18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan we ÝeHHG Ekologiýa Syýasatyny Durmuşa Geçirmekde Bilelikde Hereket Edýärler

Türkmenistan we ÝeHHG Ekologiýa Syýasatyny Durmuşa Geçirmekde Bilelikde Hereket Edýärler

Halkara guramalary tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmaga gönükdirilen ýurt we sebit boýunça ekologiýa taslamalaryna işşjeň gatnaşýarlar. ÝeHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem Türkmenistanyň hökümet guramalary bilen hyzmatdaşlykda taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar. Türkmenistan bilen ÝeHHG-niň tebigaty goramak meselelerinde hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada ÝeHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Baştutany,Ilçi Natalýa Drozd şeýle gürrüň berýär

-ÝeHHG-niň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebit işi „2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibine“, howanyň üýtgemegi babatda BMG-nyň çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerindäki Pariž ylalaşygyna, şeýle hem 2015-2030-njy ýyllara betbagtçylyklar töwekgelçiligni azaltmak boýunça Sinaý çarçuwaly maksatnamasyna we beýleki taslamalara laýyklykda alnyp barylýar.

Tebigy, ozaly bilen suw serişdlerini dolandyrmak, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýuça çäreleri işläp taýýarlamak we howply durmuş galyyndylaryny dolandyrmak–biziň sebitdäki işimiziň ileri tulýan ugurlarydyr.

Durmuşa geçirilýän wajyp taslamalaryň birnäçesini: ENVSEC („Daşky gurşaw we howpsuzlyk“ başlangyjynyň) çäklerindäki bilelikdäki iş, Günorta Ýewropada, Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda howanyň üýtgemegi bilen howpsuzlyk meseleleriniň özara baglanşygynyň minitoringini görkezmekçi.

Durnukly ösüşi üpjün etmek jähtinden ÝeHHG Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak we serhetüsti hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Şunda gurama suw hojalygy ulgamyny dolandyrmagyň ähli derejelerinde işleýän zenanlaryň hünär taýdan ösüşini we olaryň ygtyýarlyklaryny berkitmegi goldap, sazlaşykly gender deňligi ýörelgesinden ugur alýar.

ÝeHHG-niň işiniň ýene bir möhüm ugry—ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak we netijeli ekologiýa dolandyrşydyr. Daşky gurşawy goramak meselelerinde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilgiň we hususýetçileriň işjeň özara hereketine hem-de çözgütleri ylalaşykly kabul etmeklige, ekologiýa taýdan habardarlygyň elýeterligine gönükdirilen Orhus merkezleriniň işini goldamak bu babatdaky işiň möhüm ugrydyr. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada, şol samda Türkmenistanda Orhus merkezleriniň 25-si hereket edýär.

„Türkmenistanda Orhus konwensiýasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek“ taslamasynyň çäklerine amala aşyrylýan işlerden başga-da, ÝeHHG-niň Merkezi sazlaşykly ekologiýa dolandyryş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Biz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde durnukly ösüş boýunça Ylmy merkez açmak babatda başlangyç teklip etmekçi. Merkez tebigy serişdeleri, şol sanda suw we energetika serişdelerini dolandyrmak ulgamynda maglumat goldawyny berer we ylym edaralarynyň, talyplaryň hem-de ugurdaş gurluşlaryň düzümlriniň netijeli özara hereketine ýardam eder.

Türkmenistan ähli ugurlarda–milli, sebit we ähliumumy derejelerde daşky gurşawy goramaga hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge jogapkärçilikli hem-de oýlanşykly çemeleşýär. „Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç“ halkara forumy sebitiň ýurtlarynyň hökümetleriniň, halkara bileleşiginiň, ylmy edaralaryň, raýat jemgyýetiniň we biznes-düzümleriniň netijeli özara hereketine täze itergi berdi. Forum howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak gurallaryny işläp taýýarlamak we sebitde durmuş-ykdysady durnuklylyga ýardam etmek üçin netijeli söhbetdeşlik meýdançasy boldy.


Irina YMAMGULYÝEWA

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýanyň sebit hyzmatdaşlygyna täze itergi berilýär.

syrach

Sahawatly Desterhan-Nowruz Baýramynyň we Türkmen Myhmansöýerliginiň Aýrylmaz Bölegidir

Türkmenistanda Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar Geçirildi

syrach