14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Mejlisi Kanunçylyk Namalarynyň Birnäçesiniň Taslamalaryna Garady we Kabul Etdi

Türkmenistanyň Mejlisi Kanunçylyk Namalarynyň Birnäçesiniň Taslamalaryna Garady we Kabul Etdi

Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine hem-de döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Resminama ara alnyp maslahatlaşylanda bu Kanunyň adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlar babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýändigi, şeýle hem şol maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we goramak bilen bagly işleriň maksadyny, ýörelgelerini we hukuk esaslaryny kesgitleýändigi bellenildi.

Şunda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz at-abraýyna we mertebesine hyýanat edilmeginden goranmaga hukugyny kepillendirýär. Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär. Eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň wezipeli adamlary her bir adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän resminamalar bilen onuň tanyşmagyna mümkinçilikleri üpjün etmäge borçludyrlar.

«Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Deputatlar çykyş edip, milli ruhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan hem-de jemgyýetiň ruhy we intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzýär diýip bellediler.

Türkmen halky asyrlar boýy medeniýete we sungata, ylma we bilime uly sarpa goýup geldi. Gadymy Merw, Köneürgenç, Dehistan öz kitaphanalary bilen tutuş dünýäde tanalypdyr. Häzir Türkmenistanda halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ylym we medeniýet ojaklary dikeldilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap kitaphanalar gurlup ulanmaga berildi. Olaryň gaznalary täze ýokary hilli metbugat neşirleriniň hasabyna yzygiderli ýetirilýär. Gadymy golýazmalary we kitaplary dikeltmek we abatlamak, olary aýawly saklamak hem-de giň okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça uly işler geçirilýär.

Türkmenistanda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän, her bir raýatyň maglumata, bilimlere bolan erkin elýeterliligini, kitaphanalarda saklanylýan milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna, ylma we bilime goşulmagyny kepillendirýän täze kanun hem ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Resminama ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň döredilmegi we işlemegi, kitaphana gaznalarynyň döredilmegi we abat saklanylmagyny üpjün etmek, kitaphanalardan peýdalanyjylara kitaphana hyzmatynyň guralyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem kitaphanalardan peýdalananlarynda olaryň hukuklaryny we borçlaryny belleýär.

«Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretmek bilen parlamentariler oba hojalygynda amala aşyrylýan, bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere üns berdiler.

Däneçilik pudagyny ösdürmek, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugurda eýýäm uly üstünlikler gazanyldy. Daýhanlar ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Häzir ýurdumyz öndürýän azyklyk dänesinden artýan bölegini eksport etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Şunuň bilen baglylykda, täze Kanun aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup, ol Türkmenistanda däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, saklamak hem-de däne kabul ediş we taýýarlaýyş kärhanalaryna daşamak we peýdalanmak boýunça işleriň hukuk esasyny kesgitleýär.

Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň Raýat is ýörediş kodeksine üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Býujet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

«Adalatçyny saýlamak hakynda» Mejlisiň Kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maslahatyň gün tertibiniň möhüm bölegi boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň işi ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň degişli Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. Dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesini nazara almak bilen, Adalatçy tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet derejesinde goralmagyny hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň olary berjaý etmegini we hormatlamagynyň mäkäm kepilliklerini döredýär. Täze Kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly, parlamentarileriň garamagyna üç adamyň kandidaturasy hödürlenildi, halk wekilleri gizlin ses bermek arkaly olaryň birini saýladylar. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň wezipesine Ýazdursun Gurbannazarowa saýlanyldy.

Şeýle hem maslahatda «Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlary bellemek hakynda», «Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda täze dörän şäherde halk maslahatynyň, täze dörän şäherçelerde we käbir geňeşliklerde Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda», «Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 4-nji orta mekdebine Soltanşa Atanyýazowyň adyny dakmak hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlaryna garaldy.

Deputatlar Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetine ýolbaşçylyk eden Pirnazar Hudaýnazarowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna bolsa Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy saýladylar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm hukuk resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunlarynyň üstüni ýetirip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen çalt ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Gyzgalaňly Hokkeý Döwri

Türkmenistan Bilim we Saglygy Goraýyş Ulgamlaryny Maliýeleşdirmegi Artdyrýar

turkmenhabargullugy

Amyderýanyň Üstünden Geçýän Köprüleriň Açylmagynyň Öň Ýanynda Bu Waka Bagyşlanyp Owadan Bezelen Neşir Çapdan Çykdy