26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Aşgabadyň topary kabaddi boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Geçen dynç günleri Aşgabatda ýetginjekleriň we ulularyň arasynda kabaddi boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikler boldy. Şu ýylyň jemleýji bäsleşigine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden toparlaryň 10-na golaýy baş baýrak ugrunda göreşdiler. Olaryň arasynda ähli derejeler boýunça ýeňşe mynasyp bolan paýtagtymyzyň türgenleri öz ussatlyklaryny görkezdiler. 

Öz ösüşinde müňýyllyk taryhy bolan kabaddi toraplaýyn oýny Aziýa yklymynda iň meşhur oýunlaryň biri bolup durýar. Onuň ähli toparlaýyn oýunlaryň maksatnamasyna goşulmagy bu oýnuň meşhurlygyndan habar berýär. Şeýle hem ol klassyky Olimpiadanyň özboluşly prototipi bolan tomusky Aziadanyň maksatnamasyna goşulýar. 

Gadymy döwürlerde emele gelen bu toparlaýyn oýnuň meşhurlygy diňe bir Aziýa ýurtlarynda däldir. 2007-nji we 2010-njy ýyllarda kabaddi boýunça geçirilen dünýä bäsleşiklerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan, esasan-da Awstraliýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan toparlar gatnaşdy. 

Birnäçe halklarda bar bolan sportuň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende kabaddi oýnuny türkmeniň “aýterek—günterek” atly milli oýnuna çalymdaşdygyny bellemeli. Olarda umumy kadalar bar. Hut şonuň üçinem kabaddi türkmen ýaşlarynyň arasynda dessine meşhurlyga eýe boldy. 



Bu oýnuň Türkmenistanda okgunly ösmegi we biziň türgenlerimiziň halkara bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazanmagy netijesinle kabaddi oýny bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary dünýäniň sport giňişliginde uly abraýa eýe boldy. 2014-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen ХVII Aziýa oýunlary mahalynda bolan Halkara kabaddi federasiýasynyň nobatdaky maslahatynda bu sport guramasynyň wise-prezidentligine Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow biragyzdan saýlanyldy. 

Kabaddi boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikleriň barşynda erkekleriň arasynda geçirilen ýaryş has-da gyzykly boldy. Onuň jmeleýji oýunlarynda paýtagtymyzyň iki topary duşuşdy. “Aşgabat-1” toparyndan Şöhrat Allaýewiň tälim berýän türgenleri öz bäsdeşleri bolan “Aşgabat-2” toparyndan 108:82 hasaby bilen üstün çykdylar. 

Bu toparyň ýeňiş gazanmagynda onuň kapitany Döwlet Bäşimowyň aýratyn tagallasyny bellemeli. Şeýlelikde, onuň Hindistanda her ýylda geçirilýän kabaddi boýunça ýokary liganyň ýaryşlaryna gatnaşmak üçin türkmenistanlylardan ilkinji bolup çakylygy alandyklary guwançly wakadyr. Mälim bolşy ýaly, biziň watandaşymyz Hindistanyň çempionatynyň jemleri boýunça bürünç medala mynasyp bolan Patna şäheriniň toparynda üstünlikli çykyş etdi. 

Birnäçe aýyň dowamynda D.Bäşimow dünýäniň güýçli kabaddiçileri bilen bilelikde türgenleşik geçdi. Bu bolsa oňa baý tejribe toplamaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda onuň hormatly birinji orny eýelemeginde toplan tejribesiniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemeli. 

Ýetginjekleriň arasynda guralan bäsleşikde Aşgabadyň we Mary welaýatynyň bäsdeşleri duşuşdylar. Oýun örän gyzykly geçdi. Onuň birinji bölüminde Nagmat Hojamämmedowyň tälim berýän Mary welaýatynyň topary arakesmä 25:24 hasap bilen ýeňişli çykdylar. Ýöne oýnuň ikinji bölüminde Ş.Allaýewiň tälim berýän türgenleri marylylardan 61:60 hasabynda üstün çykmagy başardylar. 

Uly ýaşlylaryň arasynda bürünç medala Daşogzuň topary mynasyp boldy. Şeýle hem Balkan welaýatynyň ýetginjekler topary bürünç medaly eýelediler. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyndan gelen ýetginjek tügenleriň kabaddi boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýandygyny we belli bir üstünlik gazanandygyny aýratyn bellemeli. 

Gyş günlerinde 2015-nji ýylyň fewral aýynda Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek halkara derejesindäki Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy bu oýun boýunça 1985-nji ýylda Dakkada geçirilen ýaryşa, zenanlar bolsa 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde geçirilen ýaryşa gatnaşandygyny ýatlalyň. Türkmenistanda bu toparlaýyn oýun diňe bir erkekleriň däl, eýsem zenanlaryň arasynda hem meşhurlyga eýe bolýandygyn aýtmaly. Hut şonuň üçinem öňde boljak Aziýa çempionatynda biziň ýurdumyzdan erkekler we zenanlar toparynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

Futbol boýunça türgenleşdirijiler üçin maslahat.

syrach

Ýurdumyzyň Awiamodelçileri Güýçlini Kesgitlediler

Aşgabatda Olimpiýa Ylgaw güni geçirildi

syrach