04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabat 2017 Guşakly Göreşi Dünýä Meşhur Eder

Aşgabat 2017 Guşakly Göreşi Dünýä Meşhur Eder

Aziýanyň Guşakly göreş federasiýasynyň prezidenti bu sport görnüşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmeginiň wajypdygyny we oýunlarynyň guşakly göreş sport görnüşini dünýä meşhur etjekdigini belledi.

Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda Halil Ahmed Han sentýabrda geçiriljek oýunlarda guşakly göreşiň iň gowy türgenleriniň ýüzbe-ýüz duşuşmagy, şeýle hem, Türkmenistanyň bu sport görnüşiniň ösüşi üçin alyp barýan işleri barada buýsanç bilen gürrüň berdi.

Guşakly göreş ýaryşlary 20-24-nji sentýabr aralygynda 5 günüň dowamynda Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriler.

S. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň paytagty Aşgabatda sentýabr aýynda geçiriler. Aziýanyň Guşakly göreş federasiýasynyň prezidenti hökmünde siz bu dabara nähili garaşýarsyňyz?

J. Aziýanyň Guşakly göreş federasiýasynyň adyndan Türkmenistanyň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň saýasy astynda ägirt sport dabarasyny geçirýändigine men örän şat. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem oýunlara uly ähmiýet berýär. Oýunlar türkmen sportunyň öňe gidişligine uly mümkinçilikdir.

S. Bu uly möçberdäki sport dabarasy Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Ol guşakly göreşiň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden ýaýramagyna nähili kömek eder?

J. Guşakly göreş Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda dörän. Şonuň üçin guşakly göreş bu ýerde eýýäm iň belli sport görnüşleriniň biridir. Aşgabat 2017 bu ajaýyp sportuň ösmekligine ýardam eder.

S. Türkmenistan barada näme bilýärsiňiz we türkmen türgenleriniň guşakly göreşinde medal almagyň mümkinçiliklerini nähili kesgitleýärsiňiz?

J. Men Türkmenistanda alty gezek boldum we ýurtda geçýän oşüşleri begenç bilen gördüm. Häzirki wagtda Türkmenistan guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempiony, ýetip gelýän ýaryşlarda hem gurnaýjy-ýurt medal gazanar diýip umyt edýärin.

S. Aşgabat 2017-niň siziň sportuňyz üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi nazara alyp , guşakly göreşiň geljeginde onuň orny barada näme aýdyp bilersiňiz?

J. Guşakly göreş Oýunlaryň maksatnamasyna girizilmek bilen, eýýäm diňe bir Aziýada däl, eýsem bütin dünýäde belli boldy. Aşgabat 2017-den soň, guşakly göreşiň biziň bilen öňki ýylda birleşen türkmen göreşi bilen bilelikde başga köpugurly sport ýaryşlaryna goşuljakdygyna umyt edýärin. Sentýabr aýynda geçiriljek oýunlar bu sportuň başga ýurtlara ýaýramagyna kömek eder.

S. Aşgabat 2017 Okeaniýa türgenlerine Aziýa türgenleri bilen ýaryşmaga mümkinçilik berer. Siziň pikiriňizçe, ýaryşlar nähili geçer?

J. Oýunlar dünýäniň iki sebitinden gelen türgenlere baý tejribe gazanmaga örän oňat mümkinçilik bolar .
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan oýunlary Türkmenistanda geçirmek boýunça gelen netijesi ähli sport görnüşlerine bähbitli bolar diýip umyt edýäris.

S. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aziýanyň sportunda beýlekilere garanda, täze dabara. Ol dört ýyllyk Aziýa oýunlarynyň görnüşlerine girmeýän täze sport görnüşleriniň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Guşakly göreşiň adyny meşhur etmek üçin oýunlaryň nähili kömegi boldy diýip pikir edýärsiňiz?

J. Elbetde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigi sebäpli, guşakly göreş uly meşhurlyga tiz eýe boldy. Häzirki wagtda ol Koreýada geçirilýän Dünýä söweş sungaty boýunça birinjilige girýär. Geljekde-de guşakly göreş Aziýa oýunlaryna gatnaşar diýip, biz umyt edýäris.

S. Aşgabat 2017-ä gatnaşýan ussat türgenleriň sany barada avdyp bilersiňizmi ?

J. Dabaramyza dünýä derejesinde ýaryşýan türgenler gatnaşar. Mysal üçin, päkistanly Ahmed Butt (dünýä çempiony), türkmenistanly Nasiba Surkiýewa (Aziýanyň altyn medalynyň eýesi), hindistanly Rubi Malhotra (dünýäniň bürünç medalynyň eýesi), bangladeşli Nazir Hosain (dünýäniň bürünç medalynyň eýesi).

S. Türkmenistanyň ýokary derejede sport dabarasyny geçirmegi bilen, siziň pikiriňizçe, geljekde ol Aziýa çempionatlaryny geçirip bilermi?

J. Türkmenistanyň Olimpiýa şäherjigi dünýa derejesinde gurlup, ähli halkara ýaryşlary geçirmäge taýýardyr. Eger Aziýanyň Guşakly göreş federasiýasynyň Baş Assambleýasy rugsat berse, geljekde biz Türkmenistanda ýaryşlary geçirip bileris.

Degişli makalalar

Hereketli Oýunlary Hemra Edinýäris

turkmenhabargullugy

Türkmen Arheologlary Bedewiň Şekili Suratlandyrylan Tapyndylary Ýüze Çykardylar

Kapitanlar Çempion Bolmagy Arzuw Edýärler