19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine 2017-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde hem-de şu ýylyň hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny dermanlamakda, şeýle hem çekirtgä garşy ulanylýan himiki serişdeleri we pürküji enjamlary satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hususan-da, maýyplary we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine degişlilikde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin 1 sany 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasarynyň başlyklygynda Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Degişli makalalar

Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

turkmenhabargullugy

Türkmen Howa Ýollary Gatnawlaryň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Harby-deňiz güýçleriniň güni bellenilip geçildi

syrach