27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, mirasy öwrenişi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.

Resminama bilen Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Lebap welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Degişli makalalar

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Nobatdaky Duşuşyklar we Wideomaslahatlar Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentiniň Ýörite Wekilini Kabul Etdi

syrach

«Ýaşyl» Tehnologiýalar-Halk Hojalyk Toplumyny Ösdürmekde Ileri Tutulýan Ugur