29.2 C
Aşkabat
08.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýanwar aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mejlisde käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, geçen döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we sebitleri yzygiderli ösdürmek hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler üstünlikli geçirildi.

Munuň şeýledigine, ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi şaýatlyk edýär. Bu görkeziji 2018-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy.

Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, umuman, garalýan döwürde önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,9 göterim ýokarlandy.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 19 göterim artdy.

Ýylyň ilkinji aýynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdeji bölegi 1,4 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 1 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9,4 göterim köpeldi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, önümçilik we durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 181,6 million manada deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçilik etmek hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maliýe meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bu ulgamyň edaralarynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bolup durýar.

Şeýle hem sanly ulgama geçmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin anyk işler ýerine ýetirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 103,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini 113,3 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 113,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine ünsi çekdi. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 105,2 göterime barabar boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,7 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime ýetdi.

Ýanwar aýynda azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 155,1 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi barada habar berip, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ösüş suwunyň tutulýandygyny hem-de ak ekinleri azotly dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny, haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça gözegçilik işleriniň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletde geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz ýerleri ekişe taýýarlamagyň depginini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň obasenagat toplumyny sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri barada aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri hem hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýokary hünär derejeli, işine ussat hünärmenleri işe çekmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda wise-premýeriň teklibini makullady hem-de munuň işleri döwrüň talabyna laýyk hemmetaraplaýyn sazlaşykly guramakda möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we öndürilen önümleriň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 115,4 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 139,2 göterim ösüş gazanyldy.

Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça ösüş depgini 103,3 göterime barabar boldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önümleri öndürmek boýunça 111,1 göterim ösüş gazanyldy.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 133,3 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 101,1 göterim, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 124,2 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 134,4 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 103,6 göterim ösüş gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat we ulag pudaklarynyň sazlaşykly hem-de netijeli işini üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmegiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,3 göterim ýerine ýetirilip, 108,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 101,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 100,3 göterime ýetdi.

Energetika ministrligi boýunça meýilnama 114,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 109,4 göterime barabar boldy.

Şeýle hem wise-premýer gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, gurluşygy dowam edýän binalary we desgalary ýokary hilli, bellenen möhletlerinde ulanmaga tabşyrmak bilen bagly hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy hadysalaryň täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri görmek babatda jemagat hojalygy düzümleriniň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz gyş döwründe ýagynyň köp ýagmagy netijesinde ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy. Munuň özi suwlaryň lagym ulgamy ýa-da beýleki dürli ulgamlar arkaly jaýlaryň ýerzemin gatyna geçmegine getirer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäherde binalary we desgalary gurýan kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň şeýle tebigy ýagdaýlara aýratyn üns bermegini, taslamalar düzülende zerur talaplary berk berjaý etmegini gazanmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýagyn hem-de sil suwlaryny netijeli peýdalanmak boýunça ylmy esasda zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu işleri degişli derejede ýola goýmagy wise-premýerden talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda giň gerimli işleriň gurluşyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, döwrebap ulag düzümini döretmäge, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmäge hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmaga, ýaşaýyş jaý gurluşygy, sebitleri özgertmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, ähli ugurlar, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş toplumlaryny, şolaryň ýanaşyk ýerlerini we beýlekileri abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy we daşary söwdany ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

2019-njy ýylyň ilkinji aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,6 göterim artdy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,2 göterim hem-de lomaý haryt dolanyşygy 44,9 göterim köpeldi. Öndürilen önümiň möçberi 7,2 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 22-si geçirilip, şolarda şertnamalaryň 2106-sy hasaba alyndy.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 83,2 göterim ýokarlandy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen senagat önümleriniň mukdary 6,6 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň mukdary 19,2 göterim ýokarlandy.

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, gurluşygyna badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal welaýatynyň çäginden geçýän böleginiň gurluşyk işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygy habar berildi.

Wise-premýer şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi. Şol ýerde türkmen wekiliýeti türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gazanylan görkezijileriň söwda toplumynyň edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydygyny nygtady.

Milli Liderimiz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleri has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi we ony sanly aragatnaşyk arkaly wise-premýere ugratdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça syýahatçylara edilen hyzmatlaryň görkezijisi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 102,3 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 100,1 göterim ýerine ýetirildi.

Aýyň dowamynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň esasy maksatlaryny hem-de wezipelerini düşündirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan doly we gysga göwrümli çeper filmleriň, multiplikasion hem-de çeper-publisistik filmleriň önümçiligine başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet ideologiýasyny döretmegiň, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu ugurda kemala gelen maddy-enjamlaýyn binýadyň doly hem-de netijeli ulanylmagynyň, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň wagyz edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de şolara täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň mazmunynyň we ähmiýetiniň döredijilik taýdan açylyp görkezilmegi üçin wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgelerini wagyz edýän döredijilik ulgamynyň wekilleriniň goşandynyň milletimiziň ruhy-ahlak taýdan kemala gelmegini şertlendirýändigini belläp, bu işleriň döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösüşiniň kepilidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, teleradioýaýlymlar boýunça berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri has içgin we giňden beýan etmek, gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen ajaýyp sepgitleri wagyz etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli ýörelgelerimizden hem-de halkara tejribelerden ugur alnyp, okuw maksatnamalaryny, 12 ýyllyk orta bilimiň okuw meýilnamasyny kämilleşdirmek, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak, ylmyň innowasion gazananlaryny hem-de kämil tehnologiýalary okuw işine işjeň ornaşdyrmak, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy.

Geçen aýda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça halkara bäsleşigine gatnaşan ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bir altyn, bir kümüş, üç bürünç medala mynasyp boldular.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny, şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek babatynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen häzirki wagtda degişli gurluşyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini hem-de täze lukmançylyk merkezleriniň, institutlaryň, mekdepleriň, sport desgalarynyň ulanylmaga berilmeginiň hasabyna onuň ýyl-ýyldan berkidilýändigini we giňeldilýändigini aýdyp, ylmy edaralaryň hem-de institutlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýakynda geçirilen düzümleýin özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz indi guramaçylyk işlerini çaltrak tamamlap, bu ugurda zerur işlere girişilmelidigini belledi hem-de öňdebaryjy usullary we sanly tehnologiýany ulanmak arkaly, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza gelýän myhmanlaryň, şol sanda syýahatçylaryň sanynyň artýandygy bilen baglylykda, saglygy goraýşyň öňüni alyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, möwsümleýin keseller döwründe sebitde we dünýäde keselleriň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz degişli ugurda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyndan we işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda ýurdumyzda sanjym geçirmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada habar berdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy täze kanunlaryň taýýarlanylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilendigini belläp, deputatlaryň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentariler bilen 7-nji fewralda bolan duşuşygynyň barşynda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, kanunçykaryjylyk edarasy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi.

Işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň ählisi özgertmeleri amala aşyrmak hem-de bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmek, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, demokratik esaslaryny berkitmek üçin kanunçylyk şertleri döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz deputatlaryň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde yzygiderli iş alyp barmalydyklaryny, öz okruglarynda durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen bilelikde netijeli işlemelidiklerini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşykda ýakyn wagtda öňümizde duran wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýer G.Myradowa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna hem onuň ýerine ýetirilişi barada her çärýekde Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Biz sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleri köpeltmek boýunça geçirýän işlerimizi dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmak işleri-de alnyp barylmalydyr.

Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri hem dowam etmeli. Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamaly. Göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususy pudagyň paýyny artdyryp, oňa işjeň gatnaşmagy üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler M.Meredowa hem-de E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, nebitgaz we oba hojalyk pudaklaryndaky işlere aýratyn üns bermelidigini aýdyp, bu pudaklaryň ikisinde hem ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin işiň täze görnüşlerini gözlemegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe beýleki möhüm meselelerine garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministriniň we Irlandiýanyň Daşary Işler Ministriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Ýaponiýa İmperator Akihitonyň doglan gününi gutlady.

syrach

Ýeňiş gününiň hormatyna baýramçylyk çäreleri.

syrach