24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Üns Beriň, Bäsleşik!

«Garaşsyzlyk joşguny» atly baýramçylyk feýerwerk saz eserini döretmek barada bäsleşik

Bäsleşigiň maksady 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegini, Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny joşgunly saz eserleri bilen şöhratlandyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň kompozitorlarynyň we saz ugrundan ýörite bilimi bolanlaryň, saz döredijiligi bilen meşgullanýan höwesjeň raýatlaryň arasyndan has zehinlileri ýüze çykarmak, saz döretmeklige bolan höwesi artdyrmak hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek bolup durýar.
Bäsleşige hödürlenilýän saz eseri dabaraly, baýramçylyk joşgunly, Türkmenistan döwletimiziň ýeten beýik ösüşlerini we üstünliklerini, ýokary derejelerini belentden wasp edýän äheňde, žanry boýunça dürli (simfoniki şekil, simfoniki uwertýura ýa-da döwrebap sazlar görnüşinde) bolup, dowamlylygy 15 minut, gurluşy babatda nusgawy sazyň görnüşine gabat gelmeli, öz içinde aýry-aýry çeper keşpleri jemlemeli, bir bitewi gurluşly feýerwerk sazy bolmaly.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz eseriniň notasyny (çykarylan görnüşde) we audio ýazgysyny (elektron görnüşde) Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredilen iş toparyna tabşyrmaly. Bäsleşige hödürlenýän saz eserleri 2021-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-11, 44-00-99

 

Degişli makalalar

Zenanlaryň Zynat-Bezegi Ýaglyk

Million agaç ekildi.

syrach

Mejlisiň Deputatlarynyň Möhletinden Öň Çykyp Giden, Şeýle Hem Halk Maslahatlarynyň we Geňeş Agzalarynyň Dalaşgärlerine Şahadatnamalar Gowşuryldy