24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

“Dagyň Depesine Çykmak” Taslamasyna Gatnaşyjylar “Gadymy Merw” Döwlet Taryhy-Medeni Goraghanasyna Baryp Gördüler

“Dagyň Depesine Çykmak” Taslamasyna Gatnaşyjylar “Gadymy Merw” Döwlet Taryhy-Medeni Goraghanasyna Baryp Gördüler

“Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde Aziada-2017-niň nyşany iň beýik dag depelerine hem-de Türkmenistanyň her welaýatyndaky ýurdumyz üçin iň ähmiýetli gözel ýerlerine çykarylýar. Bu watançylyk ruhuna beslenen çäre Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçjek, Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmaly giň göwrümli ýaryşlaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.

Taslama gatnaşyjylar eýýäm Lebap welaýatynda Türkmenistanyň iň beýik nokady deňiz derejesinden 3139 metr belentlikde bolan Köýtendagynyň Aýrybaba depesinde boldular. Eýýäm Ahal welaýatynda belentligi 2482 metre barabar bolan Duşakerekdag depesine çykyldy. Balkan welaýatynda bolsa çärä gatnaşyjylar günbatar Köpetdagyň ajaýyp künjegi bolan Hasardagyna çykdylar.

Mary welaýatynda taslamanyň amala aşyrylmaly ýeri saýlananda, bu ýerde belentligiň geografiýa nukdaýnazaryndan saýlanyp alynman, eýsem-de bolsa, taryhy nukdaýnazardan saýlanyp alynmalydygy barada biragyzdan netijä gelindi, çünki bu toprak tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan ajaýyp taryhy ýadygärlikleri we tapyndylary özünde saklaýar. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän umumyadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edilen Nusaý we Köneürgenç ýadygärlikleri ýaly, taryhy gymmatlyklary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasy hut şu ýerde ýerleşýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça uly dabara bilen belleniljek Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda şeýle çäräniň geçirilmegi uly mazmuna eýe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan türkmen halky bu endigi nesilden-nesle geçiripdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyngyçlary bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde bolsa bu ýörelge döwlet syýasatynyň ähmiýetli bölegine öwrüldi. Bu bolsa Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň halk baradaky aladalara ýugrulandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Mary welaýat häkimligi hem-de ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi çäräni guramaga ýardam etdiler. Gadymy Merw döwlet taryhy- medeni goraghananyň işgärleri hem bu çärä mynasyp goşantlaryny goşdular.

Toparyň agzalarynyň Mary welaýaty boýunça ugry welaýatyň merkezi bolan Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşen döwrebap şäher Marynyň giň köçelerinden başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän reformalaryň netijesinde şäher ýyl geldigiçe gözelleşýär, onuň ajaýyp ýerleriniň sanawy täze kaşaň binalar we ýadygärlik desgalary bilen doldurylýar.

Müňlerçe ýyllaryň dowamynda Murgap derýasy bu şäheri hem-de ekin meýdanlaryny öz suwuna ýakyp, bu ýerler üçin ýaşaýyş çeşmesine öwrülipdir. Onuň üstesine hem, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň öňdebaryjy alymlarynyň geçiren barlaglarynyň görkezmegine görä, bu derýanyň ähmiýeti adamzadyň ösüş taryhynda Nil, Ind ýa-da Ýewfrat ýaly derýalardan birjik-de pes bolmandyr.

Marydan 30 kilometr gündogarda häzirkizaman şäheri bolan Baýramaly ýerleşýär. Bu ýerde orta asyrlardaky we irki döwürlerdäki şäherler bilen deňeşdirilende ägirt uly, şol döwürlerde Aziýada iň iri şäherleriň biri bolan, Gündogaryň dürdänesi hasaplanýan şäheriň galyndylary bar. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň umumy meýdany bir ýarym müň gektardan gowrak meýdany tutýar.

Bir mahallar Murgap günbatar tarapa süýşüp, hanasyny üýtgetmänkä şu ýerlerden akypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň wajyp söwda çatrygynda ýerleşen, ýüzlerçe minaralary bolan kuwwatly gala diwarlaryna gurşalan Gadymy Merw özüniň köp mähelleli bazarlary hem-de kerwensaraýlary bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Hytaýdan, Hindistandan we Ýewropadan haryt getirýän täjirleriň köpsanly kerwenleriniň ümzügi şu şähere bolupdyr. Ýarag ussalarynyň hem-de zergärleriň ussahanalaryndan eşdilýän çekiç sesi, metallaryň jyňňyrdysy gije-gündiz ýatmandyr. Köpsanly kitaphanalar we medreseler öz döwrüniň hakyky bilim ojagyna öwrülipdir. Ol ýerde iň güýçli alymlar işläpdir.

Bu gün Soltangalanyň opurylan diwarlarynyň arasyndan orta asyrlardaky Merwiň şol döwürdäki ýadygärlikleri ör boýuna galýar. Soltan Sanjaryň aramgähi birmahallar ençeme beýik türkmen hökümdarlarynyň gurduran desgalary bolan şäheriň kaşaň binalary bilen bitewi sazlaşykda bolupdyr. Indi asyrlar geçenden soňra hem ol mundan 850 ýyl ozal gadymy binagärleriň döreden kämil nusgasy hem-de binagärlik mazmunynyň giň göwrümliligi bilen haýran galdyrýar. Dik depedäki ägirt uly, ýöne uly bolsa-da edil agramsyz ýaly ýeňil görünýän bişen kerpiçden örülen gümmeze garap, şol alysdaky ýyllarda binagärlik ylmynyň ýeten derejesine haýran galýarsyň. Bu ylym hem şol döwrüň ussatlaryna şunuň ýaly deňsiz-taýsyz nusgawy binagärlik eserini döretmäge mümkinçilik beripdir. Ýewropada şunuň ýaly binanyň ýokarysyny gümmez arkaly ýapmak usuly şondan üç ýüz ýyl geçenden soňra Florensiýada ilkinji gezek ulanylypdyr.

Bu desganyň gapdalynda orta asyrlardaky Uly Gyzgala köşgi hellewläp görünýär. Ol gala-köşk özüniň şekilleriniň gönüligini hem-de kaşaňlygyny biziň günlerimize çenli ýitirmändir. Ýogsam ol köşgi ussalar uzak möhlete çydamsyz bolan çig kerpiçden salypdyrlar. Häzir Gyzgalanyň daşyny gurluşyk üçin gurşaw sekileri gurşap alypdyr. Häzir bu orta asyr galasynyň öz syrlaryny häzirki nesillere açmagy hem-de ony geljekki nesiller üçin garap saklamak maksady bilen ylmy barlaglar alnyp barylýar hem-de abatlaýyş işleri geçirilýär.

Orta asyrda Merw diňe bir şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de bolsa merkezi Soltangalada ýerleşen, Şähriýar-ark şahanasy tarapyndan goralan, örän çylşyrymly suwaryş desgalary, sardoblary we gar ýygnaýjylary bolan, demirgazyk we günortada ilatly şäherçeleri özüne birikdirýän ägirt uly, bir bitewi ilatly künjek bolupdyr. Ýazuw çeşmeleri XII asyrda Merwde 20 köçeli 14 şäher böleginiň, 11 sany medeni desgalaryň, şäheriň eteklerinde bolsa 160 sany ilatly ýerleriň bolandygyndan habar berýär.

Soňra Merw täzeden gurlup, öňküsi ýaly sarpa eýe bolupdyr. Ashablaryň aramgähleri hem-de XV asyrda gurlan, jemgyýetçilik sowatgyçlary bolup hyzmat eden, gar saklanylýan buzhanalaryň ägirt uly gümmezleri, şeýle hem Hoja Ýusup-baba binagärlik toplumy we beýleki desgalar muňa güwä geçýär. Biziň eýýamymyzyň XV we XVIII asyrlarynda Soltangalanyň günorta-günbatar tarapynda gurlan Abdyllahan galasy we Baýramalyhan galasy soňraky döwürler hem-de giçki orta asyrlar barada gürrüň berýär. Ýöne şäher öňki derejesine ýetip bilmedi, çünki Murgap derýasynyň hanasy ugruny üýtgetdi hem-de bu gadymy derýanyň suwy başga tarapa akdy. Ol ýerde hem XIX asyryň başlarynda häzirki Mary şäheri emele geldi.

Belli hünärmenleriň gürrüňleri taryhy-medeni goraghananyň geçmişine has çuňňur nazar aýlamaga mümkinçilik berýär. Gündogar tarapda orta asyrlaryň Merw şäherine gadymy Merw—Erk-gala, Gäwürgala ýanaşýar. Bu ýerlerde biziň eýýamymyzdan ozal VI-V asyrlarda mesgen tutulypdyr. Ondan bäri bir ýarym müň ýyl geçenden soňra hem şol döwürden galan galyndylar akyly haýran edýär. Ýogsam ol binalaryň ählisi çig kerpiçden örülipdir. Şäheriň daşyny gurşap alýan diwaryň belentligi 30 metre barabar bolupdyr! Onuň galyňlygy 16 metre ýetipdir. Munuň özi şol döwürde iň kuwwatly gala desgalarynyň biri bolupdyr.

Gäwür-galanyň binalarynyň üstüni basýan medeni gatlagyň galyňlygy 12 metre barabardyr. Ýüzlerçe diňler arkaly goralan diwarlary ylmy taýdan barlamak, olarda müň ýyla golaý wagtyň dowamynda abatlamak işleriniň geçirilip, täzeden gurlandygyny görkezdi.

Aziadanyň-2017-niň nyşanyny alyp barýan toparyň ýoly giňişligiň we wagtyň içi bilen geçip, ýüzlerçe kilometr demirgazyk tarapa, häzir çöl zolagy bolan Murgap derýasynyň gadymy suwaýrydyna tarap dowam etdi. Asfalt ýoly bizi ekin meýdanlaryň we obalaryň arasyndan geçýän ýaplaryň boýy bilen ekerançylyk meýdanlaryndan alyp gidýär. Bu ýerlerde hem özünde taryhy maglumatlary saklaýan, gadymy ýadygärlikler bolan tümmek depeler görünýär.

Olaryň arasynda Göbeklidepe galasy hem bar. Onuň ýokarky bölegi golaýda geçirilen taryhy gazyp-agtaryş işleriniň netijesinde ylmy taýdan oňat barlanyldy. Bir metrden hem galyň bolan diwarlaryň arasyndaky darajyk geçelgelerden ýöräp barşyna toparyň agzalary gadymy küýze döwükleriniň dökülen kiçeňräk tagçaly otaglara seredip, şol döwürde adamlaryň nähili durmuşda ýaşandygyny göz ýetirmäge synanyşyk etdiler.

Soňra ýol bizi bir mahallar ýaşaýşyň joş uran ýeri bolan Garagumuň giňişligine getirýär. Çägesöw ýoluň ugrunda gandym hem-de gyzgan başyny egip otyr, sazak şahalary şemala endigan yraň atýar. Ýaz aýlary çöl tüýs görküne gelýär. Ol ter gök ota bürenýär, onuň üstünde bolsa mahal-mahal towşanjyklar towsaklap gizlenýärler.

Döwlet goraghanasynyň hünärmenleri gadymy şäheriň, Marguş ýurdunyň paýtagty bolan Goňuryň diwarlaryny görkezdiler. 30 ýyllap dowam eden gözlegleriň netijesinde bu ýeriniň çägeleri çekilip, adamlara öz goýnunda ýatan taryhy hazynalary açyp görkezdi. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gum basyp ýatan medeni desgalar, hökümdarlaryň şahanalary, ýönekeý ýaşaýjylaryň jaýlary, keramiki turbaly suw geçiriş desgalary seresaplyk bilen arassalandy.

Türkmen alymlarynyň ägirt uly işleri baradaky gürrüňler toparyň agzalarynda täsir galdyrdy. Adamzat jemgyýetiniň taryhy ösüşine ägirt uly goşant goşan meşhur alym Wiktor Sarianidi bilen egin-egine berip işlemek bagty meýesser edipdir.

Şeýlelitkde, Aziada-2017-niň nyşanlaryny alyp gelýän watansöýüjilik çäresine gatnaşyjylar taryhy gadymy Murgabyň kenarynda mundan 4 müň ýyla golaý ozalky wagtdan gözbaş alýan meşhur Marguş ýurdunyň merkezine geldi. Bürünç eýýamda bu patyşalyk gadymy gündogaryň esasy medeni ojaklary bolan Müsür, Hindistan, Hytaý, Mesopotamiýa bilen birhatarda dünýä ösüşiniň bäşinji merkezi bolupdyr.

Marguş ýurdunyň gülläp ösüşi biziň eýýamymyzdan öň XVI-XIII asyrlara degişlidir. Şonda onuň düzümine Murgabyň kenaryndaky ýüzlerçe obadyr şäherler giripdir. Binagärlik we küýzegärlik sungatlary, desgalaryň ägirt uly belentligi, altyndan edilen bezeg şaýlary ýadygärligiň ähmiýetiniň örän uludygyna güwä geçýär. Bu ýerden tapylan bürünç araba-kolesnisalar, itleriň we atlaryň jaýlanan jesetleri häzirki döwrüň itleriniň we bedew atlarynyň tohumlarynyň taryhy barada gürrüň berýär.

Taryhy tapyndylar çylşyrymly suratly hem-de belli köpsanly möhürler, medeni jisimler we häkimiýetiň nyşanlary Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň özbaşdak belgili ulgamy peýdalanandyklaryny tassyklaýar. Munuň özi bolsa ýazuwuň has irki ýüze çykmasy hökmünde mundan beýläk içgin öwrenilmäge mynasypdyr.

Taryhçylaryň yhlasy bilen göz öňümizde dikelen pagsa diwarlary elläp ýer ýüzünde siwilizasiýanyň, adamzadyň hünär ukybynyň, medeniýetiniň, sungatynyň, binagärlik ylmynyň, hukugynyň döredilen wagtyna galtaşýan ýaly täsin duýguny başdan geçirýärsiň.

Adamzat medeniýetiniň asyrlar aşyp gelen gymmatlyklarynyň arasynda biziň döwrümiziň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sportuň nyşanyna öwrülen dürli ýurtlaryň türgenleriniň we halklaryň ynsanyň ruhunyň belentliklerine bolan gyzyklanmalarynda baglanyşýan esaslary bar. Hut şonuň üçin hem halkymyzyň köp müňýyllyk beýik taryhynyň gadymy ýadygärlikleriniň ýanyna ýene-de sanlyja wagtdan paýtagtymyzda Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenlerini bir ýere jemlejek Aziada-2017-niň nyşanynyň bolmagynda çuňňur many bar.

Degişli makalalar

On Ikinji Tapgyryň Jemleýji Oýunlary Geçirildi

Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady

Tebigatyň Gözelligi

turkmenhabargullugy