21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, taryhy wakalara görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatyň ähli künjeklerinde öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Häkim döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatyň çägindäki Nowruz ýaýlasynyň gözel künjeginde gurulýan Türkmeniň ak öýi binasynyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu desganyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, ekiş möwsüminde oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Galla oragy möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, tehnikalary bu möhüm möwsüme häzirden göwnejaý taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksaty binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu binanyň bezeg işleri milli ýörelgelere we häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Binanyň gurluşygynda we toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hil derejesi bildirilýän talaplar esasynda bolmalydyr.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde welaýatyň ähli etraplarynda şanly seneleri mynasyp garşylamak, gök we bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim sebitiň çäklerinde, aýratyn-da, Hazaryň kenarynda gurulýan möhüm ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy, önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerlerde gök we bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri işjeň ulanmak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini belledi.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri taslamalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowy çagyrdy. Ol häzirki döwürde welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň barşynda ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk we baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk, senagat toplumlarynda we beýleki düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatyň ähli düzümlerinde, aýratyn-da, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň barşy barada hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegi we onuň depginleriniň artdyrylmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Şeýle hem häkim diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit ähmiýetli täze önümçilik toplumlarynyň işe girizilmegine görülýän taýýarlyk işleri, sebitiň senagat düzüminiň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň açylyş dabarasy mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama we baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, gowaça ekişi bilen bir hatarda, öňde boljak galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işlerini ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere we welaýatyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän önümçilik toplumlarynyň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler welaýatyň çäklerinde gowaça ekişiniň barşy we tehnikalary galla oragyna taýýarlamak hem-de Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly işleriň depginlerini ýokarlandyrmak barada tabşyryk berip, bu oba hojalyk çäresiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi üçin çäreleri görmegi talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm hasaplanylýan öňde boljak galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek işleriniň wajypdygyny aýratyn belledi. Munuň üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we galla kabul edýän bölümleriň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli düzümleriň birleşen tagallasynyň zerurdygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer obasenagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulgamyň senagat düzümini kämilleşdirmek we önüm öndürilişiniň, olary gaýtadan işleýän senagatyň işiniň depginlerini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeleýän obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda işiň täzeçil usullarynyň we öňdebaryjy tejribeleriniň yzygiderli özleşdirilmelidigini belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan Lebap welaýatynda gurlan we ulanmaga berilýän Garlyk kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Milli Liderimiz ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän kaliý dökünleriniň ähmiýetini, onuň aýratynlyklaryny işjeň öwrenmek maksady bilen, degişli okuw maslahatlaryny guramak barada görkezme berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk toplumyna degişli ýokary okuw mekdepleriniň, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň mugallymlarynyň we ylmy işgärleriniň, alymlaryň, oba hojalyk hünärmenleriniň bilelikde iş alyp barmaklary zerurdyr.

Oba hojalygynda kaliý dökünini peýdalanmagyň usuly hem-de ähmiýeti barada amaly maslahatlaryň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu ugurda degişli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Kaliý dökünleriniň ähmiýeti, onuň häsiýetli aýratynlyklary bilen baglanyşykly giň möçberli çäreleriň alnyp barylmagy bu toplumyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabadyň abadançylyk we arassaçylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durmuş düzümine degişli desgalaryň gurluşygyny işjeňleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri dabaralandyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan toplumlaýyn işler, köçeleriň, seýilgäh zolaklarynyň, medeni-durmuş maksatly dürli binalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu işleriň V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşynda has-da ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şäheriň ýollarynda sürüjiler we pyýada ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, Aziada-2017-ä taýýarlyk bilen baglanyşykly ähli bezeg işleriniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň örän möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz olaryň döwrebap ýagdaýynyň üpjün edilmeginiň döwrüň talabydygyny aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň bilim ministri P.Agamyradow çagyryldy. Ministr häzirki döwürde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, ýolkary okuw mekdeplerinde bilim berlişini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bu pudaga iň häzirki zaman tejribelerini, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmelidigine ünsi çekip, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýändigini, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilýändigini nazara alanyňda, degişli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde gaýybana bilim alyp gelýän hünärmenleri hasaba almak çärelerini işjeňleşdirmegi, aýratyn-da, tehniki ugurlar boýunça hünär berlişini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi we bu ugurda zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, welaýatlary we Aşgabat şäherini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň möhümdigini belledi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz meýilleşdirilen ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Salgyt Ulgamy Garaşsyz Durmuş-Ykdysady Ösüşiň Guraly

syrach

Parfiýa Döwrüniň Galalary

turkmenhabargullugy

Futzal Boýunça Bereket Etrabynyň Birinjiligi