24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Milli Ýygyndysy FIFA-nyň Reýtingindäki Ornuny Saklap Galdy

Ýurdumyzyň ýygyndy topary FIFA-nyň fewraldaky täzelenen sanawynda eýeleýän ornuny saklamagy başardy. Ýygyndy toparymyz 2019-njy ýylyň dekabryndakysy ýaly 129-njy orny eýeleýär.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna girýän ýygyndylaryň arasynda 24-nji orunda ornaşan ýygyndy toparymyz geçen döwürde resmi duşuşyk geçirmedi.

FIFA-nyň reýtinginde birinji orny Belgiýanyň ýygyndysynyň eýeleýändigini ýatladýarys. Ikinji, üçünji orunlarda Fransiýanyň hem-de Braziliýanyň milli ýygyndylary ornaşýarlar.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyzyň dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary – Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy 40-njy, Liwanyň ýygyndysy 89-njy hem-de Şri-Lankanyň ýygyndysy 206-njy orunlary eýeleýärler.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Gowaklarda Galan Gözellikler

Baýramçylygyň Hormatyna Ýaryşlar

syrach

Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi.

syrach