24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Aarasyndaky Syýasy Geňeşmeler

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Aarasyndaky Syýasy Geňeşmeler

2017-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Rumyn tarapynyň wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylyk bilen aragatnaşyklar we global derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretary Danut Sebastýan Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda halkara gün tertibiniň, sebitleýin howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilşiniň gidişine garamak bilen, taraplar syýasy-diplomatik ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumyny ösdürmek boýunça pikirleri alyşdylar. Halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldanylmagy bilen kanagatlanma bildirip, taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gyzyklanmalar bildirildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde we iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça aýratyn gyzyklanmalar beýan edildi. Şeýle hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň melelerine üns berildi. Ekologiýanyň we daşky gurşawy goramagyň meselelerine garamagyň dowamynda Rumyniýanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde amala aşyrylan çäreler barada maglumat berildi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda geljekde ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan hem, taraplar medeni-ynsanperwer özaragatnaşyklarynyň bilim we beýleki ugurlarynda oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini ýaýbaňlandyrmagyň zerurlygy barada pikirlerini beýan etdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Ahal Welaýatynyň Baş Ykdysadyýet we Ösüş Müdirliginiň Başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Maksatnamasy

Türkmenistan Fotosuratlary 34

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

turkmenhabargullugy