26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DURMUŞ

Watanymyzyň gaýduwsyz gahrymanlarynyň hormatyna.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde uly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şu köşkde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet teatrlarynda uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu çäreleri Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, jemgyýetçilik guramalary, Goranmak ministrligi, Medeniýet ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilelikde guradylar.

Beýik Ýeňiş güni, däp bolşy ýaly, ýurdumyzda iň nurana we şatlykly baýramlaryň biri hökmünde bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şol gün ähli halkymyz Watanymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryny, gazaply uruş ýyllarynda batyrgaýlyk bilen söweşenleri, şeýle hem tylda zähmet çekip, umumy ýeňşe uly goşant goşan adamlary sarpalaýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde – kärhanalarda, edaralarda, ministrliklerde we pudak edaralarynda, harby bölümlerde hem-de serhet galalarynda, okuw mekdeplerinde olaryň gaýduwsyzlygyna, gahrymançylygyna, edermenligine bagyşlanan dürli baýramçylyk çäreleri guralýar. Şol çäreleriň hatarynda sergiler, sahna oýunlary, konsertler, maslahatlar, dabaraly ýygnaklar, weteranlar, uruşda wepat bolanlaryň yzynda maşgalalary bilen duşuşyklar, şeýle hem beýleki medeni çäreler bar.

Türkmenistanda weteranlara aýratyn sarpa goýlup, olar döwlet tarapyndan alada bilen gurşalyp alnandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini has-da ýokarlandyryp, uruş weteranlary, uruşdan gaýdyp gelmedikleriň yzynda galan mähriban zenanlarymyz barada ýakyndan alada edýär.

“Eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap,wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasy, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesi hemişe belent tutular. Olaryň edermenligi, manyly durmuş ýoly ynsanperwerligiň, mähriban halkymyza hyzmat etmegiň, mukaddes Watany goramagyň belent nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz merdana uruş we zähmet weteranlarymyz barada yzygiderli alada edýäris. Biz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitiren uruş we zähmet weteranlarymyzyň sarpasyny hemişe belent tutarys!” diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda bolan mejlisinde aýtdy.

“Mekan” köşgünde guralan dabara ruhubelentlik we mähirlilik ýagdaýynda geçdi. Bu ýerde Beýik Ýeňiş gününi golaýlaşdyran merdana gahrymanlarymyzyň sarpasy belentden tutuldy. Uruş we zähmet gahrymanlarynyň edermenligine sarpa goýmak we olary tüýs ýürekden gutlamak üçin bu ýere ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet işgärleri, köpsanly aşgabatlylar ýygnandylar.

Bu ýerde hormatly weteranlaryň – özleriniň gaýduwsyzlygy bilen Ýeňiş gazananlaryň, şeýle hem tylda janaýaman zähmet çekenleriň adyna çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Çykyş edenler Beýik Ýeňiş gününden bäri 69 ýylyň geçendigini, ýöne biziň gaýduwsyz gahrymanlarymyzyň atlarynyň, olaryň edermenliginiň, şeýle hem tylda gaýduwsyz zähmet çeken zenanlaryň, çagalaryň we ýaşulularyň edermenliginiň minnetdar nesilleriň hakydasynda hemişe ýaşajakdygyny nygtadylar.

Öz nobatynda, uruş weteranlary urşa gatnaşyjylar hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary barada yzygiderli alada edýändigi, parahatçylyk döredijilik babatda asylly işleri hem-de mähriban topragymyzda amala aşyrýan giň möçberli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hormatly myhmanlar gazaply uruş ýyllary, mähriban topragymyza bolan çäksiz söýginiň olara ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge hem-de adamzadyň taryhynda iň gandöküşikli uruşda ýeňiş gazanmaga ýardam edendigi barada gürrüň berdiler. Türkmen weteranlarynyň häzirki günlerde hem ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemäge uly goşant goşýandyklary bellenildi.

Baýramçylyk ýagdaýynda, dabaraly sazyň owazy astynda dabaranyň gahrymanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Soňra bu mähirli duşuşyk uly konsert bilen dowam etdi. Bu konserti weteranlar üçin paýtagtymyzyň iň gowy döredijilik toparlary hem-de meşhur estrada aýdymçylary taýýarladylar. Watanymyzyň şöhratly gahrymanlaryna bagyşlanyp, Garaşsyz Diýarymyzy we onuň edermen halkyny wasp edýän watançylyk aýdymlary ýaňlandy.

Beýik Ýeňiş gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň raýatlary, aýratyn hem ýaş nesiller üçin terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Häzirki wagtda ýaşlar üçin ýokary ahlaklylyk, watançylyk we ynsanperwerlik göreldesi wajypdyr.

Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň başyny başlan “Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly watançylygyň, zähmetsöýerligiň we mertligiň belent nusgasydyr” atly maslahat şanly waka öwrüldi. Bu maslahat Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň – gahryman ynsanyň, özüniň tutanýerli zähmeti hem-de durmuşy bilen ildeşlerimiziň çäksiz hormatyna mynasyp bolan esgeriň we mugallymyň adyny göterýän bu orta mekdep usulyýet merkezine hem-de möhüm jemgyýetçilik-watançylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. 5-nji maýda bu ýerde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýolunyň kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti” atly bilim işgärleriniň okuw-usuly maslahaty geçirildi. Şeýle mowzuklaýyn baýramçylyk duşuşygy şu günlerde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň Medeniýet köşgünde hem geçiriler.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygynyň hormatyna ähli ýerlerde uruş weteranlary hem-de uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary bilen dabaraly duşuşyklar geçirilýär. Şol duşuşyklar ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda, ýokary, orta we ýörite okuw mekdeplerinde, medeniýet merkezlerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda we beýleki ýerlerde guralýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar, şygryýet agşamlary, sergiler, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler geçirilýär. Olarda uruş hem-de zähmet weteranlaryna gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Ýurdumyzyň türgenleri hem özleriniň köp öwüşginli çykyşlaryny ýeňiş baýramyna bagyşlaýarlar. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň sport merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, milli oýunlar we Türkmenistanyň çempionatlary geçirilýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda weteranlar bilen duşuşyklar, meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri, şygryýet agşamlary paýtagtymyzdaky “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde, “Toý mekanynda” we beýleki ýerlerde hem guralýar.

Däp bolşy ýaly, 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli gahrymanlaryny ýatlap, “Baky ot” ýadygärligine gül goýmak dabarasy bolar.

Şol gün paýtagtymyzdaky “Toý mekanynda” uly baýramçylyk konserti bolar. Bu dabarany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi guraýarlar. Konserte iň gowy estrada aýdymçylary, tans toparlary we beýleki döredijilik toparlary gatnaşar.

Beýik Ýeňşiň hormatyna baýramçylyk çäreleri 9-njy maýda paýtagtymyzyň “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýramçylyk meýdançalarynda geçiriler. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guraljak, belli aýdymçylaryň we sazandalaryň, zehinli estrada ýerine ýetirijileriň, bagşylaryň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri ähli ýerde geçiriler. Olara dabaranyň baş gahrymanlary– uruş we tylyň weteranlary, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlary we myhmanlary, talyp ýaşlar, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri gatnaşar.

Beýik Ýeňiş gününiň hormatyna guralýan dabaralarda millionlarça adamyň ömür tanapyny üzen, maşgalalary atalaryndan, ogullaryndan, doganlaryndan mahrum eden nägehan urşuň pidasy bolanlar hem ýatlanylýar. Şoňa görä-de, Beýik Ýeňiş güni gözýaşly baýramçylykdyr, ýöne şatlyk-şagalaňa, bize parahat we arassa asmany, çagalaryň gülküsini, bagtyýar durmuşda ýaşamak, döretmek bagtyny peşgeş beren gahrymanlara çuňňur minnetdarlyga beslenen baýramdyr.

Biziň ata-babalarymyz gazaply uruş ýyllarynda ähli kynçylyklara döz gelip hem-de şirin janlaryny gurban edip, bize indi hiç mahal urşuň turmazlygy üçin parahatçylygy goramak baradaky mukaddes wesýeti miras galdyrdylar. Şoňa görä-de, dabaraly çärelere uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna, özüniň tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran adamlaryň ählisine uly sarpa goýulýar. Beýik Ýeňiş güni biziň her birimiz üçin iň nurana hem-de şatlykly baýramçylyklaryň biri bolmagynda galýar. 

Degişli makalalar

Zenanlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Milli Bäsleşigi Yglan Edildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmen Gawuny.

syrach