18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna sylag gowşuryldy.

Ak bugdaý etarabynyň Gämi obasynda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen at ugrunda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolan şu etraba mynasyp bolan sylagyny – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar, etrabyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen at ugrunda bäsleşigiň jemleri barada 2013-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşiniň netijeleriniň jemlenmegine bagyşlanan hökümetiň geçen hepdede bolan giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsleşigiň netijeleri bilen tanşyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny ýeňiji diýip yglan etmek we ony 1 million dollar baýrak bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Nusgalyk etrap diýen bäsleşigi geçirmek başlangyjynyň sebitleriň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyza degişlidigini bellemek gerek. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş meýilnamasynyň” we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň çäklerinde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Ak bugdaý etrabynda hem ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň köpsanlysy guruldy we gurulmagy dowam edýär, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Şu günki dabaraly çäräniň geçirilen ýeri bolan täze Medeniýet öýi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Onuň eýwanynda kitap sergisi ýaýbaňlandyrylyp, sergide döwlet Baştutanymyzyň işleri hem-de ýurdumyzyň medenietine we sungatyna bagyşlanan täze neşirler görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň eserleri oba adamlarynyň köpsanly zehinleri barada gürrüň berdi. Uly baýramçylyk ýagdaýy obanyň medeniýet ojagynyň töwereginde hem dowam etdi. Bu ýerde asylly däbe görä, ak öýler dikilip, baýramçylyk tagamlary taýýarlanyldy.

Bäsleşigi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, onuň ýeňijileriniň dürli ugurlar boýunça kesgitlenendigini bellemek gerek. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan welaýatlary ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, däne we pagta ýygnamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi ýaly görkezijileri, şeýle hem ilaty iş bilen üpjün etmek, ekologiýa howpsuzlygy, ilatyň medeni dynç alşy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekilmegi ýaly meseleleriň çözülmegini nazara aldy. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça işler hem göz öňünde tutuldy.

Sylaglamak dabarasynda çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny mynasyp bolan bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent at bilen gutlap, olaryň zähmet üstünlikleriniň eziz Watanymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny öz işleri bilen artdyrýan türkmen halky üçin mynasyp görelde boljakdygyny bellediler.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin ägirt uly hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, kuwwatynyň we şan-şöhratynyň artmagynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk çykyşynda milli tanslar ýerine ýetirildi, eziz Watanymyza, onuň zähmetsöýer we zehinli halkyna bagyşlanan aýdymdyr sazlar ýaňlandy.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Welosipedli Ýörişe we Sport Toplumynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Bildiriş