23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Häzirki wagtda iş toparlarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe kanunçylyk namalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere gatnaşýarlar, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky edaralary bilen özara gatnaşyklar dowam edýär. Milli parlamentiň wekilleri ýerlerde degişli işleri geçirýärler, täze kabul edilýän resminamalaryň, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň, amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysady, bilim we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça işi dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg we Berlin şäherlerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti german ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan guralan maslahata gatnaşdy. Bu maslahat Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň, banklarynyň, maliýe we söwda düzümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini jemledi. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdiriýetiniň başlygy Wolfgang Býuhele bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda energetika, gazhimiýa senagaty, ulag we kommunikasiýalar, bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nemes işewürleriniň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri, hususan-da, deňiz suwuny arassalamak we süýjetmek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardyklary barada habar berdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça 2019-njy ýylyň fewralynda Berlinde german ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan guralýan işewürler maslahatyny geçirmek, mart aýynda bolsa bu komitetiň müdiriýetiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak teklip edildi.

Saparyň çäklerinde beýleki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň Döwlet sekretary, GFR-iň Federal Kansleriniň edarasyndaky degişli resmi adamlar bilen duşuşyklar geçirildi. Şolarda ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň federal daşary işler ministri bilen geňeşmeler hem geçirildi. Şonuň barşynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklara, şol sanda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Bu gatnaşyklaryň netijeliligi taraplaryň köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar. Geçen ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň ygtybarly syýasy esasy hem-de berk kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar hem döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýär. Ýurdumyz GFR-i özüniň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Türkmen bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan nemes işewürliginiň iri wekilleri bilen köp ýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz munuň dürli pudaklarda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Däp bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýlelikde, döwletara hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy bolsa umumy abadançylyga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary, şol sanda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýurdumyzda nemes sergilerini guramak, Germaniýada ýurdumyzyň arheologiýa sergisini dowam etdirmek babatda tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz medeni ulgamda gatnaşyklaryň döwletleriň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we netijeli halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat ulgamynda, şol sanda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy görkezen nemes oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň ýol gurluşyk ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, germaniýaly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça tejribesini ulanmak maksady bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň maslahat hyzmatlaryny bermek, döwrebap awtoulag tehnikasyny getirmek ulgamynda hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary, şol sanda Türkmenistanda gurlan täze senagat toplumlary Germaniýanyň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öz işleriniň dürli ulgamlarynda nemes tehnologiýalaryny giňden ulanýandyklaryny, bu oňyn tejribäni dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzda nemes dilini çuňňur öwrenmäge ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanyny artdyrmak, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görkezmeleri berdi.

Daşary işler ministrligine Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Bu goňşy ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýunynda ýola goýuldy. Şu döwürden bäri biziň döwletlerimiziň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem muňa ýardam edýär.

Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany hem-de Azerbaýjany gadymy döwürlerden bäri dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Munuň özi hem iki doganlyk halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, munuň üçin bolsa oňaýly mümkinçilikler bar.

Abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Bu babatda döwletleriň ikisi hem ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň hem-de çemeleşmeleriniň ýakyndygyny görkezýärler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjek öňümizdäki ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Türkmenistanyň degişli Kanuny esasynda döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli kärhanalaryň we desgalaryň sanawyny ylalaşmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan beýleki ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, 27 desgany hususylaşdyrmak baradaky teklip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. Geçirilen seljerme esasynda bäsleşikli söwdalar arkaly Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça desgalaryň 20-sini, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça desgalaryň 5-sini, Energetika ministrligi boýunça 2 desgany hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hususylaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, senagat önümçiliginiň netijeliligini we girdejililigini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge hem-de telekeçiligi, şol sanda orta we kiçi işewürligi depginli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini, munuň bolsa bazar gatnaşyklaryna geçilende möhüm şert bolup durýandygyny nygtady. Şu maksatlar bilen Türkmenistanda degişli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler görülýär, şol sanda “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Kanun kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky seljerme işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, ata Watanymyzy öňdäki orunlara çykarmaga ýardam berer.

Soňra wise-premýer G.Myradow Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. 15-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam Ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, BMGÖM-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

“CAREC 2030: söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam etmek” atly ministrler maslahatynyň gün tertibine dürli ugurlarda özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň hem-de geljegi uly düzümleýin taslamalary amala aşyrmagyň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Forumyň çäklerinde bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamy arkaly oňa Türkmenistany birikdirmek işini tamamlamak hakynda meselä seredildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýagdaýyň türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere, hususan-da, Täjigistana iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden şeýle çözgüdi möhüm durmuş-ykdysady wezipeleri çözmekde goňşy döwlete yzygiderli goldaw bermek boýunça syýasatyň ýokary netijeliligini nobatdaky gezek görkezdi.

Türkmenistanyň ozal hem däbe öwrülen doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Täjigistan Respublikasyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde goldaw berendigini bellemek gerek. Bularyň hemmesi biziň ýurdumyzyň dostluk we özara düşünişmek däplerine ygrarlylygynyň aýdyň mysaly bolup, olar häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolýar.

Maslahatyň barşynda iki taslama boýunça: Türkmenistanyň milli elektrik ulgamyny berkitmek hem-de Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek taslamalary boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Ylalaşyklaryň ikisi hem Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl CAREC maksatnamasynda başlyklyk edýän ýurdumyz Merkezi Aziýa giňişliginde we tutuş Aziýa sebitinde özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, anyk netijeli başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek babatda taslama boýunça ylalaşygy goldandygyny belläp, ýurdumyzyň tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

Bitarap döwletimiz geljekde hem umumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 20 — 22-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ykdysady sergä dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, halkala guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Forumyň gün tertibine dünýäniň energetika bazarynyň ösüşi, şol sanda nebit, gaz hem-de şolary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler giriziler. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Nebitgaz pudagyna maýalary çekmek, uglewodorodlary gözläp tapmak we çykarmak işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy öndürmegiň dünýä tejribesi, türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baý tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar we taslamalar, şol sanda nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezjek, bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çärä öwrüljek forumyň ähmiýetini belläp, wise-premýere sergini we maslahaty geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol gaz geçirijisi boýunça Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen “mawy ýangyjy” uzakmöhletleýin ugradylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, täze gaz geçiriji ulgam, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekiljek elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary Owganystany, onuň durmuş-ykdysady düzümini asuda dikeltmek ýaly möhüm meseleleri çözmek babatda uly ähmiýete eýedir.

Düýn Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylar ady agzalan taslamalary goldap çykyş etdiler. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ornuny belledi, ol TOPH taslamasynda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup, onuň durmuşa geçirilmegine ilki başdan işjeň gatnaşýar.

Häzirki wagtda Saud ösüş gaznasynyň bölüp beren ABŞ-nyň 40 million dollaryna satyn alnan turbalar getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanyň Patyşasy Salman ben Abdul Aziz Al Sauda ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmäge berýän uly ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nebitgaz pudagy bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow dokma pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmegiň, türkmen önüm öndürijileriniň ýokary hilli harytlarynyň eksportuny artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde öňdebaryjy işleriň we täzelikleriň esasynda hereket edýän pudaklaýyn kärhanalary tehnologiýa taýdan üpjün etmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilýän harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmak maksadynda mahabat-sergi işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda täze tehnologiýalaryň esasynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän arassa pagtadan ýokary hilli dokma önümleriniň hem-de ýüpek matalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän el halylarynyň öndürilýändigini belledi. Milli dokma senagatyny, umuman, ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmegiň hem-de täze sepgitlere çykarmagyň meýilnamalaryna laýyklykda, pagta süýümini ýerli kärhanalarda doly gaýtadan işlemäge geçmek, täze senagat tehnologiýalarynyň hem-de häzirki zaman moda meýilleriniň esasynda dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply taýýar önümleri çykarmak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dokma senagatynyň gazananlaryny hem-de türkmen halyçylygynyň gadymy däplerini dünýä ýaýmak, degişli ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň halkara sergilerine gatnaşmagynyň ähmiýetini bellemek bilen, milli Liderimiz bu ulgamda döwrebap mahabat serişdeleriniň öňdebaryjy gurallaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Ol ýokary bäsdeşlik şertlerinde islegleriň ýokarlanmagynyň netijeli guralyna öwrülýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär, häzirki zaman düzümleri döredilýär, dürli maksatly täze binalar we desgalar gurulýar hem-de ulanmaga tabşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň ähli beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de onuň düzümleriniň ösdürilmegine uly serişdeleri gönükdirjekdigini, türkmenistanlylaryň abadan we amatly durmuş şertleriniň döredilmegi üçin zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekmek bilen, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynyň özüniň ýokary derejesine laýyklykda ähli babatda nusgalyk görelde bolmalydygyny, Watanymyzyň ähli sebitlerinde amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalaryna okgunly depgin bermelidigini nygtap, ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän gurluşyk desgalarynyň ýokary hilini we gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň ähli durmuş üpjünçilik hem-de abadançylyk ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegi jemagat we beýleki gulluklaryň sazlaşykly işiniň guralmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Täze, 2019-njy ýyly garşylamaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda baýramçylyk çärelerini guramaga we degişli bezeg işlerini ýerine ýetirmäge, türkmen paýtagtyny we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini baýramçylyk lybasyna beslemäge, söwda dükanlarynda arçalaryň hem-de olary bezemek üçin oýnawaçlaryň hem-de beýleki önümleriň söwdasyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Täze ýylyň adamlara ýatdan çykmajak täsirleri hem-de şatlykly duýgulary paýlaýan aýratyn baýramçylykdygyny, ony garşylamaga hem-de şu mynasybetli geçiriljek dürli çäreleri guramaga örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň köp işleri bitirip biljekdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz çagalar üçin niýetlenen Täze ýyl dabaralarynda milli öwüşginleri döretmegiň, arçalary bezemekde türkmen ertekileriniň äheňlerini ulanmagyň, paýtagtymyzyň şaýollaryny we meýdançalaryny baýramçylyk öwüşgininde bezemegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Çakyýew 28-nji noýabrda Awazada ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan halkara maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer foruma ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hünärmenleri bilen bir hatarda, dünýäniň köp ýurtlaryndan bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan halkara derejeli iri çäreleriň birnäçesiniň geçirilýän ýerine öwrüldi, şolaryň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýurdumyzda köp şahaly ulag ulgamynyň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözülýändigini aýratyn bellemek gerek. Anyk mysallar hökmünde halkara ähmiýeti bolan täze awtomobil we demir ýollaryň, häzirki zaman inžener-tehniki düzümleriň, Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň we beýlekileriň gurluşygyny getirmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Ulag ulgamy durnukly we deňagramly dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönüden-göni täsirini ýetirýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine ygrarly bolmak bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça iri möçberli düzümleýin taslamalary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geljekde hem ähli degişli pudaklar bilen bir hatarda, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirer diýip, nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan çäk babatda amatly ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr geçiriji hem-de sebit we yklym derejeli logistika merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyryp, bu ulgamda umumy bähbitlere gönükdirilen öz kuwwatyny doly ulanmaga çalyşýar. Muňa ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp ugurly utgaşykly ulag gatnawy ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleri hem aýdyň mysaldyr.

Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy tejribäniň peýdalanylmagynyň möhümdigini nygtady, Türkmenistan gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdy, gadymy ýoluň ähmiýeti diňe bir ykdysady ölçegleri bilen däl-de, Ýewraziýa halklarynyň köpüsiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen hem kesgitlenilýär. Ýurdumyz milli mirasa esaslanyp, bu ýoly häzirki wagtda ulag gatnawlarynyň täze görnüşlerini ösdürmek bilen gaýtadan dikeldýär.

Ulag meselesine bagyşlanan Awaza forumynyň ähmiýetini aýratyn bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň bu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine netijeli goşant boljakdygyna ünsi çekip, oňa taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de şunuň bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa öňde boljak baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanan giň gerimli dabaralar meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, konsertler we sahnalaşdyrylan çykyşlar bar. Çäreleriň birnäçesi daşary döwletleriň wekilleri bilen tejribe alşylmagyna hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän ähli medeni-köpçülikleýin çäreleriniň we halkara döredijilik gatnaşyklarynyň milli medeniýetimizi hem-de baý medeni mirasymyzyň köp öwüşginliligini beýan etmelidigini aýtdy.

Medeniýet işgärleri özleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezmelidirler hem-de milli medeniýetimiziň geljekde hem ösdürilmegine, türkmen halkynyň ruhy mirasyny Ýer ýüzünde giňden wagyz etmäge ýardam berýän baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmelidirler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini belläp, bu möhüm işiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini aýtdy.

Biz geljekde hem bu işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen ähli medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada tabşyryk berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýan täze ýokary okuw mekdeplerini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli toplumlaýyn seljeriş işleriniň geçirilendigi barada habar berildi.

Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi hem-de täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri gurmak boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalar bilen baglylykda, hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdiren hem-de giň gözýetimli hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap, şu meseleleriň üstünde oýlanyşykly we toplumlaýyn işlemegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegine baglydyr.

Täze ýokary okuw mekdeplerinde bildirilýän talaplary, şol sanda iň döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, okuwy öňdebaryjy usullaryň esasynda guramak, talyplary ylmy iş bilen meşgullanmaga höweslendirmek meselelerini nazara almak bilen, geljekki hünärmenleri okatmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, okuwçylaryň ukyplaryny we zehinini nazara almak bilen, olary hünäre ugrukdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Mekdeplerde ýokary synp okuwçylarynyň geljekki hünärini nazara almak bilen, hünär boýunça bilim bermek tejribesi ulanylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, birinji ösüş suwuny tutmak, azotly dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de zerur bolan ýerlerde haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işleri geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, hasyly pagta kabul ediş harmanlarynda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek hem-de tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur işler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça 11-nji noýabrda gol çekilen “Oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” barada habar berildi.

Bu Ähtnamada obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda tehniki parkyň üstüni “John Deere” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň we tehnikalarynyň täze görnüşleri bilen ýetirmek, sanly elektron dolandyryş ulgamyny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekerançylygy mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ugurlarynda amerikaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde “John Deere” kysymly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny ulanmak we abatlamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirmek, tehnikalary döwrebap usulda dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezlerini hem-de oba hojalyk önümçiligini sanly elektron usulynda dolandyrmagy girizmek boýunça etrap merkezlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Oba we suw hojalyk ministrliginiň welaýatlarda ýerleşýän ýörite abatlaýyş kärhanalarynda “John Deere” kysymly tehnikalary ulanmak bilen bagly tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegi we bejermegi ýola goýmak maksady bilen, bu abatlaýyş kärhanalaryny täze döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

S.A.Nýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän okuw merkezlerinde “John Deere” tehnikasynda ulanylýan iň täze tehnologiýalary we oba hojalyk önümçiligine sanly elektron usulynda dolandyrmagy öwretmek boýunça okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köp ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan “John Deere” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini kanagatlanma bilen belledi. Kompaniýanyň iberýän tehnikalary ýerli şertlere uýgunlaşdyrylyp, özüni diňe gowy tarapdan görkezýär. Oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmek hem-de ýokary hünärli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň we dünýäniň iň gowy tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň çözgütlerine laýyklykda, oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň pudaga tejribeli hünärmenleriň çekilmegini talap edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz başga işe geçmegi sebäpli, Ö.Enermyradowy oba we suw hojalyk ministri wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba we suw hojalyk ministri wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek häkimiň orunbasary A.Nurgeldiýewiň üstüne ýüklenildi.

Işde goýberen kemçilikleri üçin, S.Babajanow Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu etrabyň häkimi wezipesine S.Meredow bellenildi we ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine N.Nazarmyradowy belläp, ony Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Dynç almak üçin kotedžli obanyň gurluşygy

syrach

“Döwletliler köşgündäki” çagalar Täze ýyl bilen gutlandy.

syrach

Bäsleşik Hakynda