21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzyň Baş arçasy yşyklaryny ýakdy.

hemmeler üçin söýgüli we hatyralanýan şatlykly hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada oturdylan Baş arçasyndaky yşyklar şuwla saçdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň bu ajaýyp künjeginde, başy garly belent daglaryň eteginde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada türkmenistanlylaryň ähli nesilleri üçin ajaýyp dabarany alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylygynyň esasy dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Oňa meşhur estrada ýerine ýetirijileri, bagşylar, teatr we tans toparlary, ýaşajyk artistler, şeýle hem türkmen halk ertekiniň gahrymanlary gatnaşdyar. Aýazbabadyr Garpamyk bu ýerde guralan dabaralaryň baş gahrymanlary boldular.

* * *

Uludan kiçä ähli adamlaryň söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýyl mynasybetli şu ýylky guralýan dabarada türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary möhüm orny eýelediler. Esasan-da, meşhur Ýartygulaga dabaranyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygy merkezi baýramçylygyň geçýän ýerine getirmek tabşyryldy. Her bir işe örän yhlasly ýapyşýan Ýartygulajyk öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ýola düşdi.

Ýartygulak mähriban diýarymyzyň deňzinden, derýalaryndan aşyp, dag derelere, giň sähra aralaşyp, ýola rowan boldy. Ol gidip barşyna iň gyzykly ertekileriň gahrymany bolan Döwe gabat geldi we ondan Aýazbabadyr Garpamygyň bolýan ýerini sorady. Döw oňa şu ýol bilen gidibermelidigi, şonda hem paýhasly, hem jadygöý mama sataşjakdygyny, onuň bolsa dogry ýrol salgy berjekdigini aýtdy. Ýartygulak garry mamanyň salgysy esasynda Görogly bege sataşdy. Şu pursat hem Ýartygulak Görogludan onuň baş buýsanjy bolan gyratyny sorady we bedewiň Aýazbaba bilen Garpamygy uly iliň garaşýan ýeri bolan baýramçylyk geçýän künjegine dessine eltmek üçin gerekdigini düşündirdi.

Göroglynyň haýyşyny bitirendigine begenip barýan Ýartygulak ýolugra bagbanlara gabat geldi. Ol bagbanlardan arçalaryň iň gowusyny we beýgini baýramçylyk geçýän ýere eltmeklerini haýyş etdi-de, ýola rowan boluberdi. Şu ýerde bir zady bellemeli, ol hem Ýartygulak sataşan adamlarynyň hemmesini, Döwi baýramçylyk geçýän ýerine hormatly myhman hökmünde çagyrdy.

Şu pursatda Aýazbaba elindäki Jemşidiň jamyna seredip, bolup geçýän wakalara syn edip otyrdy. Ýartygulak bularyň ýanyna gelende, Aýazbaba garpamygy hem aldy-da, bedewe tirkelen araba atlandy. Olar niredesiň paýtagtymyzdaky Täze ýyl baýramçylygynyň esasy dabarasynyň geçýän ýeri diýdilerde ýola düşdüler.

Aýazbaba ýolugra bary-ýogy bir ýylyň içinde paýtagtymyzda şeýle uly özgertmeleriň bolup geçendigi, ak mermere beslenen Aşgabatda birnäçe döwrebap hem-de kaşaň binalaryň emele gelendigi barada gürrüň berdi. Aýazbaba we Garpamyk paýtagtymyzyň gözel künjeginde oturdylan arçalaryň yşyklaryny ýakdy. Şeýlelikde, bularyň geçen ýolunyň ugrundaky, hususan-da, “Ýyldyz” kaşaň myhmanhanasynyň, “Bagt köşgüniň” ýanynda gurnalan arçalar al-ýaşyl yşyklara bürenip, nurana şuglalaryny çarýana saçdy.

Baýramçylyk dabarasyna howlugyp barýan arabanyň ýoly paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen ilerligine tarap ugrukdy. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy bilen Aşgabadyň işewürçilik hem-de durmuş ulgamynyň merkezine öwrülýän künjegindäki belent başly arçalar yzly-yzyna yşyklaryny ýakyp, hoşniýetli arzuwlaryň wysal bolýan ýurdunda beýik baýramçylygyň şatlyk-şowhun bilen başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Aýazbaba bilen Garpamyk paýtagtymyzda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere we amal bolýan beýik ösüşlere guwanyp baryşlaryna Arçabil şaýoluna tarap öwrüldiler.

* * *

Beýikligi 34 metr bolan, özüniň ajaýyp bezeg serişdeleri, dürli yşyklary bilen öwüşgin atýan Täze ýyl arçasy buýsançly başyny belent tutup, alyslardan görünýär. Onuň çür başyndaky sekizburçly ýyldyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşany bolup görünýär. Bu ýerde hakyky ertekiler şäherçesi ýaýbaňlandyrylyp, onuň merkezinde ýanýan yşyklardan “2014” belgisi has-da aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň Baş arçasyna barýan ýoluň başlangyjynda dürli öwüşginli beýik başly girelge döredilip, ol Täze ýyl dabarasynyň dünýäsine çenli uzap gidýär. Belent arçanyň ýanynda hatara düzülen enaýy ak arçalar, dürli yşyklar bilen sazlaşygy emele getirýän suw çüwdürimleri, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň öwüşgin atýan şekilleri bir bitewi utgaşygy emele getirýär. Bu ýerde şatlyk-şowhuna beslenip gelýä Aýazbabadyr garpamygy we beýleki myhmanlary geljek ýylyň baş nyşany bolan ajaýyp ahalteke bedewleri garşylaýar. Belent owaza beslenen aýdym-sazly çykyşlar nurana baýramçylygyň dabarasyny has-da belende göterýär.

Bu günki dynç güni geçirilen dabaranyň şowhunyna şärik, baýramçylyk ertekileriniň gahrymanlary we olaryň gatnaşyjylaryny mübäreklemek üçin müňlerçe körpe aşgabatlylar paýtagtymyzyň myhmanlary, folklor we tans toparlary, baýramçylyk lybasyna giren sirk hem-de teatr artistleri ýygnandylar.

Ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ezber jigitleriň ugratmagynda Aýazbabanyň, Garpamygyň we olaryň dostlarynyň paýtuny Baş arçanyň ýanyna gelýär. Ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan jigitler öz ýoluny “çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezinden başlaýar we asylly däbe görä, döwlet gurjak teatryndan “Ertekiler dünýäsi” seýilgähine barýarlar. Baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylan meýdançalarda çykyş edýän körpeler öz söýgüli gahrymanyny aýdym-saz şatlykly pursatlar bilen garşylaýarlar.

Baýramçylyk dabarasyna barýan ýoluň tutuş dowamynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary guralan baýramçylyk çykyşlarynyň tomaşaçylary boldular.

Çagalara nurana we hoşniýetli arzuwlary aýdýan paýtun kerweni, paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýoluna düşdi. Ol ýolugruna özüniň owadanlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan “Ýyldyz” myhmanhana toplumyna, “Bagt köşgüne” degip geçdiler. Olaryň ýoly Arçabil şaýoly bilen dowam etdi. Şeýlelikde, paýtunyň hereketi “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde saklandy. Aýazbaba bilen Garpamygynyň geçen ýolunyň dowamynda olary çagalar döredijilik toparlary hem-de estrada aýdymçylary garşyladylar.

Baýramçylygyň guramaçylarynyň düzen maksatnamasyna laýyklykda, onuň ugry boýunça ähli ýerde baýramçylygyň öňüsyrasyndaky paýtagtymyzyň gözeli äşgär beýan edildi. Aşgabat şäheriniň ähli meýdançalarynda we köçelerinde oturdylan Täze ýyl arçalary paýtagtymyza özboluşly öwüşgin çaýdy.

Şeýlelukde, dabara gatnaşýan myhmanlar, şadyýan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylan körpeler kümüşsöw ötügiň içinden geçip, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýerleşen ýerine geldiler. Dürli bezeg serişdelerine beslenen ýaşyl arçanyň ýanynda paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdepleriniň, şeýle hem meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň we Aşgabadyň çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda ägirt uly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Çagalaryň gülküleri, oýun degişmeler, şatlykly tanslar we türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary, Ýartugalygyň, Akpamygyň, Japbaklaryň, Göroglynyň, Mämmetjanyň, Hudaýberdi gorkagyň, Böwenjigiň we beýleki gyhrymanlaryň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu çykyşlara diňe bir dabara gatnaşýan çagalar däl, eýsem, köp sanly uly adamlar, ajaýyp baýramçylyga gelen köp sanly myhmanlar hem goşuldylar.

Şu günki dabara gatnaşýan körpeleriň we Täze ýylyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan şowhuna gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Aýazbaba we Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň tutuş halkyny ýetip gelýän täze 2014-nji ýyl bilen gutladylar. Olar hemmelere bagt, berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw etdiler. Olar milli Liderimize çagalar hakda edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzda ösüp barýan ýaş nesillerinň sazlaşyk ösmegi ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bagtly ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli babatda ýokary görkezijiler eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, mekdebe çenli ýaşly edaralaryň, sport desgalaryň we stadionlaryň, medeni we dynç alyş mekrezleriniň birnäçesi guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Hazaryň kenarynda we Aşgabadyň etegindäki gözel künjek bolan Gökderede gurlup ulanmaga berlen köp sanly sagaldyş dynç alyş merkezleri ýurdumyzyň körpeleri üçin ajaýyp sowgatdyr. Özüniň binagärlik keşbi we enjamlaşdyrylyşy babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan “Älem” medeni dynç alyş merkezi çagalaryň we ulularyň iň bir gelim-gidimli we söýgüli künjegine öwrüldi.

Şu günki dabara gatnaşýan köp sanly körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň şugla saçmagy baýramçylyk dabaralarynyň iň bir şatlykly pursatyny emele getirdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýanandan soň, Türkmenistanyň ähli şäherlerindäki we obalaryndaky täze ýyl arçalary hem şuglasyny saçdy. Ýeri gelende aýtsak, şu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ýanynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onda belent owaza beslenen aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, şadyýan çagalaryň şowhunly tanslaryna giň orun berildi.

Ýurdymyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyl baýramçylygyny garşylamaga bagyşlanan we ýurdumyzyň belent üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlaryna utgaşyp gitdi.

Degişli makalalar

Lebap Welaýaty: Eksporta Ugradylýan Sement we Geljekki Jaý Toýlary

Prezidentimiz Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagyny Ösdürmegiň Barşy Bilen Tanyşdy

syrach

Türkmenistanly Talyplar Bilen Duşuşyk

turkmenhabargullugy