19.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-Ministrini Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.

Özbek hökümetiniň ýolbaşçysy kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyklar baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Abdulla Aripowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan nobatdaky gezek halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini görkezdi. Munuň şeýledigine GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Aşgabatda üstünlikli geçirilen duşuşygy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý mazmunly çykyşynda hyzmatdaşlygy GDA-nyň çäklerinde has giň we ykdysady çäklere çykarmak baradaky öňe süren başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimize sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin, Türkmenistanyň Baştutanynyň dünýäniň halklaryny jebisleşdirmek işine, şeýle hem oňa gatnaşýan ýurtlaryň köptaraply we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Milli Liderimiz ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny belledi. Bu gatnaşyklar köpasyrlyk dostlugyň binýadynda, taryhyň we medeniýetiň umumylygynda, ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýan özara ynamly hyzmatdaşlygyň esasynda guralýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklar ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Şunda halkara guramalaryň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde sebit we dünýä syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň täze çemeleşmelerini hem-de görnüşlerini gözläp tapmaga we amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Bu guramanyň çäklerindäki özara gatnaşyklar durnuklylygy saklamagyň, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmegiň täsirli guraly bolup çykyş edýär. Türkmenistan we Özbegistan gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürip, sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçmek bilen, uzakmöhletleýin türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleler boýunça pikir alşyp, uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň dürli derejelerde gazanylýan ylalaşyklary amala aşyrmakda bitirýän işlerine oňyn baha berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berýärler. Şol meseleleriň hatarynda Araly halas etmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem bar.

Söhbetdeşler bilelikdäki iri möçberli düzümleýin taslamalary we ilkinji nobatda, gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz menzillerine çykmaga mümkinçilik berip, söwda işlerini, üstaşyr geçirmegi hem-de maýa goýumlaryny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam etmek maksady bilen döredilýän täze ulag geçelgelerini amala aşyrmagyň wajypdygyny bellediler.

Şunda ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şonuň esasynda iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamynda birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan kemala gelen ýakynlygy durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilýän duşuşygyň Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm tapgyr bolup hyzmat etjekdigine hem-de sebitde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak işine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow gatnaşdy.

tdh.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan we Owganystan.

syrach

Daşary Ýurtly Diplomatlar Biziň Ýurdumyzyň Bitaraplyk Tejribesini Öwrenýärler

syrach

Işewürler Maslahatyň Netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Işjeňleşdirmäge Meýillidiklerini Tassyklady