23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Bäş Müňe Golaý Mekdep Okuwçylary Ýurdumyzyň Çagalar Sagaldyş Merkezlerinde Gyşky Dynç Alyşlaryny Geçirýärler

Bäş Müňe Golaý Mekdep Okuwçylary Ýurdumyzyň Çagalar Sagaldyş Merkezlerinde Gyşky Dynç Alyşlaryny Geçirýärler

Mekdep okuwçylarynyň 3,5 müňe golaýy Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň “Döwletliler köşgünden” 240 çaga we Balkanabadyň çagalar öýünde terbiýelenýän 100 çaga bar.

Mundan başga-da, welaýatlardaky çagalar sagaldyş merkezleriniň bäşisinde häzir oglan-gyzlaryň 1360-sy dynç alýar.

Bilim, Medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti jemgyýetçilik guramalary bilen bileleikde çagalar üçin Türkmenistanyň Prezidentinden sowgatlaryň gowşurylmagy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralaryny, sirk, estrada, teatr artistleriniň çykyşlaryny, dürli döredijilik we sport ýaryşlaryny özünde jemleýän çäreleriň uly maksatnamasyny taýýarlady.

Mysal üçin, Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezleriniň toparlary iň oňat teatrlaşdyrylan sahna, iň gyzykly aýdym-saz, tans çykyşy, gurjak oýny, iň ajaýyp el işleri we beýlekiler boýunça ýaryşlaryň tapgyrlarynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler.

Çagalar şeýle hem merkezleriň arasynda geçirilýän ýangyna garşy tejribe ähmiýetli sport, türkmen milli oýunlary, küşt, şaşka, düzzüm-oýny, stol üstünde oýnalýan tennis we beýlekiler boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Dynç alýan ýaşlaryň şu günler garşylaýan myhmanlarynyň arasynda belli türgenler, meşhur aýdymçylar bar.

Degişli makalalar

Adam hukuklaryny berjaý etmek Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry.

syrach

«Lebapgazçykaryş»: Ýanwar-Fewral Aýlary Boýunça Meýilnama Artygy Bilen Ýerine Ýetirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

syrach