14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda şu ýyl alnyp barlan işleriň gysgaça jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar bolup geçýär. Halkara pul gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, ösýän ýurtlaryň köpüsinde ykdysadyýetiň ösüş depgini haýallady. Bu ösüş häzir pes bolmagynda galýar.

Bu bolsa daşarky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy, abadançylykly ösüş döwründe pul, býujet we karz syýasatynyň örän pes derejede alnyp barylmagy netijesinde emele geldi. Şeýle hem, köplenç dürli görnüşdäki döwlet maýasynyň peýdasyna bazar özgertmelerinden ýüz öwrülmegi bilen ykdysadyýetiň gowşamagy zerarly ýüze çykdy. Ilki bilen köp mukdardaky hususy we döwlet bergileriniň bolmagy çykdajylaryň, aýratyn-da, ykdysadyýetiň ösmegine ýardam bermeli düýpli maýa goýum çykdajylarynyň möçberlerini çäklendirýär. Onuň möçberleri (jemi içerki önüm babatda) dünýädäki maliýe çökgünliginden soň pese düşdi hem-de häzirlikçe çökgünlige çenli döwürdäki derejesine ýetip bilmeýär. Maýa goýumlarynyň möçberleriniň azalmagy hem zähmet öndürijiliginiň ösüşiniň peselmegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutup, biz kabul eden maksatnamalarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin zerur bolan çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisiniň, döwlet derejesindäki dürli maslahatlaryň 44-siniň geçirilendigini belledi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde hem-de halkara derejesindäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler boýunça ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda hem-de dogry kararlary we çözgütleri kabul etmegi, şeýle hem biziň sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyz, mähriban halkymyzyň giňden goldamagy ykdysadyýetde hem-de daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagymyzyň girewi boldy. Halkara pul gaznasynyň ýakynda ýurdumyzda bolan wekiliýeti biziň bu ugurda alyp barýan işlerimize oňyn baha berdi. Ykdysady ulgamda kabul eden çözgütlerimiziň we saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Biz ýubileý bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirdik. 2016-njy ýylda göz öňünde tutan ähli işlerimiz diýen ýaly üstünlikli amala aşyryldy. Garaşsyz döwletimiziň rejelenen görnüşdäki Konstitusiýasy hem-de indiki ýyl üçin oýlanyşykly düzülen Döwlet býujeti kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ilat üçin ähli durmuş ýeňillikleri saklanyp galdy. Halkymyz tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanýar. Jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlary hem ujypsyz bolmagynda galýar. Harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin hem zerur çäreler görüldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary ýene-de 10 göterim köpeldildi. Aýlyk zähmet haklaryny tölemek bilen bagly hem hiç hili mesele ýok.

Biz şu ýyl umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desgany işe girizdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara howa menzilini, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň öz güýjümiz bilen gurlan birinji tapgyryny, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegini, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýasyny, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumyny görkezmek bolar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köpsanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanylmaga berilmegi aýratyn şatlyk duýgularyny döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz guwanç we buýsanç bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz alnyp barlan halkara işleriniň netijelerini jemläp, şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 8 saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň döwletimize 10 sapary bolup geçdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň resmi wekilleriniň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň şeýle-de dürli halkara korporasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň köpsanly duşuşyklary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Bitarap döwletimiz indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, bu guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS-yň) üç sany toparyna saýlandy. Paýtagtymyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de şu mesele boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegini, ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň uly üstünligi hasaplap bolar. Döwlet Baştutanymyz bu wakalaryň Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenen ýylynda aýratyn şan-şöhrata eýe bolandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. Umuman, 2016-njy ýylda syýasy we ykdysady häsiýetli köpsanly dürli ýaramaz hem-de oňyn ýagdaýlaryň bolandygyna, şu ýylyň ähli döwletler üçin örän kynçylykly gelendigine garamazdan, biz ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary, ýagny 6,2 göterim bolmagyna garaşýarys. Ýubileý ýylynyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2016-njy ýyl kynçylykly bolsa-da, Garaşsyz Watanymyz we mähriban halkymyz üçin oňat ýyllaryň biri boldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, mejlise gatnaşyjylara geljek ýyl biziň üçin örän möhüm bolan iki sany çäräniň bardygyny ýatlatdy. Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem-de V Aziýa oýunlary bolup durýar. Bu çäreler hem örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmelidir.

Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny goýan demokratiýanyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada – kanunlarymyzda öz beýanyny tapdy. Şonuň üçin hem, Prezident saýlawlary ýurdumyzyň ähli ýerinde guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak V Aziýa oýunlary barada aýdyp, dünýä derejesindäki şeýle örän uly sport çäresini ilkinji gezek geçirýändigimizi belledi. Soňa görä-de, Berkarar Watanymyzyň at-abraýy hem, ýurdumyzda geljekki ýokary derejeli ähli sport çäreleriniň geçirilmegi hem biziň bu Oýunlary nähili geçirendigimize bagly bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz her ýyl üçin belli bir şygary öňe sürýändigimizi, munuň bolsa, bellän belent maksatlarymyza tarap okgunly öňe gitmäge bize ýardam berýändigini belläp, geçiriljek öňde duran çäreleri göz öňünde tutup, geljek ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler G.Mämmedowa, S.Toýlyýewe ýüzlenip, geljek ýylyň iň oňat nyşanyny döretmek ugrunda bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy. Bäsleşikde iň gowy diýlip saýlanyp alnan nyşany metbugatda we telewideniýede ýerleşdirmeli.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde nobatçylygy guramak bilen bagly meselä seretmegi, şol sanda nobatçylyk etmegiň tertibini işläp taýýarlamagy hem-de degişli maglumatlary wise-premýer S.Satlykowa bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz S.Satlykowa baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol günler her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçylar bellenilmelidir. Döwlet Baştutanymyz jemagat hojalygy gullugynyň, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemegini guramagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, baýramçylyk günleri raýatlarymyz oňat dynç alar ýaly we ony ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda geljek ýylda bize köpsanly halkara wakalarynyň garaşýandygyny, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçiriljekdigini belledi. 2017-nji ýylda Prezident saýlawlary geçiriler, täze ýolbaşçylar işe girişerler. Olar milli-watançylyk maksatlary durmuşa geçirmeli bolarlar, jemgyýetiň abadançylygy hakda alada etmeli bolarlar. Goý, Täze ýyl üstünlikli we düşümli ýyl bolsun! Bu üstünlikler ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen nobatdaky ädimler bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bilelikdäki mejlise gatnaşyjylaryň ählisine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň şu gezek ýekşenbe gününe gabat gelýändigi üçin ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny giňden belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara, ýagny duşenbe gününe geçirmek barada karara gelendigini aýdyp, «Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakyndaky» Permana gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hökümet agzalaryna we Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara çykyş etmek üçin söz berdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B. Hojamämmedow garamagyndaky ministrliklerde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işleri pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi barada aýdyp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ähli bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän çäreler, senagat pudagyndaky önümçilik kärhanalarynyň birnäçesiniň üznüksiz işini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk günlerinde işleýän pudaklaýyn kärhanalarda zähmet düzgün-nyzamynyň pugta berjaý edilmegine berk gözegçilik edilmeginiň, munuň üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew toplumlarda Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk, şol sanda baýramçylyk günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we durmuş maksatly desgalaryň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramynyň dabaralara beslenýän günlerinde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň we gulluklarynyň bökdençsiz işlemegi hem-de sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigi barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudagyň ähli kärhanalary tarapyndan Täze ýyl baýramçylyk söwdasyny, şol sanda goşmaça we göçme söwda nokatlaryny guramak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl sowgatlaryny, sowgatlyklary, şeýle hem baýramçylyk saçagyna azyk önümlerini almak üçin dükana gelen adamlaryň baýramçylyk ruhunyň esasyny düzýän alamatlaryň biri hökmünde alyjylara hyzmat etmegiň ýokary medeniýetiniň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Minisitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow oba hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gözegçillik edýän düzümlerinde Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň söwda bazarlarynda dürli önümleriň we azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy. Obasenagat toplumynyň we ýurdumyzyň azyk senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokary derejede saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler barada hasabat berip, Täze ýyl mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek babatda ýurdumyz boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl çäreleriniň geçiriljek ýerlerine köpsanly adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň ýygnanjakdygyny belläp, sanitar-epidemiologiýa we köpçülikleýin öňüni alyş işlerine üns bermek barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde geçiriljek dabaralara hem-de konsertlere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralarynyň we döredijilik çäreleriniň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary derejede, ajaýyp baýramçylyga mahsus şadyýanlyk ýagdaýynda geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylyk günlerinde olaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulaglaryň ähli görnüşlerinde hyzmat etmegiň ýokary derejesini hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň hasabaty diňlendi. Wise-premýer baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň edara-kärhanalaryny we ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek barada görlen çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň mynasyp durmuş şertleriniň döredilmegini ilkinji nobatdaky döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýerine ýetirilmegine hem-de ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk günlerinde üznüksiz energiýa üpjünçiligine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýerlerde deputatlaryň alyp barýan işleri, şeýle hem halkyň saýlan wekilleriniň Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryny taýýarlamaga gatnaşmagy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, döwletimiziň durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda deputatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de ilat bilen netijeli gatnaşyklary saklamakda möhüm ornuny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň netijelerini jemläp, 2017-nji ýyl üçin meýilnamalaryň üstünde işlenilýändigini habar berdi. Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralara daşary ýurtlardaky ilçilerimiziň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik korpusynyň wekilleriniň gatnaşýandygy hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly üstünliklerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň diplomatlarynyň alyp barýan işleriniň örän wajypdygyny belläp, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine pugta ygrarly bolan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň gerimini örän giňeldendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň ornunyň ýokarlanmagyna hem-de onuň abraýynyň artmagyna ýardam etdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň howpsuzlyk we durnukly ösüş esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyzyň ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanda parahatçylyk we asudalyk ýagdaýyny gorap saklamakda Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň ägirt uly goşandyna ýokary baha berip, döwletimiziň geljekde-de harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna, ilkinji nobatda bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hem olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini gowulandyrmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyna hiç bir zadyň päsgel bermezligi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki mejlisiň barşynda Karara gol çekip, Döwlet Migrasiýa gullugyna Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasyna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly işleriň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ýolbaşçylaryna söz berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze—2017-nji ýyl mynasybetli çäreleri guramak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramyny adamlaryň şatlyk-şowhun bilen ýokary derejede garşylamaklary üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berip, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky, aýratyn-da, medeni-durmuş we senagat maksatly binalarda alnyp barylýan işleriň gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda Täze ýyl baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan medeni-köpçülikleýin çäreleriň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerleri geljek ýylyň hasylyna taýýarlamak hem-de Täze ýyla görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmek we ýerlerde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän Täze ýyla göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew gündogar sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle hem Täze ýyl baýramyny ýokary derejede garşylamak maksady bilen görülýän guramaçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Täze ýyl baýramy bilen baglanyşykly ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, welaýatyň ykdysadyýetiniň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çärelerini guramak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabadyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk şähere öwrülmelidigini belläp, baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň arassaçylyk derejesi we düzgün-tertibiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

WTI-niň Bahalary Taryhy Minusa Düşmeden Soňra Ýene-de Položitel Ýagdaýda Geldi

Berdimuhamedow Türkiýäniñ metbugat işgärleriniñ

syrach

Beýik Ýeňişiň 75 Ýyllygy Mynasybetli Ýaş Olimpiýaçylary Taýýarlaýyş Mekdebinde Geçirilen Açyk Gapylar Güni

turkmenhabargullugy