20 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny Syýasylaşdyrman, Onuň Işine Täzeçe Çemeleşmeleri Işläp Taýýarlamaga Çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny Syýasylaşdyrman, Onuň Işine Täzeçe Çemeleşmeleri Işläp Taýýarlamaga Çagyrdy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri bu düzümiň çäklerinde mundan beýläk hem özara hereket etmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki ýagdaýlary, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitdäki ýagdaýlaryň aýratynlyklary YHG-nyň işine täzeçe çemeleşmeleri talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda YHG-nyň Sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Biz bu guramany syýasalaşdyrmaly däldiris. Umumy bähbitleriň artykmaç taraplaryny we üstünliklerini artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýan döwletlerimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy guraly hökmünde onuň ykdysady mazmunyndan gyşarmalara ýol bermeli däldiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýokary netijeli forumyň netijeleri boýunça metbugat konferensiýasy geçirildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy.

Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Biziň ýurdumyz iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň hataryna Gazagystan-Türkmenistan –Eýran, Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan transmilli demir ýollarynyň gurluşygyny, Özbegistan-Türkmenistan –Eýran-Oman, Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini degişli diýip aýtdy.

“Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça beýleki ulag taslamalary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň amala aşyrylmagynyň YHG agza ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.

2014-nji we 2015-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty barada Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminamalar 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulagmy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek üçin hukuk esasyny döretdi. Ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Aşgabatda bu Gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirilmegi teklip etdi.

YHG-nyň Sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etdi.

Yslamabatda geçýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň ýene-de bir iri başlangyçlarynyň biri ygtybarly energiýa üpjünçiligini halkara-hukuk binýadyny döretmek bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Aasambleýasynyň 2008-nji 19-njy dekabrynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlanygyjy netijesindir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy onuň energiýa hopsuzlygynyň halkara-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň energetika akymlarynyň köp görnüşli kadalaryna esaslanýandygyny, onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köpsanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý we Türkmenistan –Eýran ugurlary boýunça gaz geçirileri guruldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijirsiniň gurluşygyna girişildi. Bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG sebit boýunça netijeli gepleşikler üçin oňyn şert hökmünde garaýar.

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammiti geçýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Türkmen Lideri ýokary derejeli Sammitde çykyş edip, mundan 20 ýyldan gowrak ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi, onuň netijeleri boýunça Türkmenistana Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini belledi.

Ylamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji resminmalarynyň biri boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Birleşiginiň bu çözgüdi ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda Bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa öz gezeginde ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistan hut şu umumyadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerine netijeli gepleşikler üçin geljegi uly bolan we oňyn şert hökmünde garaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de munuň sebitde gatnaşyklary biziň döwletlerimiziň her biriniň uzakmöhletli bähbitlerine laýyklykda, ýola goýmaga ýardam berýändigini belledi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hyzmatdaşlygy giňeltmek aýratyn-da, sebit üçin örän möhüm ähmiýeti bolan howpsuzlyk ýaly meselede uly mümkinçiligi bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Onuň netijeli üpjün edilmegini Türkmenistan howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik kadalarynyň esasynda görýär. Biziň üçin bu ýagdaý syýasy, ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda üpjün edip bolmajakdygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de olar biri-biri bilen bagly bolup, geosyýasy we geoykdysady babatda ýeke-täk bitewüligi emele getirmelidir diýip belledi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hukuk Goraýjy Düzümleriň Öňünde Hünär Derejesini we Maddy-Enjamlaryň Binýady Ýokarlandyrmak Wezipesini Goýdy

Rostami Aşgabat Şäherini Taryplady

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

turkmenhabargullugy