19.6 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2020-nji ýylyň 4 — 6-njy mart aralygynda Marokko Patyşalygynda gulluk iş saparynda bolar.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mahtymguly Meretgulowiç Penjiýew “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdiýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

2-nji derejeli ýurist Didar Suhanberdiýewiç Orazow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Şyhly Alladurdyýewiç Pelläýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

1-nji derejeli ýurist Ikram Saparmuradowiç Pirow Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Çarymuhammet Agajanowiç Agaorazow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Rahmanowiç Durdyýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. TDH

Degişli makalalar

Manisa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan dabara

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Bütindünýä Serginiň Açylyş Dabarasynyň Hormatly Myhmany Boldy

Kristina Şermetowa – Agyr Atletika Boýunça Dünýä Çempionatynda Kümüş Medalyň Eýesi