16.04.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Sanly Bilim Ulgamyny Ösdürmegiň Konsepsiýasy Hakynda)

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Sanly Bilim Ulgamyny Ösdürmegiň Konsepsiýasy Hakynda)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklandy.

Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmeginiň, şol ýerde-de elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän merkezi serweriň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

turkmenhabargullugy

Aşgabat 2017 Boýunça Sanly Maglumatlar Wideo