18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisidany kabul etdi. Ol köp sanly myhmanlaryň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Myhman mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagt, rowaçlyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze ajaýyp üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlyk ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ýurdumyzda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýär.

Milli Liderimiz we myhman özara bähbitlere hem-de döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugry boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Jenap Fumio Kisida halkara syýasatyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini belläp, Ýaponiýada Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä we sebit derejesinde öňe sürýän, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny nygtady.

Ýaponiýa ýola goýlan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edýär.

Işjeň ösdürilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygy onuň mysaly bolup, Türkmenistan 2014-nji ýyldan başlap bu düzümde başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz we myhman taraplaryň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandyklaryny belläp, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyna ynam bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistana ykdysady ösüş babatda ýokary depginleri saklamaga hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurdumyzyň özüneçekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, köpýyllyk netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerine üns berildi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, soňky döwürde ýygjamlaşan özara saparlaryň, yzygiderli geçirilýän işewür we ynsanperwer häsiýetli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän hil taýdan ýokary derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda çärelere gatnaşan Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, şeýle hem türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ministr Özbegistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistana bolan ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze möhüm sahypany açandygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Özbegistanyň halkyny türkmen halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyp, häzirki wagtda iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin berk esas bolup durýar. Türkmenistany we Özbegistany sebitiň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi ýakynlaşdyrýar. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi hem-de durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, şeýle ýokary netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýän iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara ynanyşmak hem-de dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde gazanylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamy, energetika, syýahatçylyk, sport we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgamda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek söhbetdeşligiň möhüm meseleleriniň biri boldy. Doganlyk halklaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we taryhy umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, medeni alyşmalary hem-de ylmy-maglumat gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenilip, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlary yzygiderli geçirmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri iki goňşy ýurduň arasynda uzakmöhletleýin esasda guralýan we pugta dostluk hem-de doganlyk hyzmatdaşlygy bilen berkidilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Premýer-Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna bagt, abadançylyk we rowaçlyk ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Ýyldyrym Tugrul Türkeş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, paýtagtymyzda şöhratly ahalteke bedewleriniň hormatyna geçirilýän dabaralaryň giň gerimine ýokary baha berdi. Şu bahar günlerinde daşary ýurtly myhmanlaryň örän köp sanlysy bu dabaralaryň şaýatlary bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýede Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, açyklyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna we giň goldawyna mynasyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Türkiýe bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýändigini belledi. Soňky ýyllarda Türkiýe bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryň häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary ozal gazanylan we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady toplum, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şol ugurlarda bilelikde netijeli işlemegiň köpýyllyk tejribesi toplanyldy.

Myhman türk işewürleriniň geljegi uly hem-de dünýäniň ähli künjeklerinden maýadarlaryň we kompaniýalaryň ünsüni barha köp çekýän türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ynsanperwer ulgam türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň baý tejribesi toplanyldy we bilim, ylym, medeniýet we sungat, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeş netijeli döwletara gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň we doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Samboçylarynyň Dünýä Çempionatynda Gazanan Medallary

turkmenhabargullugy

Gutlag

turkmenhabargullugy

Eýranyň Birtaraplaýyn Beýannamalary Delilsiz we Esassyz

turkmenhabargullugy