderimiz  ýurdumyzyň iri taslamalary öňe sürmäge we durmuşa geçirmäge, iň täze tehnologiýalary çekmäge hem-de giň gerim bilen ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Biz Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek syýasatyny alyp barýarys. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda ýapon kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenleri taýýarlamak boýunça alyp barýan arkalaşykly işlerimizi ösdürmegi hem-de berkitmegi göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça dürli ugurlarda zähmet çekýän işgärlerimiz üçin tejribe alyşmagy guramagy maksat edinýäris. Biz ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge degişli islendik başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldarys diýip, türkmen Lideri Ýaponiýanyň ýokary ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini ynandyrdy.

Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalara we milletiň aň-paýhas mümkinçiligine daýanýan nusgasy ylmy we bilimi ösdürmäge we umuman, ýurduň üçünji müňýyllykda durmuş-ykdysady ösüşiniň alamaty hökmünde ýokary derejede ösen intellektual jemgyýeti döretmäge aýratyn üns berýän häzirki zaman Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler. Okgunly we täsir galdyrýan ykdysady ýokary göterilişi gazanan Ýaponiýanyň tejribesi ösüşlere beslenen özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistana gyzykly we peýdalydyr.

Emma türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy iki ýurduň ykdysady bähbitleri bilen çäklenmeýär we milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň eýeleýän ornuna düýpli düşünilmegine esaslanýar. Çünki Ýaponiýanyň üstünligi halkyň ägirt uly zähmetsöýerligi, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklar, iň gowy däplere ygrarlylyk netijesinde gazanyldy. Bu esasy aýratynlyklar biziň halklarymyzy birleşdirýär. Megerem, şonuň üçin geografik taýdan uzaklyga, medeniýetleriň, dinleriň we dünýägaraýyşlaryň dürlüdigine garamazdan, biz köp meseleler boýunça umumy dil tapýarys we özara düşünişýäris. 

Hormatly Prezidentimiz medeniýet we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde ýaponiýaly dostlarymyzyň hyzmatyna ýokary baha berdi. Geçen ýyl biz türkmen halkynyň taryhynda möhüm senäni – beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny giňden belläp geçdik. Ýaponiýada hem bu ýubileýe bagyşlanan dabaraly çäreler ýokary derejede geçirildi. Biz geçirilen bu çäreler üçin size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny terjime eden ýapon terjimeçilerine hem hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly   Prezidentimiz ýaponiýaly kärdeşlerimiziň aýratyn hyzmatlaryny belläp, Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň saglygy goraýyş meseleleri boýunça ýörite geňeşçisi, «Medical Excellence Japan» guramasynyň prezidenti jenap Şuzo Ýamamotonyň,  «Toshibo» saglygy goraýyş kompaniýasynyň prezidenti jenap Satoşi Tsunakawanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanýandygyny yglan etdi.  

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlarymyzyň wekillerine Türkmenistanyň döwlet sylagyny gowşurdy. Olar öz işine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler, şeýle hem  ýurdumyzyň, zehinli türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletiň ak mermerli paýtagty-Aşgabadyň gözelliginiň özlerinde galdyran täsirlerini paýlaşdylar. 

Milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglanan adamlary gutlap, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen bolşy ýaly,  Ýaponiýa bilen hem hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek nygtady. Bu Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk ýörelgelerine we daşary syýasat ugruna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, ýaponiýaly dostlary bu taryhy senäniň hormatyna ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde geçirilýän toý dabaralaryna, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli Bütindünýä maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriler.

Hemmelere saglyk hem-de ylmy we döredijilik üstünliklerini arzuw edip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy. 

… Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiz Tokiodan “Şinkansen” ýokary tizlikli otluda Sendaý şäherine ugrady. Şol ýerde ertir, 14-nji martda BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahaty açylýar.

Günüň ikinji ýarymynda Sendaý şäherinde  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen resmi duşuşygy boldy. Milli Liderimiz öz kabulhanasyndan – “Metropolitan” myhmanhanasyndan çykyp,“Royal Park” kaşaň myhmanhanasyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Ýaponiýanyň Imperatory mähirli garşylady. 

Mälim bolşy ýaly, imperator hökümetiniň instituty gadymdan bäri Günüň dogýan ýurdunyň ierarhiýa düzüminde möhüm orny eýeleýär. Munuň özi ýapon halkynyň milli taryhyň we medeniýetiň aýratyn ýagdaýy hökmünde imperatorlar maşgalasyna oňyn garaýşy bilen şertlenendir. Ýaponiýanyň Konstitusiýasy Imperatory “döwletiň nyşany we halkyň agzybirligi” diýip yglan edýär. Belent mertebeli myhmanlaryň saparlarynyň maksatnamasyna Imperator bilen  resmi duşuşygyň goşulmagyna myhmana hem-de onuň ýurduna aýratyn hormat goýulmagynyň nyşany hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Ýaponiýa özüniň 2009– njy we 2013-nji ýyllarda bolan resmi saparlarynyň çäklerinde hem Imperator bilen duşuşandygyny ýatlamak ýerliklidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Imperator Akihito mähirli görşenlerinden soň, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda taraplaryň  erk-islegine daýanyp, hil taýdan täze derejä çykdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin Imperator Akihito tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ilkibaşdan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly üns berýändigini belledi. 

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda köpugurly kuwwata  eýe bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Halkara giňişliginde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şonda Türkmenistan we Ýaponiýa häzirki zamanyň esasy meselelerini, ozaly bilen sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleleri işläp düzmek boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Bu babatda  Sendaý şäherinde açylýan BMG-niň Bütindünýä maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.  

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda bolan resmi saparynyň barşynda  geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk hakynda kabul edilen Bilelikdäki beýannamada, hususan-da, taraplaryň “Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde seýsmiki gözegçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň” tehniki hyzmatdaşlygyny çalt amala aşyrmagy tassyklandyklarynyň aýdylýandygyny belläp geçmek ýerliklidir. Müňýyllygy ösdürmegiň maksatlaryna ýetmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyna umumy düşünişme gazanyldy.  Şol maksatnama tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmagyň hasaba alnyşy ýaly meseleleri çözmek üçin ugur alynýan ýörelge hökmünde adamyň howpsuzlygyna esaslanan netijeli gural bolmalydyr.  

Söhbetdeşligiň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

Şunda geljegi uly bolan türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerini netijeli işewür hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda ýapon hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda häzir birnäçe iri düzümleýin taslamalar, şol sanda  mineral serişdeleri işläp taýýarlamak, suwuklandyrylan gazy öndürýän tehnologiýalary ornaşdyrmak, port hojalygyny, elektroenergetika ulgamyny we beýleki düzümleýin desgalary döwrebaplaşdyrmak ýaly taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş we lukmançylyk, şol sanda ýokary tehnologik lukmançylyk enjamlaryny getirmek babatda   hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi. 

Türkmenistanyň Baştutanynyň Ýaponiýa bolan ozalky saparynyň barşynda aýdylan teklipleriň hem-de taraplaryň gazanan ylalaşyklarynyň häzir yzygiderli durmuşa geçirilýändigi türkmen-ýapon özara hereketleriniň artýan depginine hem-de onuň anyk netije bermäge gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Imperator Akihito döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary has-da berkitmek we baýlaşdyrmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Hormatly  Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Imperatory duşuşygyň ahyrynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň geljekde hem  üstünlikli ösdürilip, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler we  iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün şeýle hem  öz kabulhanasynda – “Metropolitan” myhmanhanasynda Hirosaki uniwersitetiniň rektory Kei Sato bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.  

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna Resmi Sapary Başlandy

turkmenhabargullugy

Barak Obama Dewid Kameron bilen duşuşdy.

syrach

Bäş Müňe Golaý Mekdep Okuwçylary Ýurdumyzyň Çagalar Sagaldyş Merkezlerinde Gyşky Dynç Alyşlaryny Geçirýärler