26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.

***

“Diplomatik gulluk hakyndaky” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi.

***
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lýudmila Jahatowna Amanniýazowa pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güljemile Geldimyradowna Annanyýazowa Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gözegçilik edýän toplumynda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamämmedow Bäşimmyrat Atamyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrliginde işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Bazarow Batyr Aganazarowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän ministrliginde işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Türkmenistanyň maliýe ministri Muhammedow Muhammetguly Atamuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän gullugynda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Gündogdyýew Saparberdi Ataýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän guramasynda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Amanmedowa Annabibi Täçmämmedowna käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gözegçilik edýän toplumy boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bazarow Rejebe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrligi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri Sapardurdyýew Nursähede berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän komiteti boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy Annabaýew Mergen Amandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän Döwlet birleşigi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Kulyýew Kuly Atalyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Ahal welaýatynyň häkimi Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Balkan welaýatynyň häkimi Durdyýew Durda berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ataýew Derýa Döwletmyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadandygy üçin Balkan welaýatynyň prokurory Garamanow Ezizmuhammet Öwezowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi Gurbannazarow Orazmyrada berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadandygy üçin Daşoguz welaýatynyň prokurory Atageldiýew Meýlis Rejepdurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Lebap welaýatynyň häkimi Çarlyýew Çarygeldä berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Setdarow Durdykula berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadandygy üçin Lebap welaýatynyň prokurory Garaýew Şamyrat Çarymyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Mary welaýatynyň häkimi Annagurbanow Bäşim Durdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Annaýew Jumanazara berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadandygy üçin Mary welaýatynyň prokurory Gulyew Allanazar Annamuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gözegçilik edýän pudaklarynda önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Kakaýew Ýagşygeldi Elýasowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Begliýew Aşyrgula berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Begjanow Täçdurdy Halymowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän zawodlar toplumy boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Alymow Batyr Şyblangulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gözegçilik edýän pudaklarynda önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Satlykow Satlyk Baýjanowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrligi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Annameredow Baýram Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän Döwlet gullugy boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Gurdow Amanmyrat Tagandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gözegçilik edýän pudaklarynda önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ereşow Batyr Narkulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrligi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň senagat ministri Nursähedow Döwran Orazsähedowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrligi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Gurbanmämmedow Täçmämmet Saparmämmedowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Aýdogdyýew Muhammetmyrat Hojalyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän komiteti boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy Paşiýew Taňyrguly Gurbangulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän döwlet birleşigi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy Işangulyýewa Ogulhajat Amanmyradowna käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrligi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň energetika ministri Rejepow Döwranmämmet Pirmämmedowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän ministrligi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Ataýew Çary Durdygulyýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, şäherde işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmedik etraplarda alnyp barylýan işleri seljermek maksady bilen, 2016-njy ýylda ýurdymyzyň käbir etraplarynda pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmändiginiň sebäplerini, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmekde hem-de oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmakda alnyp barylýan işleri seljermek boýunça pudagara topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Pudagara topar geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada 2016-njy ýylyň 17-nji dekabrynda çenli Türkmenistanyň Prezidentine hasabat bermäge borçly edildi.

Degişli makalalar

Kaka etrabynyň Serdar Pagta Egirýän Fabriginiň Täze Bölümi Ýylda 1300 Tonna Towlanan Ýüplük Öndürer

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Fotosuratlary 46

Žiwopisçiler Suratlarynda Baýramçylyk Ruhuny Wasp Edýärler