26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisiýe Tanta we Aleksandriýa şäherleriniň Kopt ybadathanalarynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistan Fotosuratlary 3

turkmenhabargullugy