35.9 C
Aşkabat
20.07.2021
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet Ulgamyny we Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerini Kämilleşdirmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçüliklýin habar berş serişdeleiniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş seridelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Milli Liderimiiň belleýşi ýaly, halkymyzyň örän baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän ulyy orun degişlidir. Halkyň kalby bolan medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda örän uly güýje eýedir.

Ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjyv sözleri, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin mukamlary, suratkesleriň täsirli şekilleri hiç kimi biparh goýmaýar. Şoňa görä-de, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. .

Döwletimiz bu ulgamy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga köp möçberde maýa goýumlaryny goýýar. Yöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler hem az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde bu ulgamvň isiniň nähili edip talabalaýyk guramaly, asyrlarboýy sünnälenip, biziň günlerimize ýetirilen medeni mirasymvzy, aýdym-saz sungatymvzy, däp-dessurlarymyzy asvl nusgasynda geljek nesillerimize nädip ýetirmeli diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şu gün maslahatda şu we beýleku möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, medeniýet ministri A.Şamyradowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda medeniýeti we sungaty, döredijilik işgärleriniň çeperçilik işini ösdürmek üçin aňyrbaş şertleriň döredilendigini aýtdy.

Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanlylaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, baý many-mazmunly we ýokary çeperçilikli döwrebap eserleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, Medeniýet öýleriniň, taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Geçen ýylyň dowamynda onlaýn-tertibinde sungat ussatlarynyň, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri guraldy we döredijilik duşuşyklary, festiwallar, bäsleşikler hem-de maslahatlar geçirildi.

Hasabat döwründe umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizmäge hödürlemek boýunça degişli resminamalary we wideorolikleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirildi. Şonuň bilen birlikde bagşyçylyk sungatymyzy, dutar ýasamak senediniň aýratynlyklaryny açyp görkezýän resminamalar we wideorolikler taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawyna “Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini” girizmek üçin zerur maglumatlar toplanyldy. Häzir bu sanawa “Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini” girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda uly üstünlikleriň gazanylmagyna ruhlandyrýan milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändigini belläp, häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlaryň saýlap alan ugry boýunça iş bilen üpjün edilmegine Medeniýet ministrliginiň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz çagalar sungat mekdepleriniň hem-de çeperçilik mekdepleriniň işiniň talabalaýyk guralmaýandygyny, bu ugurda birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, munuň üçin olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet merkezlerinde we teatrlarynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri, bagtyýar durmuşy wasp edýän täze eserleriň döredilmeýändigini, gysga göwrümli sahna oýunlarynyň az goýulýandygyny belläp, teatrlaryň režissýura babatda derejesiniň pes bolmagynyň döredilýän eserleriň çeperçiligine ýaramaz täsir edýändigini belledi.

Dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döretdi. Emma halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny öwreip, ony wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek işleri talabalaýyk guralmaýar. diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda döredijilik we çeperçilik bäsleşiklerini geçirmek boýunça ýeterlik işler alnyp barylmaýar Mundan başga-da, ýerlerde kitaphanalaryň kitap gaznalarynyň bir bitewi sanly ulgama birikdirilendigine garamazdan, olaryň işinde bökdençliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ýagdaýlardan netije çykarmagy ministrden talap etdi.

Soňra Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrowa söz berildi.

Ol komitetiň düzümlerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we onuň geljekki meýilnamalary barada hasabat berdi. Döwrüň talabyna laýyklykda, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň dowam edýändigi nygtaldy.

Hasabat döwründe milli tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar öz wagtynda beýan edildi. Dürli konsertler, telefilmler, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetli gepleşikler, syýasy geňeşmeler we şekilli görnüşler ýaýlyma berildi. Şeýle hem onlaýn tertibinde halkara derejesinde gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, tele we radiogepleşikleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary däp-dessurlarymyzy, milli aýratynlyklarymyzy nazara almak arkaly taýýarlamak, halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça zerur işler amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Beýleki ýurtlaryň teleýaýlymlarynda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny beýan etmäge gönükdirilen işler özüniň oňyn netijesini berýär. Daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlary bilen baglaşylan ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri, milli žurnalistler üçin onlaýn-maslahatlary geçirilýär. Sanly ulgam babatda halkara tejribesini öwrenmek we çuňňur many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak meselelerine ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna taýýarlanan wideorolikler Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň internet torunda giň meşhurlyga eýe boldy.

Döwlet komitetiniň başlygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hem “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk işlerine başlanandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, teleradioýaýlymlar babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine möhüm üns berilmelidigini belledi.

Žurnalistler, medeniýet işgärleri we ideologiýa gullugynyň hünärmenleri jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin giň, köp taraply bilime eýe bolmalydyr, ähli ugurlar boýunça dünýäde bolup geçýän wakalary öwrenmelidir, täzeçil pikirlenip işlemelidir we döwrüň talabyny esasy ugur edinmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylmalydyr.

Häzirki döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sanly tehnologiýalaryň, elektron neşirleriň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi ähmiýetli habarlary dünýäniň maglumat giňişliginde gyssagly ýerleşdirmek üçin wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A.Hudaýberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dowamynda kitap önümleriniň 367 görnüşi çykaryldy. Şolaryň 156-sy okuw kitaplarydyr. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryna 31 görnüşli kitaplar paýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek, onuň mümkinçiliklerinden has giň peýdalanmak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat.gov.tm internet saýty ulanylmaga berildi. Onuň degişli bölümlerinde häzirki wagtda gazetleriň 25-siniň hem-de žurnallaryň 7-siniň elektron görnüşleri ýerleşdirilýär.

2020-nji ýylda “Türkmen metbugat” internet gazeti hem-de onuň mobil goşundysy döredildi. Onda ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň 19-synyň we žurnallaryň 7-siniň elektron görnüşleri ýerleşdirildi.

Metbugat öýüniň poligrafiýa önümçiliginde sanly tehnologiýalaryň esasynda çykarylýan önümleriniň ýokary hilli bolmagyny hem-de işleriň bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegini üpjün edýän häzirki zaman programmalary ornaşdyryldy.

Ulgam boýunça sanly resminama dolanyşygyna geçmek üçin önümçilik we döredijilik edaralarynyň arasynda içki tor ulgamy döredildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, internet serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, bu ulgamdaky iň öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek arkaly bu gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtap, bu şanly senäni hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki şanly wakalary giňden beýan etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet habarlar agentliginiň-TDH- başlygy B.Amansaryýewe söz berildi.

TDH-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşarky syýasatyny giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Her gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medni durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirip, syn hem-de seljerme makalalary taýýarlanypTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem-de elektron neşirlerini habarlar bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň “Türkmenistan: Şu gün” hem-de “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtlarynda halkara internet auditoriýasy üçin türkmen, iňlis we rus dillerinde habarlar, wideogörnüşleri hem-de fotoreportažlar ýerleşdirilýär.

Agentligiň şu ýyldaky esasy wezipeleriniň biri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly möhüm wakalary işjeň beýan etmekden ybaratdyr. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy ählumumy internet ulgamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda gazanan üstünlikleri, şonuň ýaly-da, iri senagat, ulag, durmuş we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky täzelikleri dessin, onlaýn görnüşinde ýaýratmaga mümkinçilik berýär.

Halkara we milli habarlar agentlikleri, iri neşirler, daşary ýurtlaryň döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen habarlary alyşmakdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işiniň wajyp bölegidir.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işini sanlylaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TDH-niň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmekdäki üstünlikleri, ulag , energetika we suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri, ýurdumyzyň bu ulgamlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýäniň maglumatlar giňişliginde giňden beýan edilmelidir.

Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ösüşindäki ýetilen belent sepgitler hakyndaky materiallary taýýarlamak, olary halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli ýaýratmak zerurdyr. Şonuň ýaly-da, içerki syýasy özgertmeleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler hakynda makalalar tapgyryny taýýarlamak we olary metbugatda yzygiderli çap etmek gerekdir.

Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň habarlar ulgamyndaky işjeň hyzmatdaşlygy iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, şonuň ýaly-da, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy we bilelikdäki habarlar taslamalaryny durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we 2020-2021-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Milli medeniýetimizi ösdürmegiň we ony dünýäde giňden wagyz etmegiň çäklerinde institutda ylmy-döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, institutyň sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli esasda kämilleşdirilýär.

Talyplar ugurdaş edaralarda önümçilik tejribelerini geçýärler. Uçurymlar tassyklanan meýilnamanyň esasynda degişli pudak edaralaryna işe ugradylýar. Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ägirr uly işler alnyp barylýar. Talyplar döredijilik bäsleşiklerine we ders olimpiadalara işjeň gatnaşýarlar.

Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk duşuşyklar, ussatlyk-sapaklary guraldy

Homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygyny belledi. Ýaşlaryň hünär taýdan ýokary derejeli taýýarlygy bu işleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Şunlukda, okatmagyň sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy usullar, şol sanda teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeni ojaklaryň mümkinçilikleri giňden peýdalanylmalydyr. Şeýlelikde. halkymyzyň ruhy gymmatlyklary we şahratly taryhy wagyz edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz instituty tamamlaýan ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn we jogapkärçiikli çemeleşmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, institutda häzirki döwrüň talaplaryna we özgerýän şertlere laýyk gelýän ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy, okuw meýilnamasyna we hünär ugurlaryna düýpli özgertmeleri girizmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, halkara döredijilik bäsleşiklerinde, onlaýn—gözden geçirişlerde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça işler dowam etdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda rektora birnäça tabşryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz talyp ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny açyp görkezýän ylmy işleri alyp bamaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary derejede geçirmäge institutynyň ýaşlarynyň mynasyp goşant goşmagy, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur işler ýerine ýetirilmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew geçen ýyl ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Bu ýokary okuw mekdebinde medeniýet ulgamynyň edaralary üçin şekillendiriş sungatynyň 16 hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Milli Liderimiziň öňe süren “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, akademiýada sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Onda ýokary okuw mekdebiniň muzeýi we kitaphanasy, okuw hem-de döredijilik işleri, jemgyýetçilik çäreleri we Ýaş alymlar merkezi barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.

Akademiýanyň talyplary 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup ulanylmaga berlen paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň daşky diwar bezeg işlerine, Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan bezeg taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşdylar.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda akademiýanyň iş meýilnamasynda talyplaryň şanly senelere bagyşlanan köpsanly bäsleşiklere, sergilere, ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmagy we beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň binagärlik çözgüdine, olaryň içki we daşky bezeg işlerine bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Soňky ýyllarda dizaýn sungatyna birnäçe häzirki zaman usullary girizildi, şu özgertmeleri nazara alyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň dizaýn sungaty boýunça ukyp-başarnygyny ösldürmek, olaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmekleri üçin zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelerden ugur alyp, döredijilik ýokary okuw mekdebinde has köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi dowam etdirmegiň, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we döredijilik işgärleriniň öz ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly halkara bäsleşiklerine, gözden geçirişlere gatnaşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi milli sungatymyzyň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Ýurdumyzda giňden tanalýan halypa heýkeltaraşlar, suratkeşler, zergärler we beýleki döredijilik işgärleri bilen talyp ýaşlaryň duşuşyklary yzygiderli guralmalydyr, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ýerirne ýetirilýän heýkeltaraşlyk işlerine we beýleki sungat eserleriniň döredilmegine, şol sanda bina edilýän desgalaryň içki we daşky bezeg işlerine gatnaşmaklarynda zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny belledi.

Soňra M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew ýokary okuw mekdebinde saz sungaty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we sungaty giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň zehininden kemal bolan aýdym-sazlar we ýokary çeperçilik edebi eserler mugallymlar hem-de talyplar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, konserwatoriýada sanly bilim portaly we web-saýt döredildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek ugrunda şanly baýramlaryň hormatyna halkara derejesinde onlaýn-konsertleri, ussatlyk sapaklary geçirildi. Konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary guralýan konsertlere we telegepleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Talyplar öwrenýän hünärleri boýunça saz bilim edaralarynda tejribe geçýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň döredilmegi geljekki sazandalary ýetişdirmekde örän ähmiýetli waka öwrüldi. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça täzeden diikeldilen opera çykyşlaryna mugallymlar bilen talyplaryň bilelikde gatnaşmagy halypa, şägirtlik ýolunyň döwrebap dowam edýändigini alamatlandyrýar.

Ýokary okuw mekdebinde halkymyzyň saz sungatyny öwrenmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserleri ýaşlar üçin bahasyz gollanma bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçiren iş maslahatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýokary okuw mekdebinde halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny işjeň öwrenip, ussat sazandalaryň döreden mukamlaryny, ajaýyp sazlaryny ösdürmek we häzirki zaman mukamlaryny döretmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. Milli konserwatoriýada ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde fortepiano saz gurallaryny sazlaýan, olaryň owaz çykaryşyny talabalaýyk derejä getirýän hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ýaş sazandalaryň, kompozitorlaryň onlaýn-tertibinde halkara bäsleşiklerine gatnaşmaklary, olaryň bu ugurda üstünlik gazanmaklary üçin maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmegiň çäklerinde, talyplaryň halypa sazandalar, kompozitorlar bilen duşuşyklaryny guramagyň, konserwatoriýanyň uçurymlarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşmagy ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konserwatoriýanyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen onlaýn duşuşyklaryny guramaga işjeň gatnaşmalydyklaryny belledi we bu babatda rektora birnäçe görkezmeleri berdi

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy hem-de edebiýatymyzy ösdürmek, maddy we ruhy medeni mirasymyzy geljek nesillere ýetirmek üçin aýawly saklamak, döredijilik adamlarynyň netijeli işi, sungatyň dürli görnüşlerine degişli ýokary çeperçilikli täze eserleri döretmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär.

Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär we milli baýramlar, şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler ýokary derejede geçirilýär.

Hasabat döwründe milli žurnalistikanyň işini kämilleşdirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaýlyma berilýän tele we radiogepleşikleriň, makalalaryň hilini gowulandyrmak, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalaryny düzümleýin döwrebaplaşdyrmak hem-de elektron görnüşe geçirmek boýunça zerur çäreler amala aşyryldy. Milli kino sungatynyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap kinolarynyň önümçiligini artdyrmak boýunça işler dowam edýär.

Şu günler medeniýet ulgamynyň işgärleri degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler bilen bilelikde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Şeýle hem iri dabaralary guramak boýunça dünýäniň oňyn tejribesi öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda iri dabaralary we köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, gadymy medeni däpler baýlaşdyrylýar we üsti täze mazmun bilen ýetirilýär.

Häzirki döwrüň ýagdaýy we tehniki ösüşiň gazananlary döwrebap çözgütleri tapyp, olary ýurdumyzyň ösüş maksatlaryna gönükdirilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyz aň-bilim işiniň, ýaşlaryň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmeginiň, milli mirasymyzyň öwrenilmeginiň we umuman, ruhy taýdan ösüşiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Diýarymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň hem-de halkara abraýyny artdyrmagyň wajyp ugurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýratyn ornuň degişlidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň maliýe-ykdysady ýagdaýy we bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek maksady bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň maliýe ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle-de bolsa, işleri kämilleşdirmek üçin köp içäreleriň geçirilmelidigini we önjeýli zähmet çekilmelidigini belledi.

Ulgamyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak zerurdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça görkezme berdi. Zähmeti guramagyň netijeli usullaryny seçip alyp, olar ulgamyň düzümlerinde we edaralarynda işjeň ulanylrnalydyr. Şunda döwlet Baştutanymyz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge üns berilmelidigini belläp, bu babatda maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny düýpli öwrenmek bilen, halkymyza täzeden ýetirmek üçin zerur işler geçirilmelidir. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler has-da netijeli ýola goýulmalydyr.

Medeniýet we sungat ulgamynyň edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilmelidir, bu düzümleriň işgärleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministre milli medeniýetimizi, baý mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, halk döredijiliginiň eserlerini we beýik şahsyýetlerimiziň nusgawy eserlerini dünýäde giňden wagyz etmäge üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Medeniýet ministrligine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde halk köpçüligi üçin gyzykly, özüne çekiji, milli äheňli, ýokary hilli döwrebap kinolary taýýarlamak we olary tomaşaçylar köpçüligine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Pudaklaýyn edaralaryň we düzümleriň işini guramak babatda olaryň çykdajylarynayň düzümini seljerip, artykmaç gykdajylary azaltmak we tölegli hyzmatlaryň gerimini giňeltmek zerurdyr.

Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejesinde giňden ýaýmak ugrundaky işleri dowam etmeli, diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ÝUNESKO ýaly abraýly guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ministre anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerinde örän köp kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, halkymyzyň gadymy mirasynyň, medeniýetiniň ýeterlik derejede öwrenilmeýändigini belledi. Öňler W.Masson we W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlar ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar.

Milli Liderimiz geçen ýyl Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenendigini, ýöne bu şanly sene mynasybetli hem netijeli medeni çäreler talabalaýyk guralmandygyny, ugurdaş edaralarynyň ýagdaýy, maddy-enjamlaýyn hünärli işgärler bilen üpjünçiligi hem örän ýaramaz derejede bolmagynda galýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin medeniýet ministri A.Şamyradowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Soňra milli Liderimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýokary hilli gepleşikleri yzygiderli ýaýlyma bermegi tabşyrdy. Guramaçylyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen, ussat alyp baryjylary bu işe çekmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini yzygiderli dowam etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny we durmuşa geçirilen özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we dokumental filmleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikeriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, hünärine ökde işgärleri taýýrlamak we olar üçin ýörite okuwlary guramak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tele we radioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine döwrebap çeper we dokumental filmleri köpräk çykarmak babatda görkeme berdi.

Milli Liderimiz Döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada aýdyp, onuň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň hiline we mazmunyna hemişe gözugçilik etmegi, onlaýn-abuna boýunça hyzmatlary giňelmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bellenilýän ýylda kitap önümleriniň neşir edilişi we ýaýradylyşy bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, orta we ýokary okuw mekdeplerini zerur kitaplar hem-de gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, şol sanda çagalar üçin çeper eserleriň çap edilişini artdyrmagyň, şeýle hem neşir önümleriniň hiline gözegçilik etmegiň zerurdygya ünsi çekli.

Milli Liderimiz neşirýat gullugynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, olaryň zerurlyklaryny we satyn alynýan kagyzlaryň, kartonlaryň we beýleki poligrafiýa serişdeleriniň hem-de gazet-žurnallary elektron görnüşde neşir etmegi nazara alyp, ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjamlaryň bahalaryny seljermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, neşirýat işi üçin zerur bolan harytlar satyn alnanda, Döwlet býujetiniň serişdelerini tygşytlamak we netijeli ulanmak maksady bilen, öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda agentlik tarapyndan alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, habarlary taýýarlamak, ýaýratmak we çap etmek boýunça hyzmatlary giňeltmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýokary derejeli hünärmenleri hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak agentligiň alyp barýan işiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazetleriň we žurnallaryň redaktorlaryna ýüzlenip, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler we şanly wakalar barada halkymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen amala aşyrylýan özgertmleriň many-mazmynyny açyp görkezýän dürli žanrlarda ýzylýan we çap edilýän eserleriň sanyny has-da köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okyjylaryň sanyny artdyrmak we gazet-žurnallaryň okyjylara öz wagtynda ýetirilmeginiň täznçil usullaryny gözlemek boýunça işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şol birwagtyň özünde döwürleýin neşirleriň döredijilik we tehniki işgärleriniň bilim we hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmagy talap etdi.

Medeniýet ulgamynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýörite ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanylan milli tejribä hem-de dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki ugurdaş edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli alyp barmagy, hususan-da, talyplary we mugallymlary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere hem-de sergilere işjeň gatnaşdyrmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärler girizilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzleniip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda bu ugurda häzirki zaman gazanylanlaryny peýdalanyp, medeniýet edaralary tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramagy tabşyrdy.

Döredijilik çäreleriniň hem-de sahna eserleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmak, milli däp-dessurlary, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny giňden beýan etmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, mekdepden daşary çeperçilik, sungat we sazçylyk ugurly tölegli okuwlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edara- kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, alyp barýan iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip durmagy, bu edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri yzygiderli taýýarlamagy talap etdi.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak döwlet çärelerine hem-de şu ýylyň 22-27-nji iýuly aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine häzirden göwnejaý taýýarlyk görmek zerurdyr.

Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda medeniýet ulgamy boýunça “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça ýerine ýetirilýän işler berk gözegçilikde saklanylmalydyr. .

Halkara medeni gatnaşyklary ösdürip, ýurtlaryň arasynda özara Medeniýet günlerini we berkarar döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasatyny amala aşyrmaga ýardam berýän beýleki çäreleri geçirmek däbini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimz belledi.

Şeýle hem wise-premýer G.Müşşikowa medeniýet ulgamynyň edara- kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça seljermeleri geçirmek, olaryň algy-bergilerini, çykdajylarynyň düzümini jikme-jik öwrenmek, bu edaralara Döwlet býujetinden berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we göz öňünde tutulan maksatlara görä ulanylyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Ynanç Haty Haýsy Möhlete Tassyklanyp Biliner?

turkmenhabargullugy

Hazarýaka Döwletleriniň Wekilleriniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy

Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazak Dilindäki Neşirleriniň Tanyşdyryş Dabarasy Boldy