18.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Neşirýat Önümleri Minskide Halkara Kitap Sergi-Ýarmarkasynda Görkezildi

Türkmenistanyň Neşirýat Önümleri Minskide Halkara Kitap Sergi-Ýarmarkasynda Görkezildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy 8-nji fewralda belarus paýtagtynda açylan XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar.

Kitap önümleriniň gözden geçirilişinde 30-dan gowrak kitap neşir edijiler önümlerini görkezýär. Türkmenistanyň sergisi edebiýat, ylmy, publisistik neşirleriň, fotokitapçalaryň we beýleki neşir önümleriniň ýokary hilli poligrafiýa taýdan ýerine ýetirilişi bilen pudagyň öňdebaryjylarynyň hem-de bu ýere gelenleriň uly ünsüni çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda çapdan çykan “Çaý– melhem hem ylham” hem-de “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitaplary, şeýle hem türkmen halk döredijiligine bagyşlanylan neşirleriň tapgyrlary, şol sanda çagalar üçin owadan bezelen kitaplar sergä gelenlerde ýokary gyzyklanma döretdi.

Ýarmarkada, şeýle hem häzirki zaman redaksion-neşirýat tehnikasynyň nusgalary görkezildi. 12-nji fewrala çenli dowam etjek çäreleriň maksatnamasy täze kitaplaryň tanyşdyrylyşyny, ýazyjylar we neşirýatçylar bilen duşuşyklary, okuw-maslahatlaryny we tegelek stollary özünde jemleýär. Belorus kitap çap edilişiniň 500 ýyllygy, Ýanka Kupalanyň we Ýakub Kolasyň doglan gününiň 135 ýyllygy şu ýylky forumyň esasy ugurlarydyr.

Degişli makalalar

Adam Söwdasyndan Habardar Bolmak Zerurdyr!

syrach

Lebap Welaýatynyň Atamyrat Etrabyndaky Allamberdar we Astanababa Aramgählerine Ýudumyzyň Çar Künjeginden Zyýarata Gelinýärler

Türkmenistan Barada Umumy Maglumatlar

syrach