04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi, ol milli parlament tarapyndan döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň Komitetlerinde häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny kabul etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, deputatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilat arasynda täze kanunçylyk namalarynyň mazmuny hakynda düşündiriş işlerini yzygiderli guraýarlar. Daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary berkidilýär we ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamakda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerinden ugur alynmalydygyny belledi. Durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýän kanunlar işlenip taýýarlanylmalydyr. 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamaga hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz baş maliýe resminamasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine niýetlenen maýa goýumlarynyň ýokary depginlerde özleşdirilmegini hem-de döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri hem-de Palestina Döwletiniň Prezidentiniň 13-15-nji noýabrda ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli we dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bolup durýandygy nygtaldy. Şunda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Palestina bilen gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy. Häzirki günde halkara resminamalarynyň 7-si türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny düzýär. 2012-nji ýylyň maýynda we 2015-nji ýylyň dekabrynda Palestinanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň DIM-niň wekiliýeti Palestinanyň Ramalla şäherinde iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanda Palestina Döwletiniň ilçihanasyny açmak boýunça alnyp barylýan işler hem döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlenen Palestina bilen baglanyşykly ynsanperwer meseleler boýunça kararnamalara ýurdumyzyň goldaw berýändigini belledi.

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek türkmen-palestina gepleşikleriniň gün tertibinde häzirki ýagdaýlar we geljekki mümkinçilikler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şolaryň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary babatda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn halkara hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz Palestinanyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we işewür aragatnaşyklaryny ýola goýmak, ylym, bilim we medeniýet ulgamynda netijeli özara hereketleri höweslendirmek üçin oňaýly gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilen öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-palestin gatnaşyklarynyň ynsanperwer ulgamyna degişli meselelere ünsi çekip, 2012-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde guralan “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly halkara maslahatynyň geçirilendigini ýatlatdy. Şunda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen bu wekilçilikli maslahatyň aýratyn bölümi palestinaly bosgunlaryň meselelerine bagyşlandy.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasat Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri bilen, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Öz parahatçylyk dörediji kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin durmuşa geçirmäge ymtylýan Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edip, döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegine hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär. Muňa ýurdumyzyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän anyk başlangyçlary aýdyň subutnamadyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolan Türkmenistan maksada gönükdirilen işleri alyp barýar hem-de bosgunlara kömek bermek we hukuklaryny goramak boýunça anyk çäreleri görüp, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna uly goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara-hukuk resminamalaryna goşulan ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryna döwlet syýasatynyň binýadynda goýlan hakyky ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň şol resminamаlarynyň hatarynda “Bosgunlaryň derejesi hakynda” BMG-niň Konwensiýasy hem-de degişli Beýannamasy, “Apatridleriň derejesi hakynda” we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” BMG-niň Konwensiýalary bar. Halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna anyk eýermek babatda Türkmenistanda degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň bosgunlar bilen baglanyşykly meselelere sebitde ilkinjileriň biri bolup uly üns berýändigini, heniz 1995-nji ýylda ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň işläp başlandygyny hem-de bu meseleleriň çözülmeginde uly tejribe toplanandygyny belledi. Bu mesele boýunça türkmen tarapynyň başlangyjy BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň giň goldawyna eýe boldy, bu müdirlik bilen ýygjam özara gatnaşykda anyk çäreler durmuşa geçirildi. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligine birnäçe ýyllaryň dowamynda Antoniu Guterreşiň ýolbaşçylyk edendigi bellärliklidir. Ol 2012-nji ýylda biziň ýurdumyzda saparda bolupdy we häzir Birleşen Milletler Guramasynyň täze Baş sekretary wezipesine saýlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda käbir sebäplere we ýagdaýlara görä öz mesgen tutan ýerlerinden gitmäge mejbur bolan adamlaryň müňlerçesi ikinji watanyna eýe boldular. 2014-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat ýene-de ählumumy ynsanperwer meseleleri boýunça iri maslahatyň geçirilen ýerine öwrüldi: bu ýerde Türkmenistanyň Hökümetiniň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň hem-de Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň bilelikdäki tagallalary bilen guralan “Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahaty: Çagyryşlary kesgitlemek we öňe tarap ýol” atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň BMG, onuň iri düzümleri hem-de beýleki abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara hereket edip, döwrüň möhüm meseleleriniň, şol sanda ynsanperwer häsiýetli meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna mundan beýläk-de gönüden-göni gatnaşjakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz aýdylanlary umumylaşdyryp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilen ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň wajypdygyny ýene-de bir gezek aýratyn belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işini kadalaşdyrýan birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, netijeli bazar ykdysadyýetine geçmek şertlerinde durmuş-ykdysady, guramaçylyk we beýleki wezipeleriň çözülmegi bilen bir hatarda, awtoulag serişdeleriniň eýeleriniň raýatlyk jogapkärçiligini hökmany ätiýaçlandyrmak ugrunyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetiniň artýandygyny belledi. Täze usulyň girizilmegi ýol-ulag heläkçiliginiň öňüni almaga, raýatlaryň ömrüniň we saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz bu çäräniň Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş ugrunyň halkara ätiýaçlandyryş bazary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny şertlendirjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ýurdumyzyň dünýäniň ekologiýa taýdan abadançylygy bilen baglanyşykly öňe sürýän işjeň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda daşky gurşawyň ýokary derejesini üpjün etmek, adamlaryň saglygyny goramak we olaryň sagdyn durmuşy üçin şertleri döretmek, tebigata hem-de tebigy baýlyklarymyza örän jogapkärçilikli çemeleşmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak we beýleki degişli wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Howany zyýanly galyndylardan goramaga, daşky gurşawa zyýanly täsirli hojalyk işleriniň we beýleki işleriň öňüni almak, ilatyň saglygyny goramak boýunça öňe sürülýän teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda ykdysadyýet, maliýe, söwda, nebitgaz toplumy, energetika, senagat, gurluşyk, ulag hem-de aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, bilim, saglygy goraýyş hem-de syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan ilkinji resmi sapary türkmen-ýapon gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi, onuň barşynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna, şol sanda maliýe, saglygy goraýyş we derman senagaty, nebitgaz toplumy, elektroenergetika, himiýa senagaty ulgamlarynda, şeýle hem demirýol ulaglaryny, suw hojalygyny, ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi, degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Hususan-da, bu resminamalara laýyklykda, bilelikdäki iri taslamalary – gazy gaýtadan işleýän we himiýa senagaty toplumlaryny hem-de beýleki senagat desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz öňdebaryjy we ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri hasaplanylýan Ýaponiýa bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda netijeli hyzmadaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşygyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň zerurdygyny belledi. Hormtly Prezidentimiz türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň iş toparlarynyň düzümi baradaky meselä degip geçmek bilen, ony taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Iş toparlarynyň düzümi taýýarlanylanda öňde durýan wezipelerden, iki tarapyň ylalaşyklaryndan ugur alynmalydygyny aýratyn belledi.

Şeýlelikde döwlet baştutanymyz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň düzümine gaýtadan seretmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde sebitlerde güýzlük galla ideg işleri, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy göreş boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, gallaçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şu güne çenli 61 müň tonna golaý şaly ýygnaldy. Balkan we Mary welaýatlarynda 1100 gektar meýdandan ýygnalan gant şugundyrynyň möçberi 21,5 müň tonna ýetirildi.

Şeýle hem wise-premýer Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulýan Halkara karantin merkeziniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Onuň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, 120 bedewi saklamaga niýetlenendir. Bu ýerde weterinariýa bölümi, edara binasy, çapuw ýodalary, konkur üçin meýdança, iýmleri saklamak üçin ammarlar guruldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek babatdaky döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, däne önümçiliginiň, pagtanyň we beýleki ekinleriň mukdaryny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipelere toplumlaýyn we sazlaşykly esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz güýzlük galla edilýän idegiň agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini aýdyp, munuň geljek ýylda ak bugdaýdan bol hasyl almagyň möhüm şertidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda Halkara karantin merkeziniň dabaraly açylyşyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada wise-premýere tabşyryk berdi. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň döwrebap düzüminiň kemala getirilmegine ägirt uly ähmiýet berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz täze toplumyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagyna, bedewleriň bäsleşiklere degişli derejede taýýarlanmagyna, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada aýdyp, durmuş taýdan goraglylyga aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin iri panelli ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynda Aşgabatda we her welaýatda umumy meýdany 6 müň 123,6 inedördül metr bolan 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň göz öňünde tutulandygy bellenildi. Olar mümkinçiligi çäkli bolan raýatlaryň ýaşamagy üçin niýetlenendir.

Öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen Senagat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen bilelikde oňaýly ýaşamak üçin hemme zerur şertler we amatlyklar göz öňünde tutulýan öýleriň taslamalary taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin ýörite gurulýan täze ýaşaýyş binalaryň çyzgylary we taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ýaşaýşynyň hilini we hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, türkmenistanlylaryň zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin mynasyp şertleri we mümkinçilikleri döretmegiň, olaryň her biriniň hukuklaryny hem-de bähbitlerini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, durmuş taýdan goraglylyga aýratyn mätäç bolan raýatlara durmuş taýdan zerur hyzmatlaryň kepillendirilen möçberini, şol sanda olary amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary hödürlemäge aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiz mümkinçiligi çäkli bolan raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygyna oýlanyşykly çemeleşmelidigini aýdyp, şol jaýlaryň binagärlik aýratynlyklaryna, öýleriň halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyklykda gurnalmagyny hem göz öňünde tutup, wise-premýere ähli meseleleriň üstünde düýpli işlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäher düzümini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak, lagym we suw geçiriji ulgamlary gurmak işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Suw sorujy beketleri abatlamak işleri meýilleşdirilýär. Jemagat hojalygy düzümleri şäher köçeleriniň we seýilgäh zolaklarynyň arassaçylygyny üpjün edýär.

Paýtagtymyzda ulag ýollaryny abatlamak, onuň ýanaşyk çäklerini abadanlaşdyrmak, köprüleri, ýerüsti we ýerasty geçelgeleri gurmak, ýanýodalaryň asfalt örtügini çalşyrmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýan ýeri bolan ak mermerli Aşgabatda şäheriň ýaşaýjylarynyň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini, göwnejaý dynç alşyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyz şäheriň gaýtalanmajak binagärlik keşbiniň, döwrebap köçeleriniň, gök zolaklarynyň, köpsanly seýilgähleriniň oňat dynç alyş mümkinçiliklerini döretmelidigini aýtdy.

Soňra Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew geljek ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralagynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ekspozisiýasyny gurnamak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçiriljek sergi iň möhüm meseleleriň birini – alternatiw energiýa çeşmeleriniň we “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny beýan eder.

Döwlet Baştutanymyz Astanada geçiriljek sergä Türkmenistanyň gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtap, “ýaşyl energetika” ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolmaga gönükdirilen öňde boljak iri gözden geçirilişe ýurdumyzyň giňişleýin ekspozisiýasyny iň ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginde içerki bazarda bolçulygyň döredilmegine aýratyn orun berilýändigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda howa ulaglary kärhanalarynyň guramaçylyk düzümlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howa ulgamynyň dolandyrylyşyna häzirki zaman usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi täze döwrüň ýagdaýlary bilen şertlenendir hem-de öňde goýlan wezipeler nazarda tutulyp, döwlet düzümleriniň işlerini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işleriniň gerekli derejesini hem-de hereketleriň takyk meýilnamasyny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi halkara ýolagçy gatnadylyşynyň gerimini has-da giňeltmäge hem-de hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyrmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilişi babatda uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Karara gol çekip, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, milli Liderimiziň garamagyna“Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, bu bäsleşigiň çäklerinde däbe görä höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi guralar. Bäsleşikleriň jemlerini 2017-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti barada aýdyp, onuň ýeňijileriniň kesgitlenilmegine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlary öz beýanyny tapmalydyr, watançylyk hem-de ýokary ahlak sypatlaryny beýan etmelidir, ýokary çeperçiligi hem-de derwaýyslygy bilen tapawutlanmalydyr. Döwlet Baştutanymyz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleriň ähmiýetini belläp, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu ýylyň 4-5-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen saglygy goraýyş boýunça VI türkmen-german maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda halkara ölçeglerine doly kybap gelýän hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şonda bu ugurda daşary ýurtlaryň, şol sanda Ýewropanyň belli lukmançylyk merkezleri, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy hassahanalary bilen hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Saglygy goraýyş federal ministrliginiň arasynda 2012-2016-njy ýyllarda bu ugur boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groschadern hassahanasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyk yzygiderli durmuşa geçirilýär. Nemes hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde 2011-2016-njy ýyllaryň dowamynda ugurdaş maslahatlaryň 6-sy geçirildi. Olaryň üçüsi GFR-de, üçüsi bolsa ýurdumyzda guraldy.

Saglygy goraýyş boýunça VI türkmen-german maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Saglygy goraýyş federal ministrliginiň topary, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny işläp taýýarlaýjy iri kompaniýalaryň wekilleri, GFR-iň dürli şäherleriniň öňdebaryjy hassahanalarynyň meşhur alym-professorlary Aşgabada geldiler. Maslahatyň gün tertibine süýji keselini bejermek endokrinhirurgiýasy, fizelterapiýa, onkologiýa keselleri we beýlekiler ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri girizildi.

Onuň jemleri boýunça lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça türkmen hem-de nemes hünärmenlerinden düzülen bilelikdäki iş toparyny döretmek, ýola goýlan özara peýdaly pikir alyşmalary dowam etmek, keselleri anyklamak we bejermek boýunça täzeçil usullary öwrenmek hem-de ornaşdyrmak, lukmançylyk ylmy we tejribesi ýaly möhüm ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi.

Wise-premýer geçen döwürde geçirilen bilelikdäki maslahatlaryň netijeleri barada aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde saglygy goraýyş babatda “türkmen-german mekdebiniň” döredilendigini, onuň barşynda GFR-iň öňdebaryjy hassahanalarynda türkmen lukmanlarynyň 125-siniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçendigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde tejribe alyşmak maksady bilen onlarça belli nemes hünärmenleri we professorlary ýurdumyzda boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan Ähtnamany we Ylalaşygy 2017-2021-nji ýyllar üçin uzaltmak hakyndaky mesele öňe sürüldi. Munuň özi nemes hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukukly, işjeň we özara bähbitli esasda ýola goýulýan türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary ýurdumyzda gurlan döwrebap saglygy goraýyş edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň lukmanlarynyň gatnaşyklarynyň yzygiderli we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi, Türkmenistanda we GFR-de geçirilýän lukmançylyk maslahatlary, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ylmy-barlag işiniň, dürli keselleri anyklamak we bejermek boýunça usullaryň ösdürilmegi özüniň oňyn netijesini berýär.

Biz mundan beýläk-de milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegi möhüm ugur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli Ähtnamanyň hem-de Ylalaşygyň möhletlerini uzaltmak hakyndaky teklibi oňlady. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, özygtyýarly Watanymyzyň abadançylygynyň we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen we Amerikan Sazandalarynyň Bilelikdäki Baýramçylyk Konserti

Hazarýaka Döwletleriniň Wekilleriniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy