29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary-Tailandda Jiu-Jiutsu Boýunça Iri Ýaryşlaryň Ikisiniň Netijeleri Boýunça Umumytoparlaýyn Ikinji Orunda

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary-Tailandda Jiu-Jiutsu Boýunça Iri Ýaryşlaryň Ikisiniň Netijeleri Boýunça Umumytoparlaýyn Ikinji Orunda

Şu gün Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy tamamlandy. Biziň watandaşlarymyzyň görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 44-si bilen ýetirilip, olaryň 11-si altyn, 18-si kümüş we 15-si bürünç medallardan ybarat boldy. Bu görkeziji umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ikinji orna çykardy.

Bangkok şäherine Malaýziýadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Iordaniýadan, Tunisden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň ýüzlerçesi geldiler. Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça tutluşyklar hem-de görkezme çykyşlarynyň “ne-waza” we “duo” diýen ugurlary boýunça geçirildi.

Türkmen toparynyň düzüminde Kemal Meredow, Myrat Gimmiýew, Döwran Myradow, Nasibjan Izbasarow, Maral Öwezgeldiýewa, Ýalkym Nuryýew, Kemal Meredow, Jelilmuhammet Hojamyradow, Gülbahar Madreýimowa, Angelina Filippowa, Sabina Agajanowa we Leýla Kuliýewa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.

Biziň türgenlerimizi bu ýaryşlara Söweş sungatlarynyň milli federasiýasynyň tälimçileri Döwletmyrat Kasymow we Omar Muhammetnazarow taýýarladylar. Şeýle hem Türkmenistandan Rustam Ymamkulyýewiň we Leýli Kulyýewanyň eminler hökmünde ýaryşlara hyzmat edendigini bellemek gerek.

Jiu-jitsu Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär, şonuň üçin Tailandda geçirilýän ýaryşlar ýurdumyzyň taryhyndaky iri sport wakasyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüldi.

***

Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýadaky ýaryşlary şowly başladylar

Şu gün bu ýerde gyşky oýunlar boýunça VIII Aziýa oýunlary badalga aldy, oňa ilkinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Biziň türgenlerimiz Malaýziýanyň toparyndan 9:2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy şowly başladylar.

Duşuşygyň ikinji minutynda türkmenistanlylaryň kapitany Ahmet Gurbanow Aleksandr Wahowskä hokkeý topuny geçirdi, ol bolsa ony bäsdeşleriň derwezesine dogry gönükdirmegi başardy. Şeýle hem Aleksandr 10 minutdan soň hasaby 2-ä ýetirdi, Işan Weleýewiň, Ýakup Berdiýewiň we Ezizmuhammet Akmuhammedowyň dürs urgulary duşuşygyň birinji döwründe hasabyň 5:0-a ýetirilmegini üpjün etdi.

Arakesmeden soň malaý hokkeýçileri goranmagy dowam edip, diňe kä wagt öz meýdançasyndan daşlaşýardylar. Netijede biziň türgenlerimiz Ýakup Berdiýew, Maksat Ataýew, Işan Weleýew we Döwlet Söýünow garşydaşlaryň derwezesine ýene 4 gezek dürs urgy geçirdiler.

Duşuşygyň üçünji 20 minutlyk böleginde Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri oýnuň depginini gowşadyp, esasan goranyşda oýnadylar. Netijede 9:2 hasabynda biziň türgenlerimiz ýeňiş gazanyp, öz toparynda öňdelige çykdylar, bu toparda Malaýziýadan başga-da Eýran Yslam Respublikasynyň, Indoneziýanyň we Hytaý Makaosynyň toparlary çykyş edýärler.

Gyşky Aziadanyň öňüsyrasynda türkmen hokkeýçileri Belarusuň paýtagty Minsk şäheriniň “Raubiçi” olimpiýa sport toplumynyň binýadynda okuw türgenleşigini geçdiler. Taýýarlygyň barşynda hüjüm etmek we goranmak usullary boýunça hereketlere aýratyn üns berildi. Türgenleşiklerde toplanylan başarnyklar Belarusuň toparlary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynda synalyp görüldi. Olar tamamlanandan soň Minskiniň hokkeý toparlarynyň tälimçileri türkmen hokkeýçileriniň toplan tejribesine haýran galyp, türkmenistanlylara Sapporoda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlarynda ynamly ýeňişleri gazanmagy arzuw etdiler.

Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Aziýa oýunlary ýaly wekilçilikli sport ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşmak bilen ikinji hataryň “B” toparynda çykyş etdiler. Toparda ilkinji orunlary eýelän türgenler finala gatnaşmaga hukuk gazanýarlar, ikinji orunlary eýelänler bolsa bürünç medallar ugrunda bäsleşerler. Ikinji hataryň ýeňijileri dokuzynjy gyşky Aziýa oýunlarynyň ýokary ligasyna girerler.

Biziň türgenlerimiz indiki duşuşygy 21-nji fewralda Makaonyň ýygyndy toparynyň hokkeýçileri bilen geçirerler.

Degişli makalalar

Alym: Barlaglar Uglewodorod Gorlaryna Baha Berilýän Möçberini Artdyrmaga Esas Döredýär

Naýbaşy Ligasynda Bäşinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

„Parahat-7“ Ýaşaýyş Jaý Toplumynda Iri Söwda Merkezi Açylar