14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Paýtagtynyň Täze Ajaýyp Ýerleri Ginnesiň Rekordlar Kitabynda

Türkmenistanyň Paýtagtynyň Täze Ajaýyp Ýerleri Ginnesiň Rekordlar Kitabynda

Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Guinness World Records kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça örän iri hökmünde bellige aldylar. Munuň şeýledigini tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu hoş habarlar mynasybetli 21-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynda Türkmenistanyň hökümetiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, medeniýet işgärleriniň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda paýtagtymyzda başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galan Oýunlaryň ägirt uly ähmiýeti açylyp görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu iri çäräniň orny sport ulgamyna garanyňda, has giň bolup, onuň täsiri durmuşyň ähli taraplarynda — halkara hyzmatdaşlykdan başlap, syýahatçylyga çenli köp ugurlarda öz beýanyny tapar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýan, Aşgabat Aziadasyna görülýän düýpli taýýarlyk binagärlik işlerinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar: paýtagtymyzda özboluşly sport toplumy — diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bina edildi.

Munuň özi naýbaşy taslamanyň diňe giň gerimli ölçegine däl-de, eýsem, desgalaryň 30-dan gowragyny öz içine alýan şäherçäniň üpjünçilik derejesine, onuň ýokary tehnologiýaly düzümine, amatlylygyna hem-de gaýtalanmajak estetiki keşbine hem degişlidir.

«Aşgabat — 2017-niň» esasy nyşany — bedewiň çeper-monumental keşbi şol görnüşiň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Bu ajaýyp keşpde oýunlaryň ähli pikir konsepsiýasy, Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylygy jemlenendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gamyşgulak bedewiň türkmen halkynyň taryhynda, milli medeniýeti we özboluşlylygy, ruhy çelgiler ulgamyny hem-de göýä ajaýyp bedewiň ganatlarynda asyrlaryň içinden geçip gelen baý mirasy kemala getirmekde eýeleýän ornuny belleýär.

Türkmen bedewleri — biziň buýsanjymyz we şan-şöhratymyz diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen, seýisleriň ençeme nesilleri tarapyndan ýetişdirilen ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak aýratynlyklaryny belleýär. Tohumçylyk-seçgi işleriniň yhlasly geçirilmegi, bedewleri seýislemegiň we ösdürip ýetişdirmegiň mekdebiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde halkyň paýhasy bilen tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp sungat döredildi.

Gamyşgulak, inçe boýun, ajaýyp syratly hem-de ynsan üşükli göreçleri bolan ahalteke bedewi, dogrudan-da, sungat eserine çalymdaşdyr. Deňsiz-taýsyz çydamlylyga we ýyndamlyga, kuwwatly güýje hem-de egsilmez gaýrata eýe bolan bedewini eýerläp, onuň bilen bir jan-ten bolup, türkmen söweşde, zähmetde we toý-baýramda wepaly dosta, ygtybarly kömekçä, ynamdar ýoldaşa mynasyp boldy.

Şunuň ýaly çyn ýürekden sarpa goýmak nireden gelip çykýar?

Bu sowala jogaby uzak gadymyýetden, türkmen milletiniň gözbaşlaryndan gözlemek gerek.

Belli alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi öz döwründe beýik açyş etdi — ol Marguş ýurduny bütin dünýä açdy. Arheologiýanyň taryhynyň şamçyragy bolan ol ýurt, esasy alymlaryň ykrar edişi ýaly, Gadymy Hytaý, Hindistan, Müsür we Mesopotamiýa bilen bir hatarda dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezidir.

Marguşyň ýadygärlikleriniň arheologik barlaglarynyň barşynda alymlar ahalteke tohumyndan bolan atyň dünýäde däp-dessur bilen ilkinji jaýlanan ýerini ýüze çykardylar. Ol bolsa, hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, ahalteke tohumyndan bolan bedewdir. Ondan görnüşi ýaly, bedewi söweşde wepat bolan gahryman hökmünde uly hormat bilen jaýlapdyrlar. Onuň jaýlanan ýeriniň ýanynda gymmat bahaly gap-gaçlar hem-de bezeg şaý-sepleri bar eken.

Ahalteke atlary gadymy döwürlerde öz taryhy watanynyň çäklerinden örän alyslarda hem giňden meşhur bolupdyr. Atyň watany Ahalyň —Köpetdagyň eteklerindäki bereketli jülgeler bolup, onuň tohumynyň ady hem şondan gelip çykypdyr.

Ahalteke bedewlerini sypatlandyrýan “behişdi” ýa-da “ganatly” diýen düşünjeler hytaýlylardan alnypdyr. Hytaýyň ýaşaýjylary mukaddes Kunlun dagynyň depesinde asman hökümdary ýaşaýar diýip hasaplapdyrlar. Onuň hem ganatly atlary bolup, rowaýata görä, şolar bilen asmanda uçupdyr hem-de ýere düşüpdir…. Haçan-da Hytaý imperatory ahalteke bedewini ilkinji gezek görende, ol “Bu Kunlun dagyndaky asman bedewi!” diýip, haýran galypdyr.

Şondan bäri ahalteke atlaryny «ganatly bedewler» diýip hem atlandyrýarlar.

Türkmen bedewiniň dünýä taryhynda şan-şöhratyny artdyran ýene-de bir mysal, Aleksandr Makedonskiniň Busefal diýen aty bilen baglanyşyklydyr. Käbir alymlar şol atyň hut ahalteke tohumyndan bolandygyny çaklaýarlar. Ol öz eýesini — gadymy döwrüň beýik serkerdebaşysyny ençeme gezek ölümden halas edipdir. Haçan-da Busefal wepat bolanda, Makedonskiý ony hakyky gahryman hökmünde dabaraly ýagdaýda jaýlapdyr.

Antik döwürde biziň ata-babalarymyz bolan parfiýalylarda ahalteke bedewlerinden ybarat meşhur atly goşun bolupdyr. Senetçi ussalar diňe atlylar üçin däl-de, eýsem, olaryň seýislän atlary üçin hem harby lybaslary taýýarlapdyr. Demir sowutly agyr atly goşun duşman bilen mertlerçe söweşipdir. Rowaýata öwrülen şeýle söweşleriň biri serkerdebaşy Mark Krass bilen bolan söweşdir. Spartagyň baştutanlygynda gullaryň gozgalaňyny basyp ýatyran serkerde rim goşunyny Parfiýa döwletiniň paýtagtyna alyp gelipdir. Şonda ahalteke bedewlerine atlanan biziň ata-babalarymyz olaryň goşunyny derbi-dagyn edipdirler…

Biziň ata-babalarymyz baryp gadymy döwürlerde bedewleri ösdürip ýetişdirmek boýunça tutuş bir mekdebi işläp taýýarladylar. Bu mekdep söweşjeň bedewi türgenleşdirmegiň binýatlyk ulgamy hökmünde dünýäniň ençeme ýurtlarynda giňden ýaýrady. Ahalteke bedewi çarpaýa galyp, öz eýesini garşydaşynyň oklaryndan gorapdyr, eger eýesi ýaralanyp, eýerden ýykyljak bolanda bedew ony dişleri bilen gysyp we toýnak salyp, duşmanlaryň golaýlaşmagyna ýol bermändir. Ýerde ýaraly ýatan eýesiniň ýapyşyp eýere münmegi üçin dyzyna çöküpdir hem-de ony jeň meýdanyndan alyp çykypdyr.

Ikinji jahan urşy döwründe türkmen atlylary öz şöhratly ahalteke bedewlerinde haýran galdyryjy gahrymançylyk görkezip, munuň üçin diňe bir orden-medallar bilen däl, eýsem, Sowet Soýuzynyň Gahrymanynyň ýyldyzlary bilen hem sylaglanypdyrlar. Haçan-da 1945-nji ýylda Moskwada Gyzyl meýdançada uzak garaşdyran Ýeňiş Ýörişi geçirilende, marşal G.K.Žukow üýtgeşik owadan, ak reňkli ahalteke bedewine atlanyp, Ýörişi kabul etdi.

Şondan 65 ýyl geçenden soň, Moskwada faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir Ýöriş geçirildi. Şol baýramçylyk çärelerine düzümine frontçy-weteranlar hem-de ýaş harby gullukçylar giren türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Biziň toparymyza öz wagtynda G.K.Žukowyň taryhy Ýeňiş Ýörişini kabul eden şol ahalteke bedewiniň nesli bolan bedewe atlanan ildeşimiz ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem ahalteke bedewleriniň beýleki meşhur tohumlaryň döremegine uly goşant goşandygy bellidir. Olar iňlis, arap atlary hem-de ruslaryň orlow atydyr.

Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ahalteke bedewi bolan Ýanardagyň keşbi ýerleşdirildi. Munuň özi halkymyzyň taryhynda we durmuşynda atyň neneňsi derejä eýedigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň öňki şöhratyny täzeden dikeltmek, olary dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly möçberli işleri alyp barýar.

Şoňa görä-de, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly dabaralaryna we ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň depesinden biziň milli taryhymyzyň nyşany, mirasymyzyň hem-de täze döwrüň döredijilik güýjüniň alamaty bolan ahalteke atynyň äpet uly keşbiniň garap durmagy kanunalaýykdyr.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginden öňürti, aýratynlyklary ýazyp bellemek üçin 2017-nji ýylyň 6-njy martynda geçirilen ölçeglere laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy.

At bilen birlikde Aziýa oýunlarynyň alawunyň çanagy hem belentlikde ýerleşýär. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmenleriň däp bolan ýüzärliginiň dessesi görnüşinde bezeldi. Üstünligiň hem-de goramagyň tumarynyň wezipesini alaja hem ýerine ýetirýär. Ol alawyň çanagyny hem-de bedewiň boýnuny bezeýär. Ol hem oýunlaryň açylyş dabarasynda alawy ýakmak pikiri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen bu keşbi bezemäge girizildi.

Maksat alawy ýakyp, daş-töweregi tüssäniň gurşap almagyny alamatlandyrmakdyr. Munuň özi gadymdan gözbaş alýan dessur bolup, türkmen halky tütedilen ýüzärligiň tüssesiniň ähli bela-beterden, howp-hatardan goraýar diýip hasaplapdyr.

Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp bolup, ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Suwda ýüzmek we suwa bökmek ýaryşlarynyň geçirilýän bu toplumynda bir wagtyň özünde bäş müň tomaşaçy ýaryşlara tomaşa edip biler. Toplumyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşdirildi. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeglerine laýyklykda, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy.

Tomaşaçylar üçin münberlerde janköýerler üçin hem degişli şertler göz öňünde tutuldy. Täze suw toplumynyň düzümine sport terapiýasynyň meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, oňaýly egin-eşik çalşyrylýan otaglar hem-de türgenler üçin dynç alyş otagy, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän bölüm girýär. Bulardan başga-da, taslamada restoran, kafe birnäçe garbanyşhana göz öňünde tutuldy.

Elbetde, bu desga ýurdumyzda sportuň suw görnüşlerini has-da ösdürmäge, olaryň üsti bilen ýaş türkmenistanlylary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga çekmäge, abraýly halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny gorajak ýokary derejeli ussatlary taýýarlamaga kuwwatly itergi berer.

V Aziada ýakynlaşdygyça milli Liderimiz paýtagtymyzyň we Olimpiýa şäherçesiniň bu uly waka taýýarlanylmagyna uly üns berip, onuň desgalaryny gözden geçirýär. Bu bolsa çäräniň belent derejesini ýene bir gezek artdyrýar, onuň üstünlikli geçirilmegi bilen biziň ýurdumyz dünýäniň sport döwletleriniň hataryna girer, wagtyň geçmegi bilen Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hem dalaş edip biler.

Ýöne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, “Aşgabat 2017” oýunlary dostlugyň, saglygyň we ruhubelentligiň, türkmen halkynyň ylalaşdyryjylyk maksatlarynyň we myhmansöýerliginiň dabaralanmasy bolar. Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alnan ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bolsa biziň ak mermerli owadan paýtagtymyzyň gözelligi we buýsanjy bolup, ençeme nesillerimize hyzmat eder.

Degişli makalalar

Stambul Uniwersitetinde Halkara Futbol Bäsleşiginiň Jemleýji Duşuşygy Geçirildi Fotosuratlary

Prezidentimiz Russiýayň Daşary İşler Ministrini Kabul Etdi

syrach

Aşgabat we Minsk Iki Paýtagtyň Parahatçylyk Döredijilik Işlerinde Özara Daşary Syýasy Goldawlaryny Tassyklaýar