19.6 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annagulyýewiç Saparowy Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlamak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2020-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 4/1-nji karary tassyklanyldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 9 — 20-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi institutynyň we Halkara ummanlar institutynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahatyny geçirmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine we Hazar deňzi institutyna okuw maslahatyny talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasaryna şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň taýýarlanylmagyny hem-de Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasaryna şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň taýýarlanylmagyny hem-de Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasaryna şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň taýýarlanylmagyny hem-de Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen haly önümleriniň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmak, daşary ýurtlara ýerlenilýän haly önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşigini Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermek hem-de ony «Türkmenhaly» döwlet birleşigi diýip atlandyrmak bellenildi.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnamanyň, onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanawyny taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekilliginden boşadyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Aganazarowiç Bazarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowa Ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Japarguly Gulberdiýewiç Orazow «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden we «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Joşmyrat Aşyrmyradowiç Sedekow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

* * *
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Resulowiç Meredow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Mary welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek we pile önümçiligini talabalaýyk alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň üstüne ýurdumyzda pile önümçiligini talabalaýyk guramak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek hem-de piläni gaýtadan işlemek wezipeleri ýüklenildi.

Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky degişli kärhanalary Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna bellenen tertipde bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2020-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmak, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Welaýatlaryň häkimliklerine şu Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine şu maksatnamanyň bellenilen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Kakaýew Ýagşygeldi Elýasowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, bilim we sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçe käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, sport we ýaşlar syýasaty ministri Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiçe käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bilim edaralarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, bilim ministri Geldinyýazow Mämmetmyrada käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna berk käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Garlyýew Nurmämmet Allaberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Rejepow Kakamyrat Abdurahmanowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda çykaran 782-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby 2019-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Gökdepe etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Hem-de 2020-nji “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” Ýyly Mynasybetli Ylmy Tegelek Stol Geçirildi

Türkmenistanyň Halkara Žurnalistika Fakulteti

syrach

Pekinde HHR Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Dabaraly Çäre Geçirildi