24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi, onda täze Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda parlamentarileriň garamagyna “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Resminama ara alnyp maslahatlaşylanda onuň howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmegiň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýändigi bellenildi. Kanun howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almaga we howply önümçilik desgalaryny ulanýan ýuridik we fiziki şahslaryň heläkçilikleri çäklendirmäge we olaryň netijelerini ýok etmäge taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Deputatlar “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretmek bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan deňi-taýy bolmadyk gurluşygyň depginlerine aýratyn üns berdiler. Ähli ýerlerde köp sanly senagat, durmuş we medeni maksatly desgalar bina edilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda obalaryň döwrebap durmuşyny guramak, döwür bilen aýakdaş gidip, ýokary amatlylygyň we hyzmatlaryň şäher ölçegleri boýunça sazlaşykly gadam urmakda döwletimiziň ugur edinýän nusgalyk mysaly bolmaga gönükdirilen täze obalaryň düýbi tutulýar.

Ajaýyp binagärlik toplumlary, giň şaýollary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähleri, köp sanly çüwdürimleri bolan ak mermerli paýtagtymyz gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýanyň hakyky merjenine öwrüldi. Şunda gurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda esasy wezipeler bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary “Binagärlik işi hakynda” täze Kanunda hem öz beýanyny tapdy. Bu resminama binagärlik işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de adamyň ýaşaýşynyň amatly gurşawyny emele getirmäge, binalaryň, desgalaryň we olaryň toplumlarynyň estetik täsirliliginiň, ygtybarlylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir.

Parlamentariler öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki pikirleri iş ýüzünde giňden ulanmagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň durmuş derejesiniň ösmegi bilen binagärlik çözgütleriniň hilini artdyrmaga bolan zerurlyk ýokarlanýar, olar täze döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidir. Şäherleri we obalary ösdürmegiň baş meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda demokrafik, durmuş-ykdysady, ekologik we beýleki şertler göz öňünde tutulmalydyr. Gurulýan desgalar tebigy gurşawa sazlaşykly goşulmalydyr. Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, senagat toplumlarynyň we oba hojalyk ýerleriniň çäklerinde ýerleşýän taryhy-binagärlik ýadygärlikleri aýawly saklamagyň wezipelerini çözmek bolsa has-da uly tagallalary talap edýär.

“Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda hem pikir alyşmalar boldy. Resminama kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanda kärende hyzmatlary bazaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, degişli şertnamanyň esasynda emläk hojalyk işini amala aşyrmak üçin kärendesine berlip bilner. Şeýle hem bu Kanun milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi, hususy işewürligiň, telekeçiligiň has-da ösmegi bilen baglylykda zerur bolup durýar.

Taslamada kärendäniň obýektleri, kärende gatnaşyklarynyň subýektleri kesgitlenildi, kärende gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, kärende mahalyndaky eýeçilik hem-de emlägiň aýry-aýry görnüşleriniň kärendesiniň aýratynlyklaryna degişli döwrebar kadalar we düzgünler göz öňünde tutuldy.

Bellenilişi ýaly, “Kärende hakynda” Kanun döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge ýardam eder, şeýle hem Türkmenistanyň durmuşynyň dürli ugurlaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan oňyn şertleri üpjün eder.

Deputatlaryň garamagyna hödürlenen nobatdaky kanun taslamasy “Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda” diýlip atlandyrylýar. Bellenilişi ýaly, medeni ösümlikleriň genetiki gorlary, şol sanda olaryň ýabany kowumdaşlary döwletimiziň azyk howpsuzlygyny kesgitleýän binýatlyk esaslaryň biri bolup durýar. Munuň özi hut genetiki serişdeleriň seçgiçiligiň we ösümçiligiň esasy bolup durmagy bilen baglydyr.

Täze kanun medeni ösümlikleriň, olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Munuň özi oba hojalygyny ösdürmek, azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ylmy-barlag we seçgiçilik işini amala aşyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyzyň çäginde medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlarynyň ýüzlerçe görnüşi ösýär. Häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerini nazara almak bilen bu durmuş-medeni we taryhy mirasyň aýawly saklanmagyny üpjün etmek şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Soňra parlamentiň garamagyna “Döwlet protokoly hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy hödürlendi. Bu resminama daşary ýurt döwletleri, olaryň hökümetleri hem-de halkara guramalary bilen ýokary we beýleki derejelerde halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda”
“Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Raýat goranyş hakynda”
“Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda”, “Arçynlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary şol möhüm hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunlarynyň üstüni ýetirip, eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen has-da öňe gitmegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan ägirt uly wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

“Türkmenfilm” Birleşiginde Täze Filmler

BMG-niň we Türkmenistanyň Pudak Edaralarynyň Wekilleriniň Özarahereketleriň Derwaýys Meseleleri Boýunça Duşuşygy Geçirildi

Nebitgaz Toplumy

turkmenhabargullugy