21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Mämmedowiç Garaýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akmyrat Babaniýazowiç Hoçžyýew Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 1377-nji karary, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 1487-nji karary, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýaşaýyş jaýlaryny hem-de içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda çykaran 1506-njy karary esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynda daşary ýurtlardan getirilmegi zerur bolan enjamlaryň we materiallaryň bahasyny tölemek üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» 1487-nji kararyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet serişdelerinden 1 465 747 129, 60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bitin ýüzden altmyş) amerikan dollaryny bölüp bermek bellenildi.

Degişli makalalar

Küşt mekdebi Londondaky olimpiadada uly üstünlik gazandy

syrach

Türkmenistanlylar Mekgä Haj Zyýaratyndan Dolanyp Geldiler

syrach

Ahalda Täze Çagalar Sagaldyş we Dynç Alyş Merkezi Guruldy

syrach